Sahna ussady
Geçen asyryň ortalary, has takygy, 1950-nji ýylyň hoştap howaly bahar paslynyň 20-nji martynda Seýitli aganyň hem Sona ejäniň döwletli ojagynda dünýä inen perzende Çaryýar diýip at goýýarlar. Çaryýar çagalykdan aýdym-saza imrinipdir. Bäherden etrap merkezindäki 1-nji orta mekdepde okap ýören ýyllarynda-da, ol aýdym-saz sungatyna diýseň höwesli bolupdyr. Şeýlelikde ol etrabyň «Sazly Bäherden» aýdym-saz toparyna gatnap başlaýar. Boş wagtlaryny medeniýet ojagynda geçirýän ýaş zehine toparyň çeper ýolbaşçysy Muhammet Atadurdyýew halypalyk goluny uzadýar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Muhammet Atadurdyýewiň halypalygynda ol aýdym-saz sungatynyň ýoluna düşýär. Ilkinji halypasynyň ýakyndan ýardam etmeginde ýaş zehin jadyly sungatyň işiginden ynamly ätleýär. Halypasynyň şägirdine berýän her bir maslahaty, ýardam-kömegi ony kem-kemden taplaýar.
Çaryýaryň aýdym-saza, medeniýete, sungata ýürekden berilmegine öýdäki bolup geçýän wakalar hem täsirini ýetiripdir. Çaryýaryň uly agasy Nurgeldi şahyr hökmünde özüni tanadansoň, olaryň öýleri köplenç myhmanly bolupdyr. Belli ýazyjy-şahyrlar bu ojagyň arzyly myhmanlarydy. Agasynyň dostlary — Mämmet Seýidow, Berdinazar Hudaýnazarow, Arap Gurbanow hem Bäherden iline häli-şindi gelerdiler. Döredijilik işgärleriniň söhbetleri, labyzly okaýan goşgulary ýaş ýigitde sungata bolan höwesi has-da artdyrýar.
Çaryýar orta mekdebi tamamlansoň, etrap merkezindäki medeniýet öýüniň «Sazly Bäherden» aýdym-saz toparynda işläp başlaýar. Sungata höwesek Çaryýary teatr hem kino sungatyna bolan ýürek telwasy öz erkine goýmaýar. Ol şu arzuwy bilen 1968-nji ýylda Moskwanyň Şepkin adyndaky ýokary teatr mekdebine okuwa girýär.
Bir gün şeýle waka bolýar. Çaryýar okuwynyň bir ýylyny tamamlap, tomusky dynç alyşda öýlerine gelýär. Öýde güýmenip otyrka-da agasy Nurgeldiniň iş stolunyň üstündäki goşguly kagyza gözi kaklyşýar. Ony eline alyp okap çykýar. Goşgy oňa uly täsir edýär. Iki-üç ýola okalan goşgyny Çaryýar dessine ýat bekleýär. Soňra şol goşga öýde-de, ýolda-da, soňra okuwyna başlanda-da hiňlenip gezýär. Ol goşga her gezekde hiňlenende, setirler sazlaşyp, özboluşly owaz emele gelip, joşgunly aýdym döreýär. «Jemalym» atly bu aýdym Çaryýaryň döredijiligindäki ilkinji eserine öwrülýär. Ilkinji şowlulykdan ruhlanan Çaryýar: «Meni okuwyma, umuman, sungata has-da höweslendiren, hyjuwlandyran «Jemalym» diýip aýdýar.
Çaryýar ýokary teatr mekdebini 1973-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ýokary bilimli teatr artisti bolan ýaş ýetginjek şol wagtky Ýaş tomaşaçylar teatrynda sungatdaky zähmet ýoluna gadam basýar. Wagt geçdigisaýyn onuň döredýän keşpleriniň sany artyp başlaýar. Teatr sahnasyndaky döredilýän keşpleriň hataryna 1978-nji ýyldan başlap, kinodaky döredilen keşpler hem goşulyp ugraýar. Onuň kino sungatyndaky ilkinji ädiminde döreden keşbi-de «Köýten nalasy» çeper filmindäki Ýaňylyň keşbidir. Öz döwründe bu filmiň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Bu barada Çaryýar aganyň özi şeýle ýatlaýar:
— Bu filmiň şowly çykmagy, esasan-da, onuň režissýorynyň — Kakow Orazsähedowyň zehininiň, zähmetiniň miwesidir. Galyberse-de, onda teatr hem kino sungatynda öçmejek yz galdyran halypa aktýorlaryň birnäçesiniň jemlenmegidir. Elbetde, teatr bir başga, kino hem bir başga. Olaryň hersiniň bildirýän öz talaby, aýratynlyklary bar. Men şu ýerde halypalar Ata Döwletowy, Baba Annanowy, Artyk Jallyýewi, Akmyrat Bäşimowy, Aman Ödäýewi aýratyn ýatlasym gelýär. Bu halypalar bilen kinoda bile işleşmek maňa köp zatlary öwretdi. Dogrymy aýtsam, ýene bir sungat mekdebinde okan ýaly boldum. Filmiň surata düşürilýän döwründe olaryň hersiniň, her ädimde diýen ýaly maňa berýän halypalyk maslahatlary, kömek-goldawlary Ýaňylyň keşbiniň ilhalar bolmagyna getirdi diýesim gelýär.
Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew 70 ýaşy arka atdy. Geçilen ýetmiş ýylyň içinde ol, 1973-nji ýyldan bäri diňe teatr sahnasynda 70-den-de gowrak dürli-dürli, ownukly-irili keşpleri döretdi. Munuň üstüne onuň kino sungatyndaky döreden keşplerini hem goşsak, onda bu san has-da artar. Şu ýerde halypa barada şulary ýatlap geçsek ýerlikli bolardy. Ol bu işlerinden daşary şol döwürdäki «Türkmenfilm» kinostudiýasynda işlän döwründe daşary ýurt filmleriniň ençemesiniň gahrymanlaryny-da «türkmençe gepledipdi».
Hawa, döredilen keşpleriň, şeýle-de daşary ýurt filmleriniň gahrymanlaryna berlen sesleriň her biri barada ýatlap geçmeli bolsa, onda gazet makalasyndaky söhbedimiz has-da uzaga çekjek. Şonuň üçin hem şol döredilen keşpleriň Çaryýar aganyň irginsiz zähmetinden, döredijilik gözleglerinden kemal tapandygyny, tomaşaçylaryň arasynda uly söýgä mynasyp bolandygyny aýtmak gerek. Ol keşpler tomaşaçylaryň kalbynda, aňynda häzirki günlere çenli ýaşap gelýär.
Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew 2011-nji ýyldan bäri Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda işläp gelýär. Kalby juwan Çaryýar aga teatrdyr kino sungaty bilen birlikde aýdym-sazy-da özüne baky hemra edindi. Ol halk aýdymlary bilen birlikde, estrada aýdymlaryny-da uly höwes bilen ýerine ýetirýär. Şonuň bilen birlikde aýdymlary-da döredip, diňleýjilerine ýetirýär. Onuň öz döreden eserlerinden — «Bäherden», «Gözleýän», «Garry seýsiň aýdymy», «Aziada — Aşgabat», «Galar», «Läläm», «Eziz Watan» ýaly aýdymlary ýatlamak ýakymlydyr.
Sahna, kino ussady, aýdym-sazyň aşygy Çaryýar aga hemişe saýlap alan kesbi-kärine — aktýorlyga uly sarpa goýýar. Halypa ýaş şägirtlerine-de bu ugurda degerli maslahatlaryny berip, olaryň sungat äleminde uly üstünliklere, şowlulyklara ýetmeginiň arzuwynda ýaşaýar. Asylly hem päk arzuwlar bilen durmuşda mynasyp orun alan ussat sahnada keşp yzyna keşp döredýär. Tüweleme, entek-entek Çaryýar agada gujur bar, gaýrat bar. Biz hem sahna ussadyna sungata, halkymyza uzagyndan hyzmat etmegi päk göwünden arzuw edýäris.
Annabaýram PAÝAÝEW