Halkara zenanlar gününe bagyşlanyldy


Halkara zenanlar gününe bagyşlanyldy



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar, biziň her bir günümiz toýdur baýramçylyklara beslenýär. Her bir baýramçylyk hem aýdym-saza beslenip geçirilýär. Golaýda, has takygy 6-njy martda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň uly zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bagşyçylyk sungaty bölüminiň taýýarlan konserti bu dabara özboluşly öwüşgini berdi. Konsertde bagşyçylyk sungaty bölüminde tälim alýan talyplaryň taýýarlan halk aýdymlary, mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlary ýaňlandy. Mugallym Amanlyk Amanlykowyň ýolbaşçylyk edýän bagşylar topary mukamçy kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň, şahyr Allaýar Çüriýewiň sözlerine döreden “Türkmen gyzlary” aýdymynyň ýerine ýetirmegi bilen başlandy. Talyp Oguljennet Hojakowanyň Türkmenistanyň halk bagşysy Ödeniýaz Nobatowyň, şahyr Süleýman Ilamanowyň sözlerine döreden “Ene hüwdüsi” diýen aýdymyny ýerine ýetirip, konserte gatnaşyjylarda diýseň ýakymly täsir galdyrdy. Mekdebiň 1-nji ýyl talyby Alp-Arslan Rejepowyň ýerine ýetirmeginde, bagşy mugallym Serdar Baýramowyň öz döreden “Biten gyz” aýdymynyň ýaňlanmagy, özüniň döwrebap milli öwüşgini bilen diňleýjilere egsilmez lezzet paýlady. Soňra mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Şirli Şirwan “Gyzlar geleýdi” atly türkmen halk aýdymyny aýdyp berdi. Mekdebimiziň 4-nji ýyl talyby Öredurdy Gurbanow “Şasenem-Garyp” dessanyndan “Baga seýle” halk aýdymyny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Şeýle owadan, şirin owazly, mähirden doly türkmen halk aýdymlary, diňleýjileriň göwnüni has-da galkyndyrdy. Konsertde mukamçy kompozitor Gurbangylyç Nurgylyjowyň şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň sözlerine döreden “Ýürekde galdy” aýdymyny mekdebiň 1-nji ýyl talyby Amanow Bereket hem-de şahyr Nursoltan Depbiýewanyň sözlerine döreden “Eneler” atly aýdymyny 4-nji ýyl talyp Gülnabat Nazarmedowa ýerine ýetirdiler. Bagşylaryň mukamçy kompozitorlarymyzyň döreden aýdymlarynyň sözlerine ser salanymyzda türkmen zenanlaryna, mährem enelere goýulýan sarpanyň ýokarydygyny görkezýär. Mekdebimiziň 2-nji ýyl talyby Orazmyrat Rahmangulyýew, Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Aman Agajykowyň, şahyr Begnazar Ataýewiň sözlerine döreden “Jan ejem dälmi?” aýdymy hem tomaşaçylar tarapdan gyzgyn garşylandy.
Konsertiň jemleýji çykyşynda bagşylar topary Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ahmetberdi Mededowyň “Arkadag” aýdymyny ýerine ýetirdiler. Pursatdan peýdalanyp, bize işlemäge, döretmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Hanguly Öwezow

Halkara zenanlar gününe bagyşlanyldy