Türkmenistanym


Türkmenistanym



Buýsanjym, namysym, kalba beslänim,
Ata ýurdum — eziz Türkmenistanym.

Ýazlaryň ýazlaga çykan ýeridir,
Taňryň nazar salyp bakan ýeridir.

Bu topragyň kerem dermany bardyr,
Okap bilseň, müň bir ter many bardyr.

Sährasyna seýle çykaýsaň irden,
«Asyl bu ýer gözel jennetden» diýr sen.

Görüp bilseň biten her bir ot-çöpün,
Göterip durandyr saglygyň ýükün.

Bilseň bardyr ulanmagyň tertibi,
Jennet agajyna deňdir her düýbi.

Gözelligne aşyk bolan muşdak men,
Asmanynda uçup ýörün guş dek men.

Seýil baglar bu ýazlaryň törüdir,
Hassa bolsaň, derde derman-däridir.

Gojalary perişdesi paýhasyň,
Juwandyr, maňlaýda bolsa-da gasyn.

Gözelleri söýgiňdir hem mertebäň,
Öwüdinden kemal tapan mert enäň.

Jahyllary ýüňi ýeten goçguzy,
Aýdymlary Pyragynyň goşgusy.

Arkadag paýhasy bagt berdi bize,
Hem ynam bagş etdi ýüreklerimize.

Nuranadyr göwün galkan asmanym,
Bagtyňa aşyk men, Türkmenistanym!

Guwanç SAPAROW