Törebeg hanymyň aramgähi
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän, owadanlygy, täsinden gyzykly rowaýatlary haýran galdyrýan Törebeg hanymyň aramgähi özüniň takyk deňagramlylygy, ýokary çeperçilik bezegleriniň nepis we köp öwüşginliligi bilen Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk bina hasap edilýär.
Aramgähiň Törebeg hanymyň adyny götermeginiň halkyň arasynda ýörgünli rowaýaty bar:
––Şa gyzy Törebeg atasy aradan çykandan soň, durmuşa çykmandyr. Ýurduň ýaşululary şa gyza durmuşa çykmagy ündäpdirler. Törebeg örän gazaply bolany üçin hiç kim oňa söz aýtmaga milt etmändir.
Iň soňunda bir mimar (binagär) oňa söz aýdypdyr. Şonda Törebeg oňa:
–– Sen hünäriňi görkezseň, bina eden ymaratyň meniň şanyma bolsa, men seniň ýaryň bolar men – diýenmişin.
Binagär ýigit bir ymarat bina edipdir. Ol Törebegiň göwnünden turmandyr. Soň ýene bir ymarat salypdyr, ol hem şa gyza ýaramandyr. Üçünji bina edilen ymaraty Törebeg halapdyr.
Soňra ol ussa beýik peştagyň üstünden ýere bökmegi buýrup, eger aman galsa, durmuşa çykjakdygyny aýdypdyr. Binagär ýigit pestagdan böküpdir, emma, jan berip bilmän titräp ýatypdyr.
Birnäçe gün geçenden soň ýaşulular jem bolup, Törebeg hanyma: «Men özümi saňa bagyşladym» diýip, ussa eşitdirip, üç ýola aýtmasaň, ol hiç haçan amanadyny tabşyrmaz, sen hem bütin halkyň öňünde şermende bolarsyň» diýipdirler.
Törebeg hanym ýaşulularyň talabyny ýerine ýetiripdir. Diňe şondan soň ussa ýigit rahatlanyp, jan berenmişin.
Hatyja MÄŞERIPOWA,
Görogly etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy