Ylym ojagy


Ylym ojagy



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde, türkmen medeniýeti döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýär we bütin dünýä ýaýylýar.
Medeniýet — döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni. Halkyň durmuşy, ýeten derejesi onuň medeniýetinde aýdyň ýüze çykýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly tagallasy bilen gülleýän medeniýetimizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar.
Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýdyp, medeniýet işgärleriniň ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek üçin geljekde hem yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirdi. «Biz halkyň kalby hasaplanýan medeniýetimizi ösdürmäge, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we giňden wagyz etmäge, ýaş nesillerimizi watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge mundan beýläk-de uly üns bereris» diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy belleniljek 2021-nji ýylda kitaphanalarda şanly sene mynasybetli zähmet weteranlary, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygiderli guramagy tabşyrdy.
Ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän Döwlet kitaphanamyzda okyjylarymyzyň sany, olaryň kitaba bolan söýgüsi has artýar. Kitap hazynamyz ylymlaryň pudaklaryna, edebi mirasymyza, halk döredijiligimize degişli edebiýatlar we nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri bilen baýlaşdyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan döreýän gymmatly kitaplaryň yzygiderli elimize gowşup durmagy diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilime, kitaba, okamagyň peýdasyna bagyşlanan pähim-paýhasly, köňüllere ganat, kalplarymyza ylham berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, «Türkmen medeniýeti», «Atda wepada bar, sapada», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýaly gymmatly kitaplary okyjylarymyzyň ebedi hemrasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň ikinji jildinde: «Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünýä kitaba öwrülmek üçin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany» diýip belleýär. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şol paýhas ummanyny özünde jemlän kitaplaryň many-mazmunyny okyjylar köpçüligine ýetirmek, ösüp gelýän nesillerimiziň watansöýüji, ilhalar, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin biz — kitaphanaçylar öz ukyp-başarnygymyzy jogapkärli işimize sarp etmelidiris. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen däp-dessurlarynyň maglumat gorlaryny gorap saklamakda we ony dünýä ýüzüne wagyz etmekde ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarys. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, Döwlet kitaphanamyzda kitap sergileri, kitaphana synlary, döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen tele we radioýaýlymlarda okuw-ündew we wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Geçen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 24-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Ermenistan döwletleriniň kitaphanalarynyň arasynda onlaýn maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap, Balkan, Daşoguz welaýat kitaphanalary, şeýle-de Ermenistanyň ilçihanasy hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Onlaýn maslahatyň dowamynda iki ýurduň kitaphana işi barada giňişleýin çykyşlar guraldy. Maslahata gatnaşan hünärmenler kitaphana işini döwrebap guramak hemde täze girizilýän hyzmatlar dogrusynda pikir alyşdylar.
Goý, medeniýetiň hak Howandary, kitaphana işini ösdürmäge uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

Bagdagül SAMEDOWA