Owadan eller


Owadan eller

kyssa

Jahan özünde dörän ýagdaýyň soňunyň gam-gussa batyrjakdygy hakda ýatsa-tursa hiç oýlanmady. Oňa pitiwa etmän, geldi-geçer garady. Okuwy bilen gümra boldy. Jahan Türkmen döwlet uniwersitetiniň birinji ýyllyk talyby. Talyplyk Jahana durmuşyň ýapan bagt serpaýy. Indi onuň ähli küýi okuw. Ýöne durmuşyň seniň höwesiňe, arzuwyňa bakman, öwrüm edýän pursatlary hem bolýar. Ellerinde dörän gyzyl düwürtijiklere Jahanyň üns beresi gelmese-de, olaryň köpelmegi üns bermäge mejbur etdi: «Ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolýan bu ýagdaýyna gyz aljyrady, biraz gysyldy. Alla janlarym bu nämäniň alamatyka?! Okuwym barka, munuňky näme diýsene?! Gaýgysyz-gamsyz oturan ýerimden bir zat tapyldy oturyberdi. Lukmana ýüz tutmasam boljak däl» diýip, belli-külli karara geldi. Okuwy tamamlanansoň hassahana deri lukmanynyň ýanyna ugrady. Gyz hat-petegini düzedip, salgy berlen lukmanyň ýanyna bardy. Lukman Hazar Ataýew Jahanyň arzyny diňläp, ellerini ünsli synlady:

— Lukmançylygyň dilinde bu derde «Galtaşma görnüşli dermatit» diýilýär. Iýýän-içýän zatlaryňa örän esewan bolmaly bolarsyň. Süýji, turşy, ajy, gazly, gyzyl reňkli zatlary çäklendirmeli. Aşa ýagly zatlardan hem gaçarak dursaň kem bolmaz. Iň gowusy men saňa iýmeli däl zatlaryň sanawyny bereýin diýip, uly gara harplar bile ýazylan sanawly kagyzy Jahana uzatdy. Çalmaly ýaglaryny hem kagyza ýazdy. Netijäni anyklamak üçin on günden gelmegi lukman Jahana berk tabşyrdy: Lukmanyň maslahatlaryna eýermegi ýüregine düwen Jahan, hassahanadan çykyp dermanhana bardy, çalmaly ýaglaryny satyn aldy. Ol indi iýmeli däl hasaplanan zatlary iýmitinden çäklendirdi. Wagtly-wagtynda ellerine ýag çaldy.

Gün-günden düwürtüjikleriň ýüzi soldy. On günüň içinde dertden nam-nyşan galmady. Dertden tiz saplanmagy Jahany ýürekden begendirdi. Lukmanyň «On günden hökman gelgin. Netijäni gözüm bilen görjek» diýen sözlerinem ol çalt unutdy.

Birsyhly geçýän günleriň agramly bölegini Jahan okalga zalynda geçirýärdi. Bu Jahan üçin mukaddes hem eziz ýerdi. «Aň-paýhasyňy durlaýan mekan» diýip, her gezek okalga gelende hoşallygyny bildirerdi. Bu gezek Jahan gerek kitaplaryny kitaphanaçy zenana umumy ýaşaýyş jaýynda okamakçydygyny belledip ýanyna aldy. Ýolboýy ýakymly duýgulara gaplanyp barýardy. Daş-töweregiň gül-gülzarlygy Jahany özüne çekdi. Owadan seýilgähiň deňine ýetende, tebigatyň gözelliginden göwnüni gandyrmak isledi. Oturgyja ornaşyp, töweregiň enaýy görnüşini işdämen synlady. Näzik ellerinde ýene gözi eglendi. Käýerde bildirip ugran gyzyl düwürtüjikler gyzy ör-gökden getirdi: «Göz bilen gaşyň arasynda bular nireden peýda bolduka?! Bejergi alanyma heniz köp wagt geçenok. Indikisi näme-kä?! –diýip, öz ýanyndan hüňürdedi. «Munuň üçin wagt ýitirmäýin. Üns bermesem, öz-özem aýrylyp gider» diýen netijä geldi. Serine gelen pikirine hem berk uýdy. Jahan pikirinden el götermek islemese hem ýagdaý gowulyga tarap üýtgäberenokdy. Gözüniň alnynda köpelýän gyzyl düwürtüjikler gijimsäp oňa gije-gündiz rahatlyk bermedi. Jahan öz-özünden gaharlanyp, öýkelemäni çykardy: «Arkaýyn iýip-içip bilemok. Näme iýsem ýagdaýymy ýaramazlaşdyraýjak ýaly. Hemme zada gorka ýapyşýan» diýip, jibrinmesine jorasy Suraýyň rehimi indi:

— Jahan, sen lukmanyň diýenlerini soňuna çenli etmediň. Häzir geçeni dörjelemegiň wagty däl, «Geçeni geçdi bil» diýipdirler. Ýöne durmuşda çykalgasyz zat bolmaýar ahyry, «Hiçden giç ýagşy». Saňa peýdaly maslahatlar beren lukmanyň ýanyna ýene baraly.

— Men onuň diýenini etmedim-ä. Nä ýüzüme lukmanyň ýanyna baraýyn.

— Ol ak ýektaýly lukman ahyry. Ýüregi ýumşakdyr. Hemme zady bolşy ýaly aýtsaň, ol saňa hökman düşüner, kömek eder diýip, Suraý jorasyna düşündirdi. Bu pikiri Jahan hem makullady. Gyzlar ýola düşdüler. Jahan ýolboýy özüni oňaýsyz duýdy. Birhili lukman yzgytsyz garşylaýjak ýaly ala-sarmyk pikirleriň girdabyna düşdi. Aýna ýaly köçelerde ýöreýän ulaglaryň ýanynda ýoluň müşgili ýok. Sähel wagtda gyzlar hassahana geldiler. Jahan tanyş kabinetiniň deňinde aýak çekdi. Otagyň içinden lukmanyň sesi eşidilýärdi. Jahan tykyransa-da usullyk bilen gapyny açyp, içerik girdi.

— Salam lukman.

— Salam. Aýdyberiň jigim diýip, lukman Jahanyň ýüzüne çiňerildi. Lukman Jahanyň arzyny bu gezegem ýürekdeş diňledi. Nazar Ataýew uludan demini alyp:

— Jigim, allergiýa gaýtalanyp bilýän kesel. Ondan saplanmakda, hassanyň özi-özüne lukman bolmagy başarmaly. Başgaça aýdanymyzda, bu özüňi hiç wagt ünsden düşürmeli däldigini aňladýar. Adam öz bedeni bilen dost bolup, oňa gowy sözleri bagyşlamaly. Onsoňam elleriň diňe gowy işleri bitirsin. Edilýän emleriň derman boljakdygyna ynanmaly. Ynam iň güýçli dermandyr. A-na şonda seniň ýüregiňem, elleriňem hemişe owadan bolar. Bu sözleri Jahan kalbyna nagyşlady. Bütin durky bilen gulaga öwrülen Jahan lukmana:

— Bu dertden bütinleý gutulyp bilerinmi? – diýip, gönümel sowal berdi.

— Ol seň özüňe bolan söýgiňe bagly. Özüňe söýgiň çäksiz bolsa islendik dertden gutulyp boljakdygyna ynanýaryn. Adam durmuşda iň uly baýlykdygyna düşünende, özüne söýgisi, hormaty artýar. Özüňe hormatyň, söýginiň gözi bilen garamak, saglygyňy berkidýär. Lukman oňa ýene birnäçe peýdaly maslahatlary berdi. Jahan lukmanyň iş otagyndan üýtgeşik pikir-hyýallara berlip çykyp gaýtdy. Bedeniň sagdyn bolmagy üçin oňa hiç wagt geldi-geçer garamaly däldigine gözüni açdy. Lukmanyň sözleriniň haklygyna durmuşyň, ýaşaýşyň özi subutnama ahyry.

Hawa, Türkmen döwlet uniwersitetini üstünlikli tamamlan Jahan dogduk obasyndaky mekdepde mugallym bolup işe başlady. Bu gün hem Jahan adatdaky ýaly säher bilen işe rowana boldy. Synp sagadynyň okuwçylaryna täsiriniň nähili boljakdygy barada oýlanyp, iş gününiň nädip geçenini duýmady. Sagadyň jykgyldap saz edýän dilleri Jahany synp sagadyna getirdi:

— Mähriban okuwçylar adam durmuşda ähli işleri elleriniň üsti bilen ýerine ýetirýär. Şonuň üçin bir işe başlamazdan öňürti mazaly oýlanyň. Iliň oňlamaýan işini ediji bolmaň. Elleriňiz diňe gowy işleri bitirsin! Gowy işler elleriňize kuwwat, bedeniňize güýç berer. Şonda siz hakyky owadanlygyň nämedigine düşünersiňiz. Bütin kalbyňyz bilen özüňizden hoşal bolarsyňyz. Okuwçylar mugallymyň sözlerini ör-turup makulladylar. Jahan bolsa bu ajaýyp pikirleri özünde döreden lukman Nazar Ataýewe ýene-de alkyş aýtdy.

Ogulgurban Gaşlakowa