BEÝIK AKYLDARYŇ MEKANYNA SEÝRANDA


BEÝIK AKYLDARYŇ MEKANYNA SEÝRANDA



Arkadagly Serdarymyzyň nazary düşen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ähli görkezijiler babatda öňe saýlanyp, ýokary derejedäki pul baýragyna mynasyp bolmagy balkanly ildeşlerimiz bilen bir hatarda, ählimiziň buýsançly başymyzy Göge ýetirdi. Magtymguly atamyzy — şahyry gören ýeňiji etraba gaýybana syýahat etmäge höwes we mümkinçilik döretdi.

Şahyryň goşgy setirlerinde:

«Aýaklarnyň yzyny bir görkeziň!»

diýip sökdüm, gaýalaryn Gerkeziň —

diýip taryp edýän bu mekanyny we onuň ösüşdir gözelliklerini beýan etmek maksady bilen, galama ýapyşman bilmedim. Galyberse-de, ony şahyr Kerim Gurbannepesowdan başlap, iň bir söýgüli şahyrlarymyzyň wasp etmedigi ýok diýen ýaly ahyryn! Bu mekandan gürrüň gozgalsa, özümiň-hä gulagymda ussatlaryň ýerine ýetiren «Gözel Sumbaryň nary» diýen sözleri özünde jemleýän aýdymy ýaňlanyp başlaýar. Hyýalyňda Sumbaryň gözelliklerini janlandyrýar. Çünki bu toprakda bolýan adamlar şeýle aýdymlary diňläp, Magtymguly şahyryň ruhuny duýup, ylahy güýje eýe bolýandyklaryny ýöne ýere nygtanoklar.

Geçen asyryň 1990-njy ýyllarynda şeýle bagtyň özüme-de miýesser edendigini aýdasym gelýär. Ýedi, sekiz adamlyk ulagda jülgelikleriň boýy bilen Göge gol uzadyp duran syrdam boýly agaçlary synlap, etrabyň iň çetki obasyna çenli gitmek miýesser edipdi. Şondaky ýol ýazgylarymda dörän ýatlamalar ýüregime entegem ýakyn bolup duýulýar. Etrabyň çetki obalarynyň gözelligi bilen bolsa öňdenem gaýybana tanyşdym. Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew bilen esli ýyllap bir ýerde işlämsoň, ol dogduk mekany barada hem gyzykly söhbetleri ederdi, hem goşgy okap bererdi. Şonda meniň göz öňümde Allaýar aganyň öz goşgulary bilen bir wagtda Ahmet Gurbannepesowyň:

Başy Göge ýetjek, hozdur derekler,

Baky saýyl bakýar uzak bir ýere.

Uly ýürek, kiçi göwün gerekdir,

Bu çäksiz söýgini kabul edere,

Aýdere, Aýdere, gözel Aýdere! —

diýen goşgy setirleri ýadyma düşerdi. Aýdere we onuň owadan adynyň döreýşi hakynda kän zatlary bilesim gelerdi. Waspy ýetirilýän Aýderäni:

Çar ýanyňda belent daglar görünýär,

Behiştden bir parça, Aýderäm meniň.

Aňryňda gözýetmez baglar görünýär,

Dürli miwelere baý deräm meniň —

diýen goşgy setirlerinden çen tutup, ony iň bir gözel ýerleriň biri hasaplardym. Ýöne bu günki günde has öňe saýlanan bu etrapda gözel ýerler ýene-de kän... Şolaryň biri Magtymguly atamyzyň:

Eý söwdügim, Soňudagy,

Dagdanlydyr biliň seniň —

diýip wasp eden Soňudagy bolsa, ýene biri bolsa Çendirdir. Bu mesgen Kerim Gurbannepesowyň döredijiliginde:

...Soňudagy, Çendir, Hasar, Müň hasraty gören daglar —

diýlip beýan edilýär. Aslynda-da, bu etrap geriş geriş gaýaly daglara baýlygy bilen tapawutlanýar. Etraba golaýlanyňda-da seni ilki bilen şol daglar garşy alýar.

Çendirli gürrüňlere dolansak, bu barada žurnalist Amanmämmet Durdyýew şeýle ýazýar:

— Meniň Çendir topragyna öňem telim sapar ýolum düşüpdi. Onuň täsin tebigaty bilen tanyşmagyň özboluşly lezzeti bardy. Sanlyja gezek düşläp geçeniň bilen dag dünýäsi bilen baglanyşykly ähli zada belet bolup bolýarmy diýsene! Bu gezek meni Çendiriň Bezegli we Gargylyk derelerine alyp gelen zat henize bu güne çenli saklanyp galan, daşyň ýüzüne çekilen täsin şekillerdi. Tekiz daşyň ýüzüne çekilen näçe ömri başdan geçirendigi barada kesgitli bir zat aýtmak aňsat däl. Symgylt goňur reňkdäki suratyň möçberi on — on bäş santimetrden uly däl. Bir topar atlylary ýada salýan surat ilkidurmuş zamanynyň şekillerini göz öňünde janlandyrman duranokdy...

Şu kesgitlemeleriň özem ady Arşa galan bu etrabyň gadymylyga ýugrulan medeni gymmatlyklara örän baýdygyny aýan edýär. O ýerdäki dürli görnüşli hatarhatar baglary diýsene! Bu barada şol ýerde ýaşaýan senetçileriň biri olaryňam ynsan ýaly düşbüligini, ähli zada düşünýändiklerini aýdyp berende haýran galypdym.

Etrabyň çäginde ýerleşýän Kürüždeý obasynyň hem ady biziň üçin tanyş. Bu obanyň golaýynda Sumbar derýasynyň ady bilen baglanyşykly «Sumbar» agyz suwy kärhanasynyň hereket etmegi hem tötänleýin däldir. Çünki bu etrap dag çeş-melerine baýlygy bilen hem aýratyn tapawutlanýar.

Sözümiziň şu ýerinde «Gözel Sumbaryň nary» diýlip wasp edilen nardyr beýleki ir-iýmişleriň hem bu toprakda bolluk bilen bitýändigini buýsanç bilen aýtmak isleýäris. Mürepbe gaýnadyp, gyşy bilen bize hezil berýän dermanlyk ülje üçinem bu topragy we onuň goýnunda zähmet çekip, bol hasyl alýan zähmetsöýer adamlary alkyşlaýarys.

Bu arzyly mekanyň Kerim şahyryň sözlerine «Pyragyny gören daglar» diýen aýdymy bilen ýüregimizde ýaşaýan Döwletgeldi Ökdirowyň hem dogduk mekanydygyny aýtman bilmeris. Şonuň üçinem ol ýerde bolanyňda, keremli daglary synlanyňda ussadyň owazyny eşidýän ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň.

Bu ýerde etrabyň hemmetaraplaýyn ösmegine getirýän ykdysady ösüşler bilen birlikde ruhy we maddy gymmatlygymyz bolan milli medeniýetimize hem uly üns berilýär. Muňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hasabynda durýan 6 muzeý we durmuş-medeni ähmiýetli binalar güwä geçýär. Muzeýlerde Magtymguly atamyz bilen bagly gymmatlyklaryň bolmagy has buýsandyryjydyr. Şu günki ýaly ýadymda, şeýle muzeýleriň birinde bolanymda gyzykly gürrüňleri berip, şahyra degiş¬li bolan ýazgydyr çäýnek-käseleri... görkezipdiler.

Şu ýerde «Sumbar» tans topary hakynda hem durup geçmekçi. Olar biziň çagalyk ýyllarymyzda-da çykyş ederdiler. Dünýäni seýran we haýran eden bu topar, aýratynam, yhhymmyllary bilen aýratyn tapawutlanýarlar. Bu tans hem küştdepdi ýaly özboluşlylyga eýedir.

Magtymguly etrabyna gaýybana söhbet edibem türkmeniň adyny beýgelden, «Daglarda-da owaz kän» diýip, owazly daglara gol ýapan ussat Nury Halmämmedowy ýatlamazlyk mümkin däl. Çünki ol ýerde bolanyňda ähli ýerden ussadyň hiç bir zada çalşyp bolmajak sazlary ýaňlanýan ýaly duýulýar. Şahyryň doglan ýeri bolan Daýnada bina edilen heýkeli hem köp zatlardan gürrüň berýär. Onuň golaýynda bina edilen ýalňyz durnanyň heýkeli bolsa uçup giden Durnany alamatlandyrýar. Ol sungat eserinde ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň elleriniň yzyny we sazanda hormatyny görmek bolýar.

Edil özüm gidip görmesemem, «Şibli baba zyýarata barýarys» diýýän adamlara kän duşýaryn. Ol etrap merkeziniň golaýynda ýerle¬şip, aýtmaklaryna görä, köp adamly bolýar. Şibli baba hakynda Magtymguly atamyzyň döredijiliginde duş gelýän setirler onuň ýüreginiň alawlap duran yşkly ynsan bolandygyna kepil geçýär.

Umumy meýdany 386 müň gektardan geçip, ilatynyň sany 31 müňden gowrak bolan bu etraba gaýyba gezelençli söhbedimizi şu gezeklikçe tamamlaýan hem bolsak, oňa nesip bolsa, dolanyp durarys. Çünki bu ýeňiş — üstünlik etrabyň öňküdenem gülläp ösmegine esas berer. Şeýle hem beýleki etrapdyr etrap hukukly şäherleriň gülläp ösmegi üçin nusga bolar. Çünki:

Buýsanjymyz tereň bolsun,

Size bakyp dag görýäris,

Nazaryňyz düşen her bir ýerde Erem bag görýäris —

diýip buýsanýan Arkadagly Serdarymyzyň nazarynyň düşen ähli ýeri gülleýär. Onuň ýeneki aý-ýyllarda-da şeýle boljakdygyna ak ýüregimiz bilen ynanýarys.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,

«Watan».