BAGŞY


BAGŞY



Abylkasym Firdöwsi atly şahyryň «Aslyň seniň agaçdandyr» diýip belleýşi ýaly, kädisi tutdan, gapagam otda köýdürilip, oňat garaldylan, sapy erik agajyndan bolan, kümüş perdeli, öz döwründe ýüpek (häzirki wagt sim) tarly dutar bilen dostlaşmak, ony eliňe alyp, «Bagşy men» diýip, orta çykmak her kimlere başardyp barýan hünär hem däl. Biziň gürrüňini etmekçi bolýan halypamyz hem bir tarapdan režissýor, aktýor, eseriň gahrymany, ýene bir tarapdan aýdyjy-sazanda, göýende-bagşy bolup, keşpleri birkemsiz ýerine ýetirip, diňleýji-tomaşaçylarynyň sanyny artdyryp, gürrüň bermegi, kemsiz saz çalyp, aýdymlar aýdyp diňleýjiler köpçüliginiň söýgüsini gazanan, özüne «Bagşy aga» diýdiren adam. Onuň bir toýda:

Gyrat geldi jylaw baçyp,
Göroglydan, eý-waý-eý, bildiňizmi?!
Aýlyk ýoly alty basyp, ýar-ýar,
Beg oglundan bildiňizmi-i?!..

Öwez jan, sen bäriň gara,
Ýüregime, eý-waý-eý, saldyň ýar-a-a,
Agaýunus, bir biçäre,
Namyratdan bildiňizmi-i?! Eý, how, eý-eý.

— diýip «Gülçopanyň» sazyna «Görogly» şadessanynyň «Arapreýhan» şahasynyň gyrasyndan girip ugranyna şaýat bolduk. Ol şonda şadessanyň dowamynda Leke şanyň haty eltilip berlen Reýhanaraba «Men Görogly bilen uruşmazlyga kasam etdim, men onuň bilen urşup bilmerin», soňra şol hat eltilip berlen onuň dogany Amanaraba «Uruş-galmagaly goýup, sopy bolup ýörüs» diýdirdi. Soňra şol haty doganlaryň iň kiçisi Arapreýhana eltip berýär. Uruş küýsäp, gylyjyny çarhlap ýören Arapreýhany dessine piline mündürdi-de, ony Leke şanyň ýanyna getirdi. Bu zaňňary «Boýy minara ýaly, seri gümmez kimin, agzy içine odun salyp ýakybermeli ojak deý, dişleri dagyň küdeň daşlary ýalak, sakgaly kelleklenen tut deýin» diýip taryp etdi. «Leke şa bu zaňňaryň kaddy-kamatyny görüp, aglap goýberdi» diýdi-de, öwünjeň, pöwhe zaňňary Göroglynyň üstüne, çar dagly Çandybile ugratdy. Wakanyň dowamynda: «Pylança günüň çaý-çöreksizligi, ýadawlygy, Agaýunusyň bu gürrüňlerine gulak gabartmaga-da mejaly ýetmeýän ýigitler sortduryşyp otyrlar. Käbiri bolsa: — Görogly ýaly gerçek, goç ýigidi ele salan bolsa, biz kimmişik, onuň ýanyna barar ýaly?! Bu işde her kim öz başyny özi çarasa, ökde boldugy — diýip, içini gepledýär. Onýança ýene Agaýunus peri:

— «Eý, oglum, Öwez jan! Men saňa ene süýdüni bermesem hem, gol süýdüni berendirin. Sen baryp Görogly agaň öli ýa, diridigini bilip gelmeseň, beren duzuma razy däldirin — diýdi...» diýip, on dört ýaşly Öwez jany Gyrata mündürip, Göroglynyň yzyndan ýola rowan eýledi. Hawa, Ýazmyrat bagşy Öwez jany, Sapar kösäni, Mirem-Gammary Göroglynyň yzyndan ugratdy. Olary Arapreýhanyň yzyndan ýetirdi. Görogly begi duşman golundan azat etdirdi... Görogly begi, Öwez jany, Sapar kösäni, Mirem-Gammary sag-aman çar dagly Çandybile getirdi. Görogly bege:

Başyňyzda elwan leçek,
Biliňizde tylla pyçak,
Arap golunda bir goçak,
Gitdi harlaýa-harlaýa...
Sapar ýanynyň ýoldaşy,
Mirem-Gammardyr, gör, daşy,
Palaw başynda köp kişi,
Otyr gürleýe-gürleýe...

— diýdirip, mertleri taryp etdirdi, namartlaryň hem çetine degdirdi... Dessan aýdyp bermegiň hasabyna töweregindäkilere öwüt-ündewler etdi, «türkmençilik» atly ruhy tagam bilen adamlaryň göwnüni awlady, türkmeniň taryhy-medeni durmuşy barada many-maňza ýugrulan dürdäneleri köp sanly diňleýjilere ýetirdi. Ýaşlara gyzykly, kenarlary aýdym-sazlar bilen keşdelenen dessanlar aýdyp bermegiň hasabyna olaryň aňlaryny tagamy iňňän üýtgeşik ruhy hörekler bilen «suwardy»...

Men onuň ýene bir gezek Salyr Gazan, Ogurjyk alp bilen baglanyşykly dessan aýdanyna şaýat boldum. Halypa bagşy Ogurjyk alpyň atasy Garagazy beg, onuň atasy Garaçhan, onuň atasy Sanam gazy, onuň atasy Börüçi gazy, onuň atasy Gulaly gazy, onuň atasy Ynal gazy, onuň atasy Süleýman gazy, onuň atasy Haýdar gazy, onuň atasy Otgözli gazy, onuň atasy Gazan alp, onuň atasy Engeş gazy, onuň atasy Ender, onuň atasy Ata beg, onuň atasy Temir, onuň atasy Salgur, onuň atasy Dag han, onuň atasy Oguz han turur. Oguz han zamanyndan häzirki güne çenli bäş müňýyllyk ýol ýatyr arada. Sekizinji asyrda ýaşan, adyny altyn harplar bilen taryh sahypalaryna ýazan Salyr Gazana bagyşlap Gorkut ata atly eždadymyz şeýle boý boýlapdyr diýip, ol elini dutaryna ýetirdi we gündogar äheňinde, Salyr Gazanyň äheňinde türkmeniň gerçek ogly Salyr Gazana bagyşlanyp ýazylan goşgyny aýdym edip aýdyp ugrady. Ýazmyrat bagşy nowaýy perdeden başlap, bas bilen menor arasyndaky bariton sesi bilen şu goşgynyň sözlerini saza salyp, sanap ugrady (Diňe özüm däl, beýleki bagşylar hem gyzyldan gymmatly bu goşgyny ýat tutar diýen tama bilen, goşgyny doly we dogry okyjylara ýetirmegi makul bildim). Ol:

Gök asmandan inip geldi tennin ýylan,
Her adamny ýutar erdi görgen zaman,
Salur Gazan başyn kesdi bermeý aman,
Alplar, begler, görgen barmu Gazan kibi?!..

Türki, türkmen, arap, ajam ragyýatlar,
Gazan kyldy musulmanga terbiýetler,
Barça ilge gülüp bakdy oşol fursatlar,
Alplar, begler, görgen barmu Gazan kibi?!

Seýýah Gorkut, öler bolduň imdi bilgil,
Ol Gazannyň döwletige doga kylgyl,
Kerwen gitdi, köp giç galdyň, ýolga girgil,
Alplar, begler, görgen barmu Gazan kibi?!

— diýip, özem Gorkut atanyň özi bolup, onuň dessanyny kyssasy hem aýdymlary, düşündirişli sözleri bilen toýda adamlara aýdyp berdi. Şonda men onuň ýerine ýetirijiligine, özem köne türkmen sözlerini ýerli-ýerinde goýup, oturanlar üçin örän düşnükli edip aýdyp oturanyna, sazlaryny ezberlik bilen çalyp, dem alman dessan aýdyşyna haýranlar galdym. Bagşy bu dessanyň: «Uly alymlaryň bellemegine görä, «Gorkut ata» eposynyň wakalarynyň bir bölegi Х-ХI asyrlara, ýene bir bölegem VI-VII asyrlara degişlidir. Şonuň üçin hem edermen eždatlarymyzyň başdan geçirmeleri bolan, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan bu eser halkymyzyň rowaýaty-geçmişiniň, edebi hem medeni mirasynyň, jemgyýetçilik gurluşynyň, urp-adatynyň, ykdysady we ahlaky durmuşynyň dürdäneleri bolup durýar» diýip jemini jemledi. Meniň şonda Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabyndaky: «Halk sazy adamyň kalbyna aýratyn oňaýly täsirini ýetirýär. Asyrlaryň dowamynda türkmen halky köp sanly aýdymlary döretdi. Olar biziň iň ýakyn dostlarymyz, kömekçilerimiz, durmuşymyzyň wepaly hemralarydyr. Her bir türkmeniň kalbynda aýdym aýtmaga, saz gurallaryny çalmaga bolan söýgi ýatandyr, ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda sazy söýüpdirler, oňa uly hormat goýupdyrlar. Türkmen topragy sungaty halkyň buýsanjy bolup durýan köp sanly bagşy-sazandalary döredipdir» diýen jümleler hakynda biygtyýar pikirlendim.

Halypa bagşy Ýazmyrat Jumadow ezber sazandady, sözleri saýhally dessançy bagşydy. Onuň aýdan «Myrat bagşy ata» dessany, «Balymdan boldy», «Melul olmagyn!», «Bir zaman goýgun!», «Badam bar», «Babaröwşen», «Barar men myhmana garşy» ýaly aýdymlary Türkmen radioýaýlymlarynyň altyn hazynasyna alnyp, häli-şindi diňleýjilere ýetirilip durdy. Onuň aýdym-saz muşdaklarynyň bolsa heniz-henizlerem kändigine toýlarda bolanymyzda göz ýetirýäris.

Gurbandurdy ÖWEZOW