Türkmen alabaýy — milli mirasymyz


Türkmen alabaýy — milli mirasymyz



Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli pudaklarda sazlaşykly ösüş gazanylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler bilen bir hatarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň has-da şöhratlandyrylýanlygynyň ähmiýeti örän uludyr.
Sebäbi türkmeniň adam ýaly syzýan derejä çykaran ahalteke bedewleri, nepis halylary, datly gawunlary, şol sanda türkmen halkynyň özüniň wepaly dosty hasaplaýan alabaý itleri milletimiziň at-abraýyny artdyryp gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täze döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem alabaý itleriniň abraýyny has-da artdyrjakdygy gümansyzdyr.
Bu assosiasiýa ilkinji nobatda Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleri, tagallalary birleşdirmäge, ylmy esaslarda alyp barmaga, alabaýlaryň aňyrdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygyny saklamaga we bu ugurdaky işleriň hemmesini kanunalaýyklykda alyp barmaga mümkinçilik berer.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylyň birinji maýynda ýurdumyzdaky baýry okuw mekdepleriniň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmäge beren mümkinçiliklerine esaslanyp , uly taryhy ähmiýetli maslahat geçirildi. Maslahatda türkmen alabaý itlerini öwrenýän hünärmenler, hususy itşynaslar, alymlar çykyş etdiler. Çuň many-mazmunly çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» kitabynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Maslahatda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň tüýs öz wagtynda döredilýändigi we örän maksadalaýykdygy buýsanç bilen bellenildi.
Milli Liderimiziň kömek-goldawlarynyň esasynda häzirki döwre çenli hem bu ugurda uly işler alnyp barylýar. 2019-njy ýylyň sentýabrynda açylan «Türkmen albaý itleri» hojalyk jemgyýetinde türkmen alabaýlarynyň ady rowaýata öwrülen tohumlaryny hünär derejesinde ösdürip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şonda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden dörän «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaby hünärmenlere, alymlara gollanma bolup hyzmat edýär. Onda örän çeper we sada dilde wakalar beýan edilen, ajaýyp suratlar bilen bezelen.
«At – myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim – gutum» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymlygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar we häzirki döwürde has-da ýaşlarda türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi bilen bir hatarda akylly häsiýetleri we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýolunyň dowam etdirilip nesillerden-nesillere geçiriljekdigini aňladýar. Şonuň bilen birlikde dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky alabaý itleriniň muşdaklary bilen hyzmatdaşlykda bolmaga mümkinçilik döreder we olaryň işine hem oňyn täsirini ýetirer.
Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar alabaýlaryň itleriň tohumlarynyň iň gadymylarynyň biridigini tassyklaýar.
Bu taryhy maglumatlar hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» diýen kitaby, taýsyz tagallalarynyň esasynda döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň geljekdäki amala aşyrjak işleri, şeýle-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň kabul edilmegi türkmen halkynyň bu mukaddesliginiň abraýyny dünýäde has-da artdyrýar. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryna milli Liderimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly sarpa goýulýandygyny we onuň has-da kämilleşdirilip, geljekki nesillerimize ýetirilmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň şöhlelendirýär.

Italmaz SAPARLYÝEW