Tans sungatynyň ussady


Tans sungatynyň ussady



Il arasynda «Sungat» sözüniň manysyna düşünmeýän adama duş gelmeseň gerek. Sebäbi her säher oýanyp, gözümizi açdygymyz biz eýýäm sungata duşýarys. Bu diýdigim, biziň daş-töwregimizi gurşap alýan ähli zatlar sungat bilen berk baglanyşyklydyr. Sungatyň - şekillendiriş sungaty, arhitektura sungaty, saz sungaty, edebiýat sungaty, kino sungaty, teatr sungaty, sirk sungaty, horeografiýa sungaty ýaly görnüşleriniň bardygy biziň hemmämize mälim zatlardandyr.
Atlaryny agzap geçen bu sungatlaryň içinde, döwletimizde geçirilýän her bir toý baýramlarymyzyň bezegi bolup hyzmat edýän sungatlaryň biri hem horeografiýa – tans sungatydyr. Horeografiýa sungatyna başgaça «göz bilen görüp bolýan saz» hem diýilýär. Horeografiýa hem edil saz sungaty ýaly wagt içinde ýaýbaňlanýar. Ine şeýle ajaýyp «sözsüz gepleýän» sungata, ýagny tans sungatyna ömrüni bagş eden, tans sungatynyň ussady, Türkmenistan döwletimizde tans sungatyny ösdürmekde özüniň saldamly goşandyny goşan halypa, ussat tansçy zenanymyz, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymy Gülbahar Orazowna Musaýewadyr.
G.Musaýewa 1946-njy ýylyň bahar paslynda Aşgabat şäherinde sazandalar maşgalasynda dünýä inýär. G.Musaýewa özi ýaly deň – duş oglan-gyzlardan 10-15 sanysy bilen Leningradyň A.Waganowa adyndaky Akademiki horeografiýa uçilişesine ugradylanda onuň 10 ýaşy dolupdy.
Ol 1965 ýylda bu okuw jaýyny tamamlap, 19 ýaşynda Aşgabada gaýdyp gelýär. Şol ýyl hem Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda işe başlaýar. Işiniň ilkinji günlerinden başlap ady belli sahna eserlerinde, baletlerinde baş gahrymanyň keşplerini ýerine ýetirmeklik ýaş tansçy gyzymyza ynanylýar. Olardan: Korçmarýowyň «Aldar - Köse» baletinden Enäniň keşbi, Ç. Nurymowyň «Epgegiň tepbedi» baletinden Amyderýanyň keşbi, D.Nuryýew bilen M. Rawiçiň «Mähirli jadygöý» atly baletinden Periniň keşbi bilen birlikde P.I.Çaýkowskiniň dünýä belli «Guw köli» baletinden Odettanyň keşbini, başga-da birnäçe keşpleri ýerine ýetirýär. Bu çepiksizje türkmen zenany tans sungatyny ezberlik bilen ele alandygy diňe bir biziň diýarymyzda däl, eýsem-de daşary döwletleriň aglaba böleginde hem makullanyp, ýokary bahalara mynasyp bolmagy başardy. Olardan Wengriýa, Fransiýa, Çehoslowakiýa, Russiýa federasiýasynyň teatrlarynyň sahnalarynda öz sungaty bilen çykyş etmek nesip edýär. G.Musaýewa türkmen tans sungatyny ösdürip, ony dünýä ýüzüne ýaýmakda bitiren işleri üçin oňa 1972 ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1984 ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar. 2008 ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan Beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2016 ýylda «Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy» ýubileý medallary bilen sylaglanýar. Bu günki gün Gülbahar Musaýewa Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky halypa kompozitor Daňatar Öwezowyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Halk tans» bölüminde talyp ýaşlara tans sungatynyň dürli tärlerini öwredýär. Ol diňe bir talyp ýaşlara hünär öwretmän, eýsem-de ýaş mugallymlara hem özüniň halypalyk maslahatlaryny berýär.
Ýakynda halypa mugallymyň 75 ýyl ýaş toýy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bu dabarada Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi G.Musaýewa ýurdumyzda horeografiýa sungatyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini, halypa-şägirtlik ýollaryny ösdürmek ugrunda bitirýän ajaýyp hem-de tutanýerli zähmetini nazara alyp, «Hormat haty» bilen sylaglady. Ýeri gelende bu tansçy mugallym hem özüne bildirilýän şeýle sylag-hormaty üçin, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýapylan Şa serpaýlary üçin, dakylan Hormatly atlary üçin Mähriban Arkadagymyza özüniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.
Biz hem medeniýetiň hem-de sungatyň hak howandary, Mähriban Arkadagymyza öz sag bolsunymyzy aýdýarys. Goý, eziz Arkadagymyzyň ýurdumyzyň agzybirligi, asudalygy ugrunda alyp barýan işleri mydama rowaçlyklara beslensin.

Mähriban JUMAÝEWA