Baky Bitaraplyk şöhratymyz-şanymyz


Baky Bitaraplyk şöhratymyz-şanymyz



Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy uludan tutulýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda şanly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz toý lybasyna beslenip, aýratyn gözellik we baky bagtyýarlyk eçilýär. «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistandyr!» diýlen nurana, buýsançly sözler bu gün mähriban halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiz Aşgabat bolsa häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä meşhurdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilen geçen 25 ýyllyk döwrüň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär. XX asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Täjigistandaky we Owganystandaky içerki gapma-garşylyklaryň, syýasy taýdan çözülmegi boýunça gepleşikleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde bu tejribe sebit boýunça aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şeýlelikde, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy, sebitleýin ýaragsyzlanmak meselelerine goldaw bermek, suw, energetika meseleleriniň deňeçer çözgüdini tapmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly wajyp ugurlarda hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan BMG-niň iň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58, 62, 64, 68, 71, 75-nji mejlislerine wise-başlyklyga, şeýle hem dürli ýyllarda we dürli möhletlerde bu guramanyň abraýly düzümlerine saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibi Ýer ýüzünde parahatçylygy we howsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere, howplara garşy hereket etmek, durnukly ösüşi öňe ilerletmek ekologiýa ugurlary we beýlekiler bilen birlikde halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna degişli meseleleriň toplumyny öz içine aldy. Bu meseleler gös-göni hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň öňe sürýän maksatlaryna doly laýyk gelýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda bolup geçýän ösüş-özgertmeler, geçirilýän çärelerdir dabaralar, halkara forumlardyr maslahatlar, hem türkmen Bitaraplygynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň türkmen diplomatiýasynyň abraý-mertebesini, ähmiýetini has-da belende galdyryp, ýokary ykrarnama eýe edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr — baky Bitaraplyk güni indi halkara derejesinde ginden bellenilýän baýramçylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Baky Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Ýetip gelýän belent ynsanperwerligin baýramyna öwrülen «12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni» bilen Arkadag Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn! Hormatly Prezidentimizin jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýlar GURBANDURDYÝEWA