Bedeni berkitmegiň tärleri


Bedeni berkitmegiň tärleri



Adam bedeni gowşak bolanda, oňa dürli keseller, şol sanda möwsümleýin döreýän keseller ýokaşagan bolýar. Adama ýokuşyp biljek keselleriň biri-de ýiti respitator ýokanç keselidir. Ondan goranmak üçin bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak örän möhümdir. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek beden üçin örän möhümdir. Bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak keselleriň ýokuşmagyndan goranmagyň möhüm ugrudyr. Topragymyzyň witaminlere baý önümleri bilen iýmitlenmek hem bedeniň immun ulgamyny ýokarlandyrmak bilen, kesellerden goranyş ukybyny artdyrýan usuldyr. Irden we agşam tämiz howada gezelenç etmek dem alyş ulgamynyň sagdyn işlemegine mümkinçilik berýär. Arassa howada pyýada gezelenjiň peýdasy örän uludyr. Bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin askorbin turşusyna baý miweleri, olardan alynýan şireleridir içgileri içmek peýdalydyr. Olara bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal şireleri degişlidir. Kelem, käşir we beýleki bakja önümleri-de gündelik iýmitlere öwrülmelidir.
Howanyň üýtgemegi bilen ýüze çykýan möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelerimizden gyzylburçly unaşy hepdede içmek maslahat berilýär. Gyzyl burçuň düzümindäki fitositler, peýdaly gaýry maddalar bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Öýde elin taýýarlanan unaş keselleriň öňüni almakda, onuň ýeňil geçmeginde uly ähmiýete eýedir.
Elleriňi hemişe arassa saklamak, ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak wirus we mikrob ýokanjynyň öňüni almakda zerur çärelerdir. Derman serişdelerini, aýratyn-da antibiotikleri, lukman bilen maslahatlaşmazdan, özbaşdak ulanmaly däldir. Bu antibakterial serişdeler diňe bakteriýalara garşy peýdalydyr, olar wiruslaryň garşysyna pes täsirlidir. Olary bilmezden ulanmak gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde beýan edilen itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmelidir.
Ýurdumyzda möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem ýola goýlandyr. Maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, bu sanjymlary almalydyr.
Näsaglan adama tiz-tizden limonly, ary bally ýyly çaý, köp mukdarda gaýnadylyp sowadylan suw içirilmelidir.
Azyk önümleri, gap-gaçlar saklanylýan ýerlerde we aşhanalarda arassaçylygyň düzgünleri pugta berjaý edilmelidir. Gök önümler, miweler iýilmezden öň, üstünden suw akdyrylyp, gowy ýuwulmalydyr. Diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy içmelidir.
Dürli keselleriň ýaýramagynyň we ýokuşmagynyň öňüni almak üçin aşhanalary, gap-gaçlary, azyk önümlerini, çaga oýnawaçlaryny arassa saklamak zerurdyr. Bu düzgünleriň berjaý edilmegi keselleriň öňüni almaga ýardam berer.

Akbibi TÄÇMÄMMEDOWA