Bitaraplyk — şan-şöhratymyz


Bitaraplyk — şan-şöhratymyz



Ata Watanymyz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda syýasy ulgamda uly üstünlikler gazanýar. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary barha berkäp, hyzmatdaşlaryň sany artýar. Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, sebitde durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna, parahatçylygyň we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Munuň şeýledigini paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýändigi hem subut edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň yzygiderli we netijeli alyp barýan Öňüni alyş diplomatiýasy wajyp ähmiýete eýedir. Bu syýasy ugur gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylygy berkitmek we dünýäniň ähli ýurtlarynda durnukly ösüşi ýola goýmak hem-de yzygiderli ösüşde saklamak işiniň anyk gurallarynyň biridir. Türkmenistanyň hem halkara gatnaşyklarynda şu ugry saýlap alandygy bellärliklidir. Şeýle işleriň durmuşa geçirilmeginde hemişelik Bitaraplygymyza aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty parahatsöýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, birek-birege hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamalaryň esasynda hereket edýär. Bu syýasy ugur tutuş Ýer ýüzünde goldanylýan syýasy ýörelge bolandygy sebäpli Türkmenistanyň halkara abraýy has hem artdy. Munuň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde eden taryhy çykyşlary durandyr.

Bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyk döretmek ugrunyň esasy binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ýörelgeleri BMG-niň strategik esaslaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi bu abraýly halkara gurama bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini görkezýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bitaraplygyň häzirki zaman şertlerinde ähmiýetiniň nähili uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biragyzdan kabul edilen bu Kararnamada bitaraplyk syýasatynyň sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek wajyp orun eýeleýär. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ýüze çykýan meseleleri we jedelleri çözmegiň parahatçylykly ýollar bilen alnyp barylmagyny hem-de gatnaşyklaryň medeniýetiniň ýola goýulmagyny wajyp hasaplaýar.

Geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etdi. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň uludygyny bellemek zerurdyr. Çünki ýurdumyzyň alyp barýan oňyn hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde durnukly ösüşi gazanmaga we parahatçylygy döretmäge saldamly goşant goşýar. Halkara bileleşigi hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk boýunça syýasy-diplomatik şertleri döretmegiň pugta guraly hökmünde garaýar. Muňa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokary guramaçylyk derejesinde geçen hem-de dünýäniň ünsüni özüne çeken «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty hem şaýatlyk edýär. Bu halkara maslahata abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň wekilleri, ýolbaşçy düzümleri gatnaşdylar.

Üstümizdäki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden belläp geçer. 12-nji dekabrda paýtagtymyzda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler. Bu halkara maslahat ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny, BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny täze tapgyra çykarar. Şeýle-de ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmekdäki tagallalarynyň ykrarnamasy bolar.

Gutly GOŞAÝEW