Gün urmagyndan goranalyň!
Alymlaryň barlaglarynyň netijesine görä, Gün şöhlesiniň gyzgynlygy ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Süňňümiz bolsa daşky gurşawyň temperaturasynyň üýtgemegine örän duýgurdyr. Dogry kabul edilende, D witamininiň gözbaşy hasaplansa-da, jöwzaly yssyda Günüň ultramelewşe şöhleleriniň astynda aşa köp bolmak adama ýaramaz täsirini ýetirýär.
Yssy howa bedeni tapdan düşürýär, adamyň ysgynyny alýar, işe bolan ukybyny peseldýär. Howada kislorodyň azalmagy ýürege we gan damarlaryna has köp agram salýar. Netijede, gan damarlary giňelýär we gan basyşy ýokarlanýar.
Howa gaty gyzanda we Gün şöhlesi ýitileşende, bedeniň gyzgynlygy deriň bölünip çykmasy we bugarmasy bilen kadalaşdyrylýar. Deriň bölünip çykmagy bilen beden özüni öte gyzmakdan goraýar. Mundan başga-da, derlemek bedenden toksinleriň çykarylmagyna hem ýardam edýär.
Ýiti Gün şöhlesinden ýeterlik derejede goranylmadyk ýagdaýynda deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Şeyle-de gözleriň şikes almak ähtimallygy ýokarlanýar.
Şonuň üçin Gün şöhlesiniň gös-göni düşýän wagtlary bolan gündiz sagat 11:00-dan 18:00 aralygynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Şeýle zerurlyk ýüze çykaýan halatynda, pasla göra, tene ýakymly, açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap geýmek ýa-da ýaglyk atynmak, saýawan götermek, göreji goramak üçin bolsa Günden goraýjy äýnekleri dakynmak maslahat berilýär.
Lukmanlaryň bellemegine göra, bedende suwuň deňagramlylygynyň saklanmagy üçin tomus aýlarynda günüň dowamynda 2,5 — 3 litre golaý suw içmek talaba laýykdyr. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofe derek, arassa agyz suwuny ýa-da gaýnag suwy içmek saglyk üçin peýdalydyr. Teşneligi gandyrmakda gök çaýdan, täze sykylan miwe suwundan, düýe çalyndan, aýrandan, gatykdan hem peýdalanyp bolar.
Howanyň yssy döwründe buzgaýmakdyr buz ýaly sowuk suw has hem özüne çekiji görünýär. Bu bolsa bedene agram salyp, sowuklama sezewar edip bilýär. Şunuň ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin gyzyp gelip, sowuk suw içmekden hem-de howa sowadyjynyň göni öňünde oturmakdan saklanmaly. Öýde howanyň ortaça temperaturasyny 24 — 26 derejede saklajak bolmaly.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy netijesinde, halkymyzyň saglygy babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Tomus dynç alyş möwsüminde şypahana hyzmatlarynyň ýokary derejede guralmagy hem şolaryň bir mysalydyr.
Ýazgül KAKAGELDIÝEWA