Nowruz geldi ilime


Nowruz geldi ilime



Bahar paslynyň gelmegi bilen daş töwerek bagy bossanlyga öwrülýär. Bu pasylda Türkmeniň ajaýyp baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy bellenilýär. Nowruz türkmen halkynyň, galyberse-de bütin gündogar halkynyň gadymdan gelýän baýramydyr. Aslynda Nowruz sözüniň manysy «Now»- täze, «ruz» - gün manylaryny berip, bu bolsa täze ýylyň täze güni diýmekdir. Tebigatyň janlanyp, zeminiň görke gelen pursady bellenilýär. Nowruz baýramy diýarymyzda uludan bellenilýär. Türkmeniň atalar sözlerinde, nakyllarynda, yrymlarynda aýdymlarynda hem öz beýanyny tapýar. Diýarymyzda Nowruz baýramynda birnäçe süýjülikler taýýarlanyp toý saçagy giňden ýazylýar. Biziň mekdebimizde hem Nowruz baýramy uludan bellenilip mekdebimiziň talyplary, ýagny Bagtyýar nesil aýdymçy oglanlar topary, Şeýda bilbil aýdymçy gyzlar topary, Ýaşlyk joşguny oglan - gyzlardan ybarat tans toparlarymyz aýdymdyr sazlary, tanslary bilen işjeň gatnaşyp uly joşgunly bellenilip geçildi. Mundan başgada ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän çäreler hem-de bäsleşiklere işjeň gatnaşýan talyplarymyz hem bar.
Bu ajaýyp toý gününde eziz diýarymyzda Nowruz baýramyna bagyşlanylyp Muzeý taryhy we medeni ýadygärliklere olary döreden adamlaryň zähmetine sarpa goýulmagy, şol ýadygärlikleriň jemgyýetçilik ähmiýetine, estetik gymmatlygyna olary nesiller üçin gorap saklamagyň, zerurlygyna düşünilmegini gazanmagy bilen, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda “Taryhy gymmatlyklar genji hazynamyzdyr” atly sergi bäsleşigi geçirildi, bu sergide taryhy gymmatlyklarymyzy dolulygyna açylyp görkezildi. Serginiň esasy maksady genji hazynamyzy ösüp gelýän ýaş nesile milli taryhy medeni mirasymyzy gorap saklamaklygyň we dikeltmekligiň uly ähmiýetini görkezmeklik we olar bilen içgin tanyşdyrmak maksady bilen gurnaldy, sergä talyp ýaşlarymyz uly höwes bilen işjeň gatnaşdylar.
Medeniýeti yzygiderli ösdürilmek, ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda taryhy – medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Olardan Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýadygärlikler toplumy ÝUNEKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna girizildi. 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungatynyň, 2016-njy ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, 2019-njy ýylda bolsa «Halyçylyk» sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini buýsanç bilen belläp bileris.
Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ruhlanyp işlemegi, okamagy, döretmegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

Aýgül ÇARYÝEWA