«EKSPO — 2020»: dostluk, hyzmatdaşlyk, rowaçlyk
Häzirki zaman dünýäsinde döwletler özara medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ykdysady we söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hem ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Bazar gatnaşyklarynyň şertleri we talaplary, sanly ykdysadyýetiň durmuşyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmegi talap edýär. Munda halkara sergiler, önümçiligiň dürli ugurlaryna bagyşlanan ýarmarkalar, iri gözden geçiriliş çäreleri ygtybarly wezipäni ýerine ýetirýärler. Her bäş ýyldan geçirilýän «EKSPO» Bütindünýä sergisi hem şolaryň biridir. Türkmenistan
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde hem öz mynasyp ornuny eýeledi. Turuwbaşdan bir hakykata ünsi çekmeli: bu bütindünýä sergisi dünýä ýüzüne türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, medeniýetini, baý ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ýardam etdi. Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin milli Liderimiziň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde saparda bolmagy, türkmen pawilýony bilen daşary ýurtlularyň tanyşmagy bu taryhy wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasynda serginiň baş direktoryna we ýurdumyzyň sergisine gelen myhmanlara ýurdumyzda arassa ýüpekden dürli matalaryň, ketenileriň we halylaryň dokalýandygy barada gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýüpekçiligiň taryhynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini aýdyp, ýüpekçiligiň milli usullarynyň häzirki döwürde täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy netijesinde kämilleşdirilýändigini belledi. Türkmenistanyň milli gününiň baýramçylygynyň çäklerinde ýurdumyzyň modaçylary tarapyndan döredilen täze egin-eşikleriň toplumlary, zenanlaryň milli köýnekleri, donlar, Gündogara mahsus owadan halatlar görkezildi. şol egin-eşikler gadymy özboluşly haly gölleri we nagyşlar bilen bezelip, inçeligi hem reňklere baýlygy bilen tapawutlanýar.
Myhmanlar zenanlaryň ussatlyk bilen tikilen owadan egin-eşiklerine guwanýandygyny beýan edip, türkmen milli lybaslary we el keşdeleri bilen gyzyklandylar.
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy gatnaşýar. Serginiň çäklerinde oňa gatnaşyjy döwletler ylym, tehnika, binagärlik ýaly dürli ugurlarda gazananlaryny görkezýärler. Sergi «Mümkinçilik», «Ykjamlyk» we «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylan 3 sany uly bölümlere bölündi. Türkmenistanyň pawilýony serginiň «Ykjamlyk» bölüminde ýerleşýär. Pawilýonyň diwarlarynyň türkmen halysynyň keşbinde bolmagynyň, girelgesinde ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň ýerleşdirilmeginiň çuňňur manysy bar. Biziň halkymyz «asmandan inen ykbal» hasaplaýan behişdi bedewlerini, kalbynyň aýnasy hasaplaýan älemgoşar öwüşginli halylaryny taryhyň ähli döwürlerinde hem iň gymmatly baýlygy hasaplap gelipdir. Bu gün halkymyzyň şol gymmatlyklary Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen dünýä ýüzünde barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Bütindünýä sergisinde hem şol gymmatlyklarymyzyň aýratyn orun almagy olaryň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Türkmençilikde bedew at iň wepadar syrdaş, ynamdar dost, ösüşleriň nyşany hasaplanýar. Göýä Türkmenistanyň pawilýonynyň öňündäki atlar hem dünýäniň ähli halklaryny dostluga, bedew batly ösüşlere çagyrýan ýaly duýulýar. Pawilýonyň diwarlarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ulanylypdyr. Onuň beýik diwaryndaky uly LED ekranyň ýüzünde «Türkmenistana hoş geldiňiz!» hem-de «EKSPO — 2020» diýen sözler ýazylypdyr. Türkmenistanyň pawilýonynyň ýerleşýän bölüminiň esasy aýratynlygy milli bezegiň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagydyr.
Alty aýlap dowam etjek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine 25 milliondan gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar. Olaryň 70 göterimi dünýäniň beýleki sebitleriniň wekilleridir. Bu bolsa «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň ykdysady, söwda we beýleki ugurlarda gazanan üstünlikleriniň Ýer ýüzüne ýaýylmagyna öz täsirini ýetirer.
«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, oba-senagat toplumynyň edaralarynda we kompaniýalarynda, telekeçilik ulgamynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda gazanylan üstünlikler giňişleýin görkezilýär.
Mahlasy, Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu gün dünýä ýüzünde uly at-abraýa mynasyp bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Türkmenistanyň «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy halkara gatnaşyklary ulgamyndaky abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Şeýle ösüş-özgerişleriň, abraýly menzilleriň ählisi bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty durmuşa geçirýän dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň ady bilen baglanyşyklydyr.
Batyr Kuliýew