«Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy»


«Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy»



Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy» atly kitabynda: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň özbaşdak berkarar döwletli bolmagy baradaky arzuwlary bu gün hasyl boldy» diýilýär. Munuň özi diýseň buýsandyryjydyr. Çünki biz şahyryň berkarar döwlet, kämil jemgyýet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolan zamanynda ýaşaýarys.
Bilşimiz ýaly, dana akyldara adalatly döwlet gurmak bilen baglanyşykly paýhaslar atasy Döwletmämmet Azadydan geçýär. Beýik akyldar bu taglymaty milli ruhda ösdürýär. Ony özbaşdak, garaşsyz döwlet bolmak ýaly çuňňur pikirler bilen baýlaşdyrýar.
Şahyr öz kalbynda, ruhy dünýäsinde guran türkmen binasyna juda buýsanýar we ony şeýle setirleriň üsti bilen taryp edýär:
Gurdugym aslynda bilgil,
bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam,
budur türkmen binasy.
Ýokarky setirlerden görşümiz ýaly, beýik Magtymguly özüni döwletiň hem halkyň bir wekili saýyp, rowaçly geljege nazar aýlaýar. Döredijiligindäki esasy meseleler döwlet we onuň raýaty, jemgyýetdäki gatnaşyklar bilen baglanyşyklylykda ýüze çykýar.
Ýaşan döwründe halkynyň belli bir kanuny döwletiniň bolmandygy şahyryň lapyny keç edipdir. Berkarar döwlet isläpdir. Bu isleg diňe bir şahyryň däl, eýsem, tutuş halkyň isleg-arzuwy bolupdyr. Akyldar ony «Islärin» atly goşgusynda şeýle beýan edýär:
Hor galmasyn puştdan-puşdum,
Berkarar döwlet islärin.
Bu setirlerden görnüşi ýaly, nesilleriň parahat hem-de sagdyn durmuşynyň esasy şerti döwlet gurmakda jemlenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» taglymaty ata-babalarymyzyň, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň paýhas gymmatlygyndan gözbaş alandyr. Halal-haram, mert-namart, haýyr-şer, ýagşy-ýaman pikir gapma-garşylyklaryny beýan edeninde hem şahyr adamyň jemgyýetçilik wezipesini öňe sürýär. Jemgyýetçilik wezipesi bolsa döwlet, häkimiýet bilen şahsyýetiň sazlaşykly gatnaşyklaryndan kemala gelýär.
Türkmen ilim, eý, adamzat!
Azat il, güzer gözlär men —
diýmek bilen, şahyr döwlete adamzadyň ýaşaýşynyň esasy sütüni hökmünde garaýar. Binýady berkden bolan döwletiň bar ýerinde kämil jemgyýetiň, erkana ýaşaýşyň, bolelin durmuşyň dabaralanjakdygyna ynam bildirýär.
Süleýman sen —
mura bir gulak goýgul,
Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl,
Häkim bolsaň halky gün kibi çoýgul,
Akarda suw ýa öserde ýel bolgul.
Bu setirleriniň üsti bilen bolsa, şahyr gönüden-göni döwleti dolandyrmagyň esasy wezipesiniň il-halk bilen baglanyşyklydygyny, döwlet häkimiýetiniň halka golaý, mähriban, hoşgylaw, sahawatly bolmalydygyny ündeýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, şahyryň halky Gün kibi çoýmak paýhasy «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň gönezligidir.
Magtymguly Pyragy atasy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki döwleti binýat etmek, döwleti gurmak baradaky öwüt-ündewlerini dowam etdiripdir. Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde döwleti gurmagyň esasy ýörelgelerini mälim eden bolsa, Magtymguly Pyragy kakasynyň ol pikirlerini şygra salyp, halka ýetirýär.
Alym Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty, sözüň doly manysynda, türkmen taglymaty bolup, türkmençilik ýörelgelerinde Magtymguly Pyragynyň şygyr gymmatlygyndan gözbaş alýar. Beýik akyldar goşgy setirleriniň üsti bilen adamlaryň abadan, bolelin ýaşamagy üçin berkarar döwleti gurmagyň zerurlykdygyny nygtapdyr. Şeýle döwrüň, zamanyň arzuwyny edipdir. Häzir biz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol arzuw-hyýallaryň amala aşan döwründe ýaşaýarys. Munuň üçin Magtymguly atamyzyň paýhasyny dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzy gülledýän, akyldar şahyryň abraý-mertebesini Arşa göterýän Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjymyz bimöçberdir.

Gurbangözel SAPAROWA