Şa serpaýy –– bagtdan paý


Şa serpaýy –– bagtdan paý



Akyldarlarymyzyň pähim eleginden, durmuş synagyndan geçirip aýdan dürdänelerinde: «Ýagşy adam Güne meňzär, nirä barsa ýagtyldar» — diýip, belleýişleri ýaly, ygtybarly daýanjy hasaplaýan mähriban halkynyň bagtyýarlygyny olaryň sagdynlygynda, ruhubelentliginde görýän hormatly Prezidentimiziň adyndan Döwletliler köşgündäki çagalara ajaýyp welosipedleriň gowşurylmagy buýsanja beslenen wakalaryň biri boldy.

Milli Liderimiziň asuda, abadan ýurdumyzyň geljegini nurlandyrjak ýaş nesliň sagdyn, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy baradaky tagallasyndan bir ülüş bolan ajaýyp sowgatlar — welosipedler bu ýerdäki çagalaryň gülden näzik kalplaryny çäksiz şatlyk duýgularyna besledi.

Şa serpaýyna ýürekden hoşal bolan çagalaryň Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdan ýürek sözleri şygyrdyr şirin mukamlarda belentden ýaňlandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýindäki Prezident muzeýi bölümine sowgat beren welosipedi medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, kämilleşdirmak baradaky tagallasynyň iş ýüzünde dabaralanmasydyr.

Şatlykly waka mynasybetli şu muzeýde ýaýbaňlanan dabarada edilen çykyşlarda hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek barada kabul edýän göwünleri galkyndyryjy çözgütleri, durmuşa ornaşdyrýan beýik tutumlary hakynda bellenilip geçildi.

Miwe Bekmyradowa