Ak öýleriň zynaty


Ak öýleriň zynaty



Howanyň çigräp başlamagy bilen naýbaşy milli senetçilik önümlerimiziň biri bolan keçäniň durmuş, lukmançylyk we ruhy ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki keçe aýazly gyş aýlarynda özge düşek küýsetmeýär. Boz keçe örtülen altyn başly ak öýleriň içi gor ýaly bolýar. Ojakbaşy keçäniň üstünde dem-dynjyňy alyp, gök çaýdan ganarsyň welin, agyry-ynjyňa-da haýry degip, gök çaý janyňa melhem-derman bolaýar.
Keçäniň gözellik dünýäsi-de özboluşly jadyly sungat mysaly. Onuň täsin gülleriniň mazmunyna dili dogaly ene-mamalarymyzyň arzuw-islegleri, ýagty umytlary siňen bolsa, gyralaryna salynýan şar gara ýüňli bölegi diňe bir gözden-dilden däl, eýsem, sähra mör-möjeklerinden hem goraýar. Şoňa görä-de, parasatly pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň arasynda ulanylyş taýdan dürli maksatlara niýetlenip taýýarlanylýan keçe önümlerine uly orun degişlidir. Şondan ugur alnyp, keçe milli senetçiligimiziň sungat derejesine ýetirilen kämil nusgalarynyň biri hasaplanýar. Gülleriniň sazlaşykly utgaşmasyny, kämil tehnologiýa usullaryny ulanyp basylyşyny synlan daşary ýurtly sungaty öwrenijiler bolsa türkmen keçesini ýüňden düzülen mukama deňeýärler.
Onuň mazmunynda we taýýarlanylyş tejribesinde asyrlaryň ýaňy, milletimiziň medeni aň-bilim ösüşiniň gazananlary jemlenipdir. Mahlasy, al-elwan güneşe, täsin mazmunly nagyşlara beslenen keçelerimiz halkymyzyň göz guwanjy we milli baýlygydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda bu barada: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr» diýip bellenilýär. Şu jähetden alanyňda, keçe türkmeniň sungat daragtynyň beýleki şahalary ýaly, gadymy hem müdimi, dowamaty dowamly görnüşidir.
Keçe taýýarlamak köp zähmeti talap edýän inçe sungat bolup, welaýatlarymyzda onuň taýýarlanyşynda we gül-nagyşlar bilen bezelişinde özboluşlyklar bar. «Ýaz ýüňi keçä bolmaz, güýz ýüňi dolaga» diýlişi ýaly, ýaz ýüňi girmezek bolansoň, ony keçe senetçiliginde köp mukdarda ulanmak maksada laýyk hasaplanmaýar. Ýöne ýaz ýüňi keçe güllenende giňden peýdalanylýar. Gündogar Türkmenistanyň obalarynda ýaz ýüňüni güýz ýüňi bilen garyp, ýylgynyň gaty çybyklary bilen gowy saýýarlar, şeýle usulda taýýarlanylan ýüňden keçäniň arkalygy tutulýar. Mahlasy, ussat senetçiler keçäni taýýarlanlarynda güýz hem ýaz ýüňleriniň mukdaryny ýerlikli ulanmagyň usul-tärlerini durmuş tejribeleri arkaly içgin öwrenipdirler.
Mälim bolşy ýaly, keçäniň arkalygy iki gat ýüňden düzülýär. Adatça ýokarky gatyna endigan saýgylanan, göze görünýän arka tarapyna bolsa gowy saýgylanan arassa ak ýa-da gögümtil öwüşginli ýüň ulanylýar. Gyrasyna gara ýüňden taýýarlanan «gyragara» jäheklenýär.

Keçäniň güli, nagyşlary üçin hem ýüňi saýlamagyň ähmiýeti uludyr. Oňa senetçileriň sözlüginde «güllük ýüň» diýilýär. Adatça güllük ýüň gowy arassalanansoň, birsydyrgyn saýylýar. Soňra ýüňdarakda daralyp, sümek taýýarlanylýar. Ýeri gelende aýtsak, keçäniň gülleri üçin saýlanan ýüň ilki sümek edilip, soňra boýalsa has göwnejaý bolýar. Boýalan goýun ýüňleri birnäçe gezek dury suwda ýuwulýar, guransoň bolsa darakda täzeden daralyp, sümek-pişge hem-de darakdiş ýüňi çykarylýar. Şeýle senetçilik usulyny ulanmak arkaly taýýarlanan güllük ýüňden darakdiş ýüň az çykýar. Ýöne darakdiş ýüň hem keçe güllenilende ulanylýar, adatça ol sümeklenen ýüň bilen deňeşdireniňde pes hilli bolýar. Şonuň ýaly-da, ol beýleki ýüňler bilen gowy garyşmaýar. Bu bolsa gülüň owadanlygyna täsir edýär. Keçe güllenende adatça ak, gyzyl, gyrmyzy, sary, gök, ýaşyl, gara, goňur, mämişi ýaly reňkler köp ulanylýar. Keçe güllerini saýlamak, olaryň reňk sazlaşygyny tapmak hem-de ýüňüň görnüşine görä utgaşdyrmak örän uly ussatlygy talap edýär. Şundan ugur alnyp, keçäni güllemeklik eli çeper, gülleri çekmekde ökde gelin-gyzlara ynanylýar.
Keçe basmak üçin syk örülen gamyş ulanylýar. Gamşyň üstüne ilki arkalyk ýüňler ýazylýar. Onuň üstüne reňklenen ýüňler gül-nagyş edilip salynýar hem-de olaryň arasy güýz ýüňi bilen doldurylýar. Soňra gamyş düýrlenip, ýörite taýýarlanan berk ýüp bilen iki tarapdan daňylýar hem-de dikligine saklanylyp, gyzgyn suw endiganlyk bilen gyradeň guýulýar. Gamyş doly ezilensoň, berkidilen ýüpler bilen iki tarapa çekilýär. Bu iş kähalatda iki sagada we ondan hem köp wagta çekýär. Käbir ussat senetçi gelin-gyzlar ýüňleriň berk alyşmagy üçin bilekleriň kömegi bilen keçe düýrülen gamşy öňe-yza togarlap eýleýärler. Keçe çekmek üçin, esasan, erkek adamlaryň kömegine daýanylýar. Sebäbi suw sepilen ýüňüň agramy artýar, bu bolsa ony çekmek üçin berdaşly elleriň güýjüni talap edýär. Şundan ugur alnyp, bu işe öýüň ýaş oglanlary hem-de erkek kişileri bilen birlikde goňşy-golamlar, garyndaşlar çagyrylýar.
Görnüşi ýaly, keçe senetçiliginiň tehnologiýasy örän inçe we çylşyrymly usul-tärlere beslenendir. Onuň ýüňüni saýlamak, saýgylamak we ýerli-ýerinde ulanyp güllemek hem-de eýlemek ussatlygy talap edýär. Şeýle yhlas-zehin, zähmet siňdirilip taýýarlanylan keçe önümleri ençeme ýyllaryň dowamynda ulanylmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa keçäniň gymmatyny, hümmetini has-da artdyrýar.

Maýagül NURMYRADOWA