«Bitaraplyk» simfoniýasy


«Bitaraplyk» simfoniýasy



Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna bagyşlanyp döredilen ajaýyp eserler sanardan köp. Ol eserler şanly toýumyza sowgat bolup, göwünleri joşdurýar. Muny ýakynda, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş dirižýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň döreden «Bitaraplyk» atly uly göwrümli simfoniki eseri babatda-da aýtmak bolar. Kompozitoryň bu eseri özboluşly mukama ýugrulandygy bilen tapawutlanýar. Biz täze eseriniň şowly çykmagy bilen gutlap, söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Dünýä nusgalyk Bitaraplygymyzdan, ýurdumyzyň ýeten belent derejesinden, bagtyýarlyk döwrümiziň halkymyza eçilen bagtyndan ruhlanyp, täze saz eserini döretmegi niýet edindim. «Bitaraplyk» atly simfoniki eserim 4 bölümden ybarat bolup, birinji bölüm «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylýar. Ýylymyzyň şygary bilen adybir bu bölümde Watanymyzyň parahatçylygy, asudalygy, halkymyzyň myhmansöýerligi, türkmen tebigatynyň gözellikleri wasp edilýär. Ikinji bölümi «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» diýip atlandyrdym. Munda hormatly Prezidentimiziň adybir kitabyndan gelip çykýan many-mazmuny sazyň süňňüne siňdirdim. Bölüm milli saz guralymyz bolan dutaryň owazy bilen başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridir» diýen jümlesinden ugur alyp döredilen üçünji bölümde türkmen bitaraplygynyň dünýä ykraryýeti, ýurdumyzyň halkara abraýy mukama öwrülip ýaňlanýar. Eseriň dördünji bölümini hormatly Prezidentimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygary bilen atlandyrdym. Bu bölümde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki belent abraýynyň waspy edilýär.
Arkadag Prezidentimiziň bitaraplyk taglymatynyň dünýäde dabaralanýandygyna alkyşnama hökmünde simfoniki orkestriň sazandalary sazyň dowamynda «Arkadaga şöhrat!» diýip gaýtalaýarlar.
Daşary ýurtlarda döredijilik gatnaşygy saklaýan kärdeşlerime «Bitaraplyk» atly simfoniki eserimiň nota we ses ýazgysyny ugratdym. Olar eserimiň şowly çykandygyny aýdyp, täze eserim bilen gutladylar. Olardan Azerbaýjanyň halk artisti, Uzeir Gajibekow adyndaky döwlet muzeýiniň direktory Sardar Farajew: «Siziň bu saz eseriňiz kompozitorlara öz Watanyny belent heňde wasp etmäge ylham berýär. Eýýäm, özümem şeýle eseri döretmäge girişdim» diýip guwançly belledi. Gahryman Arkadagymyzy, bagtyýar halkymyzy baky Bitaraplygymyzyň şanly baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan işleri rowaç alsyn!

Aýjemal GAÝLYÝEWA