Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddesliklerdir


Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddesliklerdir



Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüş gazanylýar. Türkmenistan ösen döwletlere deň derejedäki hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda hem rowaçlyklara eýe bolundy.

Ýurduň Konstitusiýasy döwletiň Esasy kanunydyr. Konstitusiýada döwletiň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlary beýan edilýär. Şeyle hem raýatlaryň saglyga, zähmete, bilime, ylma, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary kepillendirilýär.
Konstitusiýa döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Ol döwletimiziň esasy syýasy-hukuk resminamasy bolup, onda adam hukuklary, azatlyklary we borçlary, hukuk ulgamynyň ýörelgeleri kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny, mertebesini we azatlygyny döwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeyle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigi görkezilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda, hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir. Şunuň bilen baglylykda, onda berkidilen kadalar we düzgünler Türkmenistanyň bütin çäginde hereket edýärler.
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edaralarynyň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli Parlamentiň işini jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, birnäçe teklipler öňe sürüldi.
Döwlet Baştutanymyz dünýä tejribesinden ugur alyp, iki palataly ulgama geçilmegini we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy teklip etdi.
2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda, 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boyunça Konstitusion toparyň ikinji we üçünji mejlislerini geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparyna döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipler doly seljerilip, umumylaşdyrylyp, toparyň ýygnaklarynda ara alyp maslahatlaşylandan soň, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy ýurdumyzyň metbugatynda çap edildi. Ol halk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýar.
2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diylip bellenilýär. Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzda demokratik, hukuk döwletiniň esas goýujy ýörelgeleri kesgitlenildi.
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiziň gol çekip tassyklamagy bilen «Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýlip yglan edildi.
Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi bilen Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35, boýy 52.5 metr, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl Tugumyzyň şeýle belentlige galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň belent flagştogda pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Ýaşyl Tugumyzdaky Aýyň şekili mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, ýurdumyzdaky abadançylygyň, asudalygyň nyşanydyr. Baýdagymyzdaky bäş ýyldyz biziň bäş müň ýyllyk taryhymyzyň bäş eýýamynyň we bäş welaýatymyzyň, arassa, parahat, asuda asmanymyzyň nyşanlarydyr. Döwlet baýdagymyzdaky haly gölleri halkymyzyň milliligini, ajaýyp sungatyny, ynsanperwer ýörelgelerini aňladýar. Baýdagymyzdaky zeýtun ýapraklary bolsa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny, dünýäde parahatçylyk ugrunda çykyş edýän döwletdigini aňladýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Muňa ýakynda BMG-niň Nýu Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021–— 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şaýatlyk edýär. Ol «Türkmenistan–— Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän hem-de hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň dabaralara beslenýän ýylda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň rowaçlanýandygynyň beýanydyr.
«Açyk gapylar» syýasatyna hem-de hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda Türkmenistanyň BMG bilen netijeli gatnaşyklary hil taýdan täze dereja çykdy. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny ýokary götermek we türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun! Mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aşyrgeldi JUMAÝEW