Ýylyň şygary —täze üstünlikleriň badalgasy


Ýylyň şygary —täze üstünlikleriň badalgasy



Ýurdumyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Gadam basylan Täze, 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Bu ýylyň şygarynda çuň many bar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalara, taryhy ösüşlere we belent sepgitlere beslenjekdigine ynanýarys hem-de muňa juda begenýäris. Ýagşy arzuwlar bilen garşylanan Täze ýylymyzda — 2021-nji ýylda bagtyýar halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçer.
Garaşsyzlyk ýurdumyzyň naýbaşy baýramydyr, halkymyzyň beýik bagtydyr. Ata Watanymyzyň, halkymyzyň bu günki ýeten belent derejesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň eçilen miwesidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz düýpli özgerdi we ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Eziz Diýarymyzyň taryh üçin juda gysga wagtyň dowamynda tanalmaz derejede özgeren keşbine, täze gurlan döwrebap obalara, şäherçelere, şäherlere, iri we örän ähmiýetli önümçilik desgalaryna, şeýle-de durmuşyň ähli ugurlaryny galkyndyran ajaýyp işlere nazar aýlasaň buýsanjyň goşalanýar. Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty arşa göterilip, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň derejesine çykdy. Garaşsyzlyk alyp galkynan türkmen halky şanly toýa täze güýç, batly gadamlar bilen barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň esasy wakasy bolar. Şoňa görä-de, bu ajaýyp senä mynasyp sowgadymyz bilen barmak, baş baýramymyzyň dabarasyny belende götermek her birimiz üçin çäksiz bagt bolup durýar. Taryha şan goşjak Täze, 2021-nji ýylyň şygaryndan ruhlanyp, ýerli-ýerden has tutanýerli, yhlasly we gujurly zähmet çekeris. Şeýle döwletli-döwrana, eşretli günlere ýetiren milli Liderimize alkyş aýdýarys.

Gülşat GURBANNAZAROWA