Ussat tüýdükçi
Garaşsyzlyk zamanamyzda saz sungatynyň sarpasy abraýly bolup, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halypa-şägirtlik ýörelgeleri, halk aýdym-sazlarymyzyň wagyz edilişi barha giň gerim alýar. Türkmeniň beýleki milli saz gurallary bilen bir hatarda gadymy «gargy» tüýdüginiň owazy hem barha belent ýaňlanýar. Gargy tüýdükde saz çalyp, öz ussatlygy bilen halkymyzyň kalbynyň töründe mynasyp orun eýelän Ýazmuhammet Köse, onuň şägirdi ussat tüýdükçi Baky Maşakow 1905-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginde daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň şol döwürlerde has ýörgünli gargy tüýdük saz guralyny saýlamaklygynyň sebäbi, onuň daýylary gargy tüýdük çalar ekenler.
Baky Maşakow 1935-nji ýyllarda Aşgabada gelip, egirme-dokma fabrigine işe giripdir. Otuz-otuz üç ýaşlarynda tüýdüge başarnykly erk eden Baky 1937-nji ýylda Sahy Jepbarowyň tagallasy bilen ýaňy döredilen aýdym-saz toparyna kabul edilýär. Türkmen döwlet filarmoniýasy döredilen badyna-da ol ýerde işe durýar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen ýanamaçy bagşylaryň hem-de tüýdüge goşulyp, aýdym aýtmaga höwesekleriň köpüsine sazandarlyk edip, obama-oba aýlanýar. Radioda yzygiderli çykyş edýär. Olaryň arasynda Garly bagşy, Oraz Salyr, Nursähet Halsähet, Kiçi Geldimyrat ýaly atly bagşylar bilen aragatnaşyk saklaýar.
Baky Maşakow 1972-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde işleýär, ol ýerde tüýdükçiler ansamblyny döredýär we birnäçe ýaş sazandalary ýetişdirýär. Olaryň içinde Çaryýar Jumaýewi, Aşyr Ýazmyradowy, Jepbar Rozyýewi, Çary Ataýew dagylar halypadan köp tälim alypdyrlar. Türkmen sazynyň taryhynda tüýdük saz guraly bilen öçmejek yz galdyran ussatlardan Mahmyt Aryk, Peýda tüýdükçi, Annaguly Sary tüýdükçi, Agajan tüýdükçi (Ýazmuhammet Kösäniň halypasy), Soltan tüýdükçi (Kiçi Garlynyň ogly), Ýazmuhammet Köse (Baky Maşakowyň halypasy), Baky Maşakow ýaly tüýdükçi sazandalaryň hemmesi-de Mary sebitleriniň meşhur tüýdükçileridir.
Mary etraby üçin, dürli etimologik sebäplere görä, geçmişde tüýdük, ylaýta-da, gargy tüýdük häsiýetli bolupdyr. Munuň şeýledigine bagşyçylygyň tüýdüge (ýa-da goşa tüýdüge) ýanap aýdylmak usulynyň, tüýdük sazlaryny bolsa özbaşdak (aýdymçynyň) çalmak usulynyň-da diňe Mary sebitlerinde ösüp, şol ýerde hem belent professionallyk derejesine ýetirilendigi şaýatlyk edýär.
Ýazmuhammet Köse, onuň şägrdi ussat tüýdükçi Baky Maşakow, Soltan Naýçy, Muhammetmyrat tüýdükçi, Allan Rozy, Wellek Guwaly, Hojanazar tüýdükçi we başga-da onlarça ägirtler gargy tüýdük senedini ösdürmekde zehinini gaýgyrman, bu sungatyň taryhynda öçmejek yz galdyrmagy başardylar.
Baky Maşakowyň şägirtleri Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Çaryýar Jumaýew we Aşyr Ýazmyradow öz halypasynyň däbine eýerip, halypasyndan öwrenen tüýdük çalmak sungatyny mynasyp dowam etdirip, öz şägirtlerine geçirip ýörler.
Baky aganyň aýratyn yhlas bilen çalyp, ýazgyda galdyran sazlaryny üç döwre bölmek bolar. Türkmen radiosynyň altyn hazynasynda saklanýan ýetmiş töweregi sazyň ilkinji tapgyry 50-nji ýyllaryň öňüsyrasynda ýazylypdyr. Tapylgysyz tüýdükçiniň miras galdyran ýazgylarynyň ikinji bölegi 60-njy ýyllaryň soňlarynda çalnypdyr. Ýazgylaryň üçinji bölegi bolsa, 1970-1972-nji ýyllar aralygynda kabul edilipdir. «Serwaz heňi», «Börügimi bersene», «Gelin ýörişi», «Küýzeli gyz», «Çuwal serpen» ýaly asyrlary başdan geçiren sazlaryň asyl nusgasy diňe Baky aganyň çalmagynda biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Türkmenistanyň halk saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Baky Maşakowa 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent at dakyldy.
Çynar GURBANOW