Şöhratly taryhymyzyň ýaňy


Şöhratly taryhymyzyň ýaňy



Halkara taryhy medeni ýadygärlikleriň güni ýa-da Bütindünýä miras güni diýlip hem atlandyrylýan bu baýram ÝUNESKO-nyň ýadygärlikleri goramak boýunça halkara geňeşiniň (ICOMOS) karary bilen 1982-nji ýylyň aprel aýynyň 18-inde döredildi. Bu sene dünýä medeni mirasyny gorap saklamaga jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek maksady bilen 1983-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Ol dünýä mirasynyň dürlüligi we ony goramak üçin alnyp barylýan işler barada köp zat öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bütindünýä miras gününiň çäginde medeni mirasy goramak boýunça dürli konferensiýalar, alymlaryň çykyşlary, sergiler we başga-da birnäçe dabaralar geçirilýär. Eziz Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO- nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu abraýly gurama medeniýete degişli ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri aýawly saklamak boýunça halkara derejedäki işde ilkinji orny eýeläp, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine uly hormat goýulmagyna esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda iş alyp barýar.

Türkmenistan ÝUNESKO- nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine eýe bolan taryhy- medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly möçberli işleri yzygiderli amala aşyrýar. Şu Konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, ýadygärlikleriň arasyndan käbirini saýlap aldylar, olar ÝUNESKO- nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Olaryň arasynda möhüm ähmiýetli, adamzat üçin gymmatly we täsir galdyrýan taryhy ýadygärlikleriň üçüsi, ýagny 1999-njy ýylda Gadymy Merw, 2005-nji ýylda Köneürgenç, 2007-nji ýylda bolsa Gadymy Nusaý özüniň çuňňur taryhy bilen ÝUNESKO- nyň sanawyna goşuldy.

Mähektäç MAKSADOWA