Tüňçe çaýy


Tüňçe çaýy



Bereketli türkmen topragy, Garagum sährasy, türkmen halkynyň ajaýyp milli häsiýetleri, mertligi, myhmansöýerligi hakdaky gymmatly maglumatlar gadymy rim we grek taryhçylary Gerodotyň, Strabonyň, Ptolemeýiň, hytaý syýahatçysy Sýuan-Szanyň, arap we eýranly jahankeşdeler Ibn Battutany, Ibn Ýakutynyň, al-Makdisiniň, türkmen topragyna syýahat eden italiýaly syýahatçylar Marko Polonyň, Plano Karpininiň, iňlis syýahatçylary Antoni Jenkinsonyň, Aleksandr Bornsyň, rus alymlary N.N.Murawýowyň, G.S.Kareliniň we başgalaryň taryhy ýazgylarynda öz beýanyny tapypdyr.

Düýedir dowar sürüleriniň erkana agyp-dönüp ýören ýeri, rysgal-berekediň gözbaşy hasaplanýan Garagum sährasyny türkmen halky «Altyn ýaýla» saýypdyr. Özboluşly tebigaty, ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýan Garagum sährasy ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmeniň çarwa ilaty üçin hem ot-iým we odun binýady bolup hyzmat edip gelipdir. Bu sähralyklarda ojar, sazak, gandym, çerkez, sözen, ýylgyn, selin giňden ýaýrapdyr. Bu ösümlikleriň arasynda has giň ýaýrany sazak bolup, onuň ak we gara sazak diýen iki görnüşi bar. Gara sazaga, adatça, ojar diýilýär. Ak sazagyň boýy 2-5 metre ýetýär. Gyşda onuň gök şahajyklary düýe we ownuk mallar üçin ot-iým bolup hyzmat edýär. Gara sazagyň ýa-da ojaryň boýy 5-6 metre ýetýär. Tomsuna gülleriniň köpüsini dökýär. Gara sazak Garagum sährasynyň pesliklerinde gür jeňňellik, ojarlyk emele getirýär. Sazaklaryň, ojarlaryň Garagum sährasyndaky çägeleriň süýşmeginiň öňüni almakda we mallar üçin ot-iým hökmünde ähmiýeti uludyr. Sazagyň ýa-da ojaryň guran şahalaryny ata-babalarymyz odun hökmünde ulanyp gelipdir.

Türkmen halkynyň myhmansöýerlik däbine görä, Garagum sährasynyň islendik künjeginde ýaşaýan sähraýy çarwa ilat hem myhmana, ilki bilen düýe çalyny, tüňçedir taňkada sazak ýa-da ojar oduna gaýnan gök çaýyny, ondan soňra ajaýyp milli tagamlary hödür edýär. Alym Arkadagymyzyň «Çaý – melhem hem ylham» atly kitabynda belleýşi ýaly, çaý dünýä ýüzünde giňden ýaýran içgi bolmak bilen çäklenmän, eýsem köp halklar, şol sanda türkmen halky üçin gadymy içgileriň biridir, onuň içilmegi bolsa, milli medeniýet, hojalyk, myhmansöýerligiň däpleri bilen üznüksiz baglydyr. Garagum sährasyndaky guýularyň durnagöz suwundan ýa-da dag çeşmesiniň suwundan demlenen, açyk meýdanda, gury sazagyň oduna tüňçede ýa-da taňkada gaýnadylan çaýdan tagamly içginiň ýokdugy her bir türkmene mälimdir. Çaýyň taýýarlanylmagy tutuş bir sungat bolup, ol ukyply ussadyň başarnygyna baglydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çaý demlemegiň dürli usullary, şolaryň ýurdumyzyň dürli sebitlerinde öz aýratynlyklary bar. Çaýy saglyk üçin içmek maslahat berilýär. Çaýy taýýarlamagyň kadasy halk pähimlerinde öz beýanyny tapypdyr. Gury sazagyň oduna gaýnan tüňçe çaýy adam saglygy üçin peýdaly bolup, rahatlandyryjy häsiýete eýedir. «Der bilen dert çykar» diýlişi ýaly, dümew degende ýa-da agyr zähmetden soňra, guran sazagyň oduna gaýnan tüňçe çaýy içilende, ol derledip, bedendäki nähoşlygy, argynlygy aýyrmaga ýardam edýär. Durmuş synagyndan geçen dostuň, goňşyň ýa-da pähim-paýhasly adamlar bilen çaý içmek adama oňaýly täsir edýär. Hormatly Prezidentimiz «Çaý – melhem hem ylham» atly kitabynda türkmen halkynyň çaýa çagyrmak däbi hakynda söz açyp: «Türkmen ýaşululary «çaý içeňde, içen ýaly içmeli» diýýärler. Munuň üçin mis tüňçe, ojar ýa-da sazak, çeşme ýa käriz suwy, bir bölek nabat, käse, atymlyk gury çaý hemem oňat söhbetdeş gerek» diýip belleýär.

Türkmen halkynyň gadymy halk döredijilik eserleriniň bir görnüşi matallarymyzda türkmeniň çaý taýýarlamak däbi bilen bagly maglumatlar öz beýanyny tapýar. Muňa mysal edip: «Bagyrtlagym bakyp dur, bagryn oda ýakyp dur» (Otdaky tüňçe), «Daşy gara, içi ak, sapy bar-da, jüründigi ýok» (Tüňçe), «Garaja oglan böküp otyr, ýürek ýagyn döküp otyr» (Tüňçe) diýen matallary mysal getirmek mümkin. Bu matallar ýaş nesliň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmaga, bilesigelijiligini artdyrmaga özboluşly täsirini ýetiripdir. Türkmen halky meýdanda çaý gaýnatmak üçin çoýundan ýasalýan tutawaçly, jüründikli galyň gaby «taňka» diýip atlandyrsa, ýene-de bir çaý gaýnadylýan jüründiksiz, tutawaçly mis gaby «tüňçe» diýip atlandyrypdyr.

Türkmen halkynyň arasynda myhmana hyzmat etmek, maşgala gatnaşyklary, ata-enä hormat goýmak, olara çaý-çörek äbermek ýaly ýazylmadyk kada kanunlary bilen bagly garaýyşlar hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda hem täsirli suratlandyrylýar:

«Bu, göräýmäge, ýönekeý bir zat ýalydyr, ýöne munuň aňyrsynda tükeniksiz güýç bar. Perzent üçin her sabany öz mähriban ata-eneň mübärek seslerini eşidip, olaryň sag-aman örendiklerini görüp garşylamakdan zyýada başga nähili ýakymlylyk, manylylyk bolup biler.
Mälikguly doganlary bilen daşaryk çykyp, haýdan-haý ojakda ot ýakarlar, tüňçeleri suwdan dolduryp goýarlar.
Kakasy bilen ejesi gelýänçä kündükde gyzgyn suw taýýarlarlar. Gyzgyn suwly kündügi alyp Mälikguly ata-eneleriniň öňlerinden çykar.
— Kaka jan, gyzgyn suw taýýarladym, geliň el-ýüzüňizi ýuwsaňyz, akydaýyn.
— Eje jan, gyzgyn suw taýýarladym, geliň, akydaýyn.
— Sag bol, oglum, sag bol!
Daň säherde ogul öz mähribanlaryndan sag bol alar».

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden melhem içgileri taýýarlamak hem asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli işi fitoterapiýanyň köp syrlary barada gürrüň berýär. Hut şonuň üçin hem bu ylmy-ensiklopedik kitap dünýäniň lukmançylyk ylmynyň, şeýle hem okyjylaryň gymmatly baýlygy hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz merdana pederlerimiziň tebigat gymmatlyklaryna goýan gadyr-gymmaty hakynda söz açyp: «Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak türkmen halkyna gadymy döwürlerden bäri mahsus ýörelgedir. Oňa döwrebap dereje bermek zerurdyr» diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasyna golaýda bolan iş saparynda hem daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Biz hem halkymyzyň milli däp-dessurlaryny gorap saklamak, ony gaýtadan dikeltmek, türkmen tebigatynyň, Garagum sährasynyň gözelligine gözellik goşmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

Myrat Tuwakow