Uruş ýyllarynyň gahrymanlary


Uruş ýyllarynyň gahrymanlary



Uruş ýyllarynyň gahrymanlary
Gowgaly günleri ýatlamagam kyn,
Ýatlamazlyk bolsa bolýar has çetin.
Janyndan ileri belent iş tutan
Uruş ýyllarynyň gahrymanlary,
Halkymyň howandar mähribanlary.

Gülle astynda juwanlygyn ötüren,
Watana kasamyn kemsiz bitiren,
Ojaklara Ýeňiş bagtyn getiren,
Uruş ýyllarynyň gahrymanlary,
Halkymyň howandar mähribanlary.

Ýurduň ykbalyny has öňde goýup,
Ata-babalaryň pendine uýup,
Topragyn janyndan has eziz söýüp,
Uruş ýyllarynyň gahrymanlary,
Halkymyň howandar mähribanlary.

Şöhrat bilen bezäp taryh gatlaryn,
Oňa baky ýazandyrlar atlaryn,
Ýowuz urşuň öçürdiler otlaryn,
Uruş ýyllarynyň gahrymanlary,
Halkymyň howandar mähribanlary.

Jemile ÇERKEZOWA