Zenanlaryň mümkinçilikleri giňeldilýär


Zenanlaryň mümkinçilikleri giňeldilýär



Adamyň durmuşda ilkinji duýýan zady enäniň yssy mähri. Ene mähri siňip ulalyp, kemala gelen adam, ýaşynyň näçeligine garamazdan, nirede bolsa-da şol mähribanlygy küýseýär. Näzik gursakdaky mähir barada oýlananyňda, şol mähriň tükeniksiz güýjüniň näme-de jemlenýändigine düşünmek isleýärsiň. Öz perzentlerine, daş-töweregine mähir paýlaýan enä bu ylahydan berlen iň uly serpaý bolmaly. Çünki enäniň ýyly mähri tükeniksizlige eýe. Ol mährine çoýan adamynyň kalbyny hem mähribanlyk duýgusyna gurşaýar. Has anygy mähribanlyk mähribanlygy döredýär. Diýmek, ene mähriniň tükeniksiz güýji hem hut şunda jemlenýän bolmaly. Bu mähir duýgusynyň döretmek ukybyny aýan edýär. Şol duýgy arkaly ynsan kalby, kalplar arkaly bolsa bütin barlyk ýylaýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndaky «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene — döwletlilik» bölümlerinde enäniň maşgala ojagyndaky orny, onuň hiç wagt egsilmeýän mähir-söýgüsi inçe pikir-garaýyşlarynyň üsti bile giňişleýin açylyp görkezilýär.
Hawa, çaga wagtymyzda-da uly adam bolanymyzda hem enemiz biziň daýanç sütünimiz. Olar perzendiniň ykbalyny nurlandyrjak ýagşy öwüt-ündewleri kalbyna püre-pürlän ynsanlar. Enäniň öwüt-ündewleri jigerbendiniň ýoluna nur saçýar. Adam durmuşda haýsydyr bir kynçylyk bile ýüzbe-ýüz bolan halatynda, hökman mähriban Käbesiniň huzuryna baryp, ondan maslahat soraýar. Şonda ene perzendini ünsli diňläp, berjek maslahatyny ýedi ölçäp, bir kesýär. Olar öz durmuş tejribesine daýanyp, kynçylygy ynam bile ýeňip geçmelidigini mylaýym düşündirer welin, ömrüňe ýörelge bolar. Enäniň öwüt-ündewleri perzendiniň göwnüçökgün pikirlerden saplanyp, täze ruhubelent pikirlere berilmegine ýardam edýär. Ruhubelent pikirler durmuşa, ýaşaýşa söýgini berkidýär. Ýagşy öwüt-ündewleri arkaly perzendini durmuşyň ak ýoluna atarýan enelere baky tagzym. Ene perzendiniň ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin bütin ömrüni bagyşlaýan mähriban. Ene aýratynlygyny ýüze çykarýan şu häsiýet hem ony beýgeldýär, mertebe eýesi edýär. Göräýmäge, şol bir akym bilen dowam edýän ýaşaýyş ýeňil ýaly. Ýöne durmuşda ýaşaýşy dogry guramak iň kyn işleriň biri. Ol akyl-paýhasyňa, ukyp-başarnygyňa köp babatda bagly bolup durýar. Şonda durmuşdaky öz mynasyp ornumyzy tapmakda ene-atalar bize ýakyn ýardamçydyr. Olar bilen ýygy-ýygydan pikir alyşmak, maslahatlaşmak perzent üçin hemişe durmuş mekdebi, ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Ene-ata bile ýürekdeş gatnaşyk saklamak, perzende bagtyýarlyk eçilýär. Olaryň durmuş babatdaky pikirleri has-da gymmatlydyr. Peýdaly maslahat bermäge olara geçen durmuş ýollary mümkinçilik berýär. Ömür ýoluny külterlemegiň her bir güni durmuş tejribäňi kämilleşdirýär. Şol durmuş tejribesi bolsa ene-atalarda jemlenýär. Olaryň öwüt-ündewleri, ýagşy göreldesi dogry ýoldur.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda enelere, zenanlara uly sarpa goýulýar. Häzirki wagtda gender deňligi syýasaty hem ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda gender deňligini gazanmak meselesine uly üns berilmegi, zenanlar üçin deň hukuklary hem-de mümkinçilikleri üpjün etmek bütin dünýäde bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet syýasatynda-da esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, gender deňligini üpjün etmek boýunça ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri seljermek, sebitiň gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. Ol zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, olaryň başlangyçlaryny goldamak maksadyna eýerýän resmi däl birleşmedir. 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde bu dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynda alnyp barylýan giň göwrümli işleriň netijeleri, zenanlar üçin has amatly durmuş şertlerini döretmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiklerini görkezdi. Hut şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy bilen bilelikde bu ýurtlaryň zenanlarynyň dialogyny geçirmek başlangyjyny hem öňe sürdi. Foruma gatnaşyjy döwletler bu başlangyjy biragyzdan goldadylar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletlerinde zenanlaryň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň amala aşyrylmagynda tejribeler toplanyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň plenar mejlisinde, pikir alyşmalar guralyp, ähli ugurlarda gender deňliginiň üpjün edilişi, zenanlara durmuş goldawy babatdaky çykyşlar diňlenildi. Munuň özi Merkezi Aziýada we Russiýada zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, dürli ulgamlarda alnyp barylýan işlerde zenanlaryň başlangyçlaryny goldamak babatda wezipeleri kesgitlemäge oňyn täsirini ýetirer. Bu iri halkara forumynyň zenanlara giň mümkinçilikleri döretmekde, oňyn netijesini berjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.
Mähriban zenanlarymyzy, enelerimizi mertebeläp, halkymyzy bagtyýar döwürde ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, mertebesiniň belent, il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli tutumly işlerinde hemişe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Ogulgurban GAŞLAKOWA