Behişdi bedewler buýsanjymyzdyr


Behişdi bedewler buýsanjymyzdyr



Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, behişdi bedewlerimiz hem özüniň ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen dünýä bellidir. Lälezar sähramyza ajaýyp görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär.
Türkmen asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewlerini ösdürip gelipdir, olary gözleriniň göreji deýin gorap saklap, ussatlyk bilen seýisläpdirler. Gadymy nusgawy edebiýatymyzyň sahypalarynda ahalteke bedewleriniň gözelliginiň, ýyndamlygynyň, eýesine wepalylygynyň waspy ýetirilipdir. «Görogly» şadessanynda Gyratyň Göroglynyň durmuşyndaky orny hakyndaky wakalar eseriň başyndan tä ahyryna çenli behişdi bedewleriň türkmen halkynyň batyr ýigitleriniň goly-ganaty bolandygyny äşgär edýär. «Oguznama» şadessanynda hem «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin, ýöne sen dogandan hem zyýada» diýen setirler halkyň ata bolan buýsanjynyň näderejede belent bolandygyny äşgär edýär. Elbetde, bedew atlar hakynda gürrüň gozgalanda, şygryýet äleminiň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine salgylanmazlyk mümkin däl. Ol «Gerek» diýen şygrynda:

At gazanar goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek.
Gelene garşy çykmaga,v Ýagşy muhabbeti gerek

— diýip, belleýär. Nusgawy şahyr Magrupynyň hem bedew hakdaky bu ajaýyp setirleri kalbymyzdan orun alypdyr:

Hak ezelde halk eýlemiş,
Bir ajaýyp zatdyr bedew.
Jennet Byragy diýmişler,
Ýalançyda atdyr bedew.

Biziň ata-babalarymyz ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan sarpa- söýgüsini nakyldyr aýtgylarynda hem milli öwüşgin bilen beýan edipdirler. Ata-babalarymyzyň pähim-parasada ýugrulan «Atym bar — ganatym bar», «Säher turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At — ýigidiň myrady», «At agynan ýerde toý bolar» diýen ýaly nakyllary halkymyzda arzylanan şöhratly bedewlerimize bolan garaýşyny, olara goýulýan hormaty beýan edýär.
Gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedewlerimize dünýäniň meşhur ja- hankeşdeleri, atşynaslary hem ýoka- ry baha beripdirler. Olardan gadymy grek taryhçysy Ksenofont ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyna, çalasyn- lygyna: «Ýüwrüklikde hiç bir zat olar bilen bäsleşip bilmez, kepderiler we durnalar olaryň yzyna zordan eýer- ýär» diýip, belent baha beripdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň tutýan orny hasda belende göterildi, olar barada edilýän aladalar täze mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de welaýatlarynyň gözel künjeklerinde atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Aýlawlarda atşynaslyga, seýisçilige, çapyksuwarlyga höwesjeň ýaşlaryň tälim alýandygy guwandyryjydyr. Ol ýerde geçirilýän çapyşyklar bolsa şatlyk-şowhuna beslenip, ýyndam bedewlerimiziň muşdaklaryna ajaýyp baýramçylyk joşgunyny peşgeş berýär. Aşgabadyň sirkinde behişdi bedewlerimiziň görkezýän täsin tilsimleri, ýigitleriň at üstündäki milli oýunlarynyň çykyşlarynyň guralmagy, ýurdumyzda ahal-teke bedewine bagyşlanan halkara maslahatlaryň geçirilmegi, aýdym- sazlarda onuň waspynyň ýetirilmegi, ýurt Baştutanymyzyň Karary bilen 2009-njy ýyldan başlap türkmen be- dewiniň gözellik bäsleşiginiň yglan edilmegi türkmeniň ahalteke bedewleriniň şöhratyny bütin dünýä ýaýmakda edilýän uly işlerdir.
Hormatly Prezidentimiziň türkmeniň ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhy, şu güni we geljegi hakda söhbet açýan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepada bar, sapada» atly eserleriniň neşir edilmegi ajaýyp zamanamyzda behişdi bedewlerimize goýulýan bimöçber sarpadan nyşandyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, ösdürmekde, kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

Merdan ABDYLOW