Agzybirlik —döwletliligiň gözbaşy


Agzybirlik —döwletliligiň gözbaşy



Milli terbiýe, milli häsiýet örän çuň düşünjelerdir. Diňe ýagşylyk düşünjesi arkaly milli terbiýäniňdir milli häsiýetiň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezmek bolar. Çünki her bir zadyň başlangyjynda, isle ol terbiýe bolsun, isle iş bolsun, gözbaşda agzybirlik durýar. Şeýle bolansoň pederlerimiz agzybirlige synmaz gala hökmünde garapdyrlar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly», «Zeminiň abatlygy— ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk— abatlyk», «Zähmetsöýerlik—gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk—asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» ýaly bölümlerden ybarat. Bu ajaýyp kitapda agzybirlik düşünjesiniň özbaşdak bölüm edilip alynmagy çuň many-mazmuna eýedir. Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy. Döwletlilik — bagtyýarlyk, şonuň üçin hem bu babatda pelsepewi pikir ýöredilende, agzybirlik ýaly milli häsiýete ünsi çekmezlik mümkin däl. Agzybirlik bolan ýerde bagt bar, agzybirlik bolan ýerde üstünlik bar, agzybirlik bolan ýerde aýdyň ertirlere ynam berkeýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda agzybirlik bilen bagly şeýle nakyllar bar: «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl», «Döwletlilik — ag- zybirlik, bidöwletlik — agzalalyk», «Agzybiriň aşy bir», «Söýenişen — ýykylmaz», «El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi». Bulardan başga-da, halk döredijiliginiň pähim-paýhasly dürdänelerinde nakyla öwrülen şeýle pikirler jemlenýär:

«Nesip, nireden gelýäň?!
— Agzaladan.
— Nesip, nirä barýaň?!
— Agzybire».

Şulardan görnüşi ýaly, agzybirlik taglymaty ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgesi bolupdyr.
Ata-babalarymyz her bir işde maslahatlaşmagy dogry hasaplapdyrlar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen ýaly pikirlere eýeripdirler. Bir zadyň düýbi tutulanda, haýyrly işe girişilende, hatda toý tutuljak bolnandada birek-birege geňeş salnypdyr. Ogul öýerilmänkä geňeş toýunyň tutulmagy pederlerimiziň milli terbiýä siňen asylly däpleriniň biridir. Şeýle däpler häzirki günde-de dowam etdirilýär.
Dogan-garyndaşa, dost-ýara, il-güne geňeş salynmagy adamlaryň bir-birine goýýan sarpasyndan habar berýär. Ulynyň uly ýerinde, kiçiniň bolsa kiçi ýerinde sylag-hormatly bolmagy agzybirlikden nyşan. Oguzhanyň ok-ýaý bilen bagly tymsalynda aýdylyşy ýaly, agzybirlik bolan ýerde alynmajak gala ýokdur. Şonuň üçin hem «Agzybire — Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr» diýlip aýdylypdyr. Ata-babalarymyz Watan topragyny agzybirlik bilen aýap, gorap saklapdyrlar.
Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusynda agzybirlik hakynda şahyrana beýan edilýär:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Birsuprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Şeýle pikirlerdir ýürek arzuwlary halkymyzyň agzybirlik taglymatyny nesilleriň terbiýesine siňdirmekde esasy çeşmeleriň biri bolup gelipdir.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Agzybirlik» atly bölüminde şeýle diýilýär: «Agzybirlik ýagşy amallary hasyl etmegiň hatyrasyna jebisleşmegi aňladýar. «Arzuwsyz adam bolmaýar, ganatsyz hem guş!» diýilýär, arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bolsa, ilki bilen agzybirlik gerekdir. Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr. Agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlylygymyzdyr. Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir. Agzybirlik adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni». Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, agzybirlik düşünjesinde ýaşaýşymyzyň many-mazmuny jemlenýär.
XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Kerim Gurbannepesowyň döredijiliginde agzybirlik düşünjesi giň we çuň beýan edilýär. Şeýle bolansoň Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda şahyryň şeýle goşgy setirleri mysal getirilýär.

Gum hem özi üçin hasyl berenok,
Suw hem özi üçin berenok tagty,
Bulut hem öz-özün ýuwundyranok,
Gün hem özi üçin saçanok ýagty,
Hemmesiniň aladasy-gaýgysy —
Biri-biriniň bagty.

Bu şahyrana setirlerde millilik hem milli häsiýet jemlenýär. Agzybirlik bolsa öňde goýlan maksadyňa ýetmekde esasy köpri. Tebigatdaky şeýle sazlaşyk — agzybirlik, ol hem ynsanyň bagty! Nesillere milli terbiýe berlende edebiýatyň we edebi çeşmeleriň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem, şahyrana döredijilige siňen agzybirlik baradaky pikirler nesilleriň watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Göwün otyr Aý içinde» atly kitabynda ýerleşdirilen «Döwran bu gün» goşgusynda şeýle setirler bar:

Mähri derýa, söýgüsi sil,
Gül göwünler gaýnan bu gün.
Hem abadan, agzybir il,
Biliň, bir ten, bir jan bu gün.

Bu setirlerde döwrümiziň şahyrana keşbi, adamlaryň göwün şatlygy, bagtyýar durmuşy hem jebislik beýan edilýär. Agzybirlik düşünjesine syrygýan şeýle pikirler edebiýatymyzyň ýaşlara milli terbiýäni ündemekdäki ornunyň uludygyny äşgär edýär.
Milli häsiýetimizdäki agzybirlik ýörelgesi şu ýylymyzyň şygary bilen hem sazlaşýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň giň gerim almagynda agzybirlik düşünjesiniň mynasyp orny bar. Çünki agzybirlik öňde goýlan belent maksatlaryň amala aşmagyna esas bolýar.

Kerimberdi ATAÝEW