SYRLY SETIRLERI ÇÖZLÄN ŞAHYR



SYRLY SETIRLERI ÇÖZLÄN ŞAHYR


Magtymguly Pyragy parasatly sözleri, ertekileri, matallary, nakyllary, tapmaçalary, dessanlary içgin öwrenip, öz edebi ussahanasynda gowy taplapdyr. Bu çuňňur sowatlylyk akyldar şahyrymyza tapmaça äheňli goşgulary ýazmaga mümkinçilik beripdir. Şol tapmaça äheňli goşgularyň syryny çözlemäge ilkinji synanyşanlaryň biri-de Annadurdy molla şahyr — Annadurdy Eýeberenowdyr.

1994 — 1997-nji ýyllarda «Halk sesi» gazetinde Annadurdy şahyryň Magtymguly Pyragynyň «Çykyp oturmyş», «Resululladyr», «Ýaşy nädendir», «Kaýsydyr», «Kaýdadygy bilinmez», «Utup durupdyr», «Tumar gördüm» ýaly syrly şygyrlaryna goşgy bilen ýazan çözgütleri, şeýle-de onuň «Perman eýlemiş», «Algyl aradan», «Ýanyndadyr», «Perwaz birle», «Ryswa jahandan» ýaly goşgulary, «Arap hasap ylmy hakda», «Aryf şahyryň bir goşgusynyň çözgüdi», «Bir bent goşgynyň taryhy ýa-da çözgüdi nireden gözlemeli?», «Magtymguly we Gurhan», «Magtymguly we tasawwuf ylmy», «Magtymgulynyň kämillige ýetişi», «Magtymgulynyň ruhy halypasy», «Syrly setirler: Aryf şahyr hakynda kelam agyz söz» ýaly makalalary okyjylara ýetirilipdi. Şu goşgulardyr makalalar çap bolansoň, Annadurdy agany Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň şol wagtky Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyna işe aldylar. Bildirilen uly ynama höweslenen Annadurdy aga şondan soň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur aralaşyp ugraýar.

Beýik akyldarymyzyň syrly setirlerini çözlemek ýolunyň gaty köteldigini şu işe synanyşan adamlaryň ençemesi aýdyp geçipdi. Olaryň birnäçesi syrly setirler barada eden işlerini halk köpçüligine ýetiripdi. Annadurdy şahyr hem ömrüniň 50 ýyldan gowragyny şu hysyrdyly işe bagyşlapdyr. Ol Pyragynyň şygyrlarynyň syryny çözlemegiň kyndygy barada «Pyragy» atly goşgy hem ýazypdyr.

Annadurdy aga öz makalalarynda akyldar şahyryň ylham çeşmesiniň biriniň Gurhandygyny nygtaýar, onuň bu keramatly kitaba ýüzlenen wagty ylhamynyň joşup, ondaky rowaýatlara salgylanyp, tapmaça häsiýetli goşgularyny döredendigini belläp geçýär.

Şol makalada Annadurdy aga Magtymgulynyň döredijiligini öwreniş ylmy we özünden öň bu babatda işleri alyp baranlar barada hem şahsy pikirlerini aýdypdyr. Molla şahyr beýik akyldaryň döredijiliginiň syrly taraplaryny öwrenmekde ençeme alymlaryň bellibir netije çykarandyklaryny belläp geçýär. Ol Muhammetnazar Annamuhammedowyň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde...», Romanguly Mustakowyň «Magtymgulynyň poeziýasynda gadymy Gündogaryň mifleri», Aman Şyhnepesowyň «Magtymgulynyň älemi» ýaly kitaplarynyň Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde saldamly işlerdigini nygtaýar.

Şu ýerde Annadurdy molla şahyryň dürli sanlary öz içine alýan syrly setirlere çözgüt tapyşyna seredeliň. Ol «Halk sesi» gazetiniň 1997-nji ýylyň 9-njy aprelindäki sanynda özüniň çap bolan «Magtymgulynyň ruhy halypasy» atly makalasynda syrly sanlar barada şulary ýazýar: «Bahaweddin Nagyşbendiniň doglan obasynyň ady bolan «Kasr-i Arifan» sözüni ebjet hasaby bilen yzarlap, harplaryň san bahasyny ýerine goýsak we şol alnan sanlary goşsak, jemi 791 bolýar. Şu hasap Bahaweddin Nagyşbendiniň aradan çykan wagtynyň hijri-kamary ýyl hasaby boýunça 791-nji, milady ýyl hasaby boýunça 1391- nji ýyla gabat gelýändigini görkezýär».

Dilçi alym Sabyr Arazgulyýew «Bilip goýan ýagşy» atly makalasynda mukaddes Gurhanyň mazmuny, ondaky sürelerdir aýatlar barada metbugatda dürli pikirleriň bardygyny beýan edip, bu meselede Annadurdy molla şahyra ýüzlenmelidigini nygtaýar: «Aslyýetinde, gudraty güýçli Allatagala tarapyndan barça adamlar üçin döredilen Kurany kerim 114 süreden, 6236 aýatdan durýar. Bu hakykaty ony terjime edenler (G.S.Sablukow, I.Ý.Kraçkowskiý) hem makullaýarlar. Munuň üstesine, yslam taryhyna ezber, Kelamulladan ýetik baş çykarýan, arapşynas Annadurdy molla şahyryň bu soraga beren jogaby muny doly tassyklaýar».

Mirasgär Böri Gurdow hem özüniň «Beýik akyldar we halk döredijiligi» atly makalasynda («Türkmen gündogary» gazeti, 2023) Annadurdy molla şahyryň syrly setirlerine salgylanýar: «Gündogar edebiýatynda tapmaça häsiýetli şygyrlar üç görnüşde beýan edilýär. Olaryň birine «muamma» diýilýär. Bu matal däl-de, söz oýnatmakdyr. Magtymgulynyň «Kaýdadygy bilinmez» atly goşgusy şeýle häsiýetlidir:

Magtymguly, üç müň üç ýüzi dursun,
Dört müň dört ýüz kyrk dört sapasyn sürsün,
Her kim ussat bolsa, jogabyn bersin,
Tört «dalyň» bir «zidedigi» bilinmez?

Bu goşga Annadurdy molla şahyryň çözgüdi şeýle:

Üç müň üç ýüz bar sahaba kişidir,
Dört müň dört ýüz Lukman Hekim ýaşydyr.
Galan zatlar ebjet hasap işidir,
Aňlamaza nirdedigi bilinmez.

«Dal» — dörtdür, üçüsi on iki aýdyr,
Bir «dal» dört hepdedir, bir aýga taýdyr,
«Zi» ýedi gün, sany hepdäge jaýdyr,
Dört «dalyň» bir «zi»-dedigi bilinmez.

Magtymguly Pyragynyň ulanan tapmaça şygyr düzüş usulynyň ýene ikisi logaz hem-de çiştandyr. «Çiştan» pars dilinde «ol näme?» diýmekdir. Muňa mysal hökmünde Pyragynyň Durdy şahyra berýän sowallaryny görkezmek bolar:

Durdy şahyr, senden habar alaýyn,
Öten pygamberiň ýaşy nadendir?
Hökmi Süleýmanyň ýaşyl towtini,
Magrajyň gapysy, gaşy nadendir?

Goşga Annadurdy molla şahyryň çözgüdi:

Otuz iki ýyl şa boldy Süleýman,
Altmyş bir ýyl ömri, ýaşy beýledir.
Tub agajy «Lä ilähä» bitilmiş,
Magrajyň gapysy, gaşy beýledir.

Annadurdy Eýeberenowyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekdäki gözlegleriniň jemi onuň neşir etdiren «Magtymguly, syrym çohdur» (1998), «Magtymguly, sözüm bilene sözdür» (2002) atly kitaplarynda öz beýanyny tapdy. Şol kitaplarda akyldar şahyrymyzyň 30-dan gowrak goşgusynyň jogaplary, Döwletmämmet Azady, Pyragynyň ruhy halypasy bolan Bahaweddin Nagyşbendi, Gurhan, on iki ymam hakyndaky ylahy we ylmy garaýyşlar baradaky gürrüňler ýerleşdirilipdir. Agzalan kitaplarda Mollanepesiň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Mätäjiniň, Şabendäniň, Misgingylyjyň, Zynharynyň, Şeýdaýynyň, Aşykynyň döredijiligindäki syrly setirlere berlen jogaplar we seljermeler hem ähmiýetlidir. Kitaplary okap, Annadurdy aganyň zehinli şahyrdygyna göz ýetirýärsiň. Olarda molla şahyryň Watan, döwür, belent adamkärçilik, halallyk, ahlaklylyk, dostluk, söýgi temalaryndan ýazan goşgulary hem bar.

Makalany Annadurdy Eýeberenowyň öz sözleri bilen tamamlamagy makul bildik: «Men Magtymgulynyň syrly setirlerini öwrenip, tapan çözgütlerimi köpçülige ýetirýärkäm, halkymyzyň beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen iňňän gyzyklanýandygyna özüme gelen hatlardan we aýdylan minnetdarlyk sözlerinden hem göz ýetirdim. Bu bolsa meni has-da yhlasly işlemäge höweslendirýär».

«Edebiýat we sungat» gazeti

Perman ALLAGULOW