Aýazbaba
Täze ýyl baýramçylygy diýlende, ilki bilen, çagalara şatlyk-şowhun hem-de sowgat paýlaýan Aýazbaba göz öňümizde janlanýar. Her ýurduň däplerine görä, Aýazbabanyň ýaşaýan ýeri, ady, şeýle-de onuň bilen bagly aýdylýan rowaýatlar bar. Aýazbaba Ýewropa döwletlerinde Santa Klaus, Russiýada Ded Moroz, Ispaniýada we Meksikada Papa Noel, Italiýada Babbo Natale, Braziliýada Papai Noel, Rumyniýada Moş Krakiun, Germaniýada Weihnaçtsman, Irlandiýada Le Pere Noel, Türkiýede Noel Baba ýaly atlar bilen tanalýar.
Dünýä ýurtlarynda Aýazbaba barada dürli-dürli rowaýatlar bar. Şolaryň birinde Aýazbabanyň IV asyrda ýaşandygy aýdylýar. Rowaýata görä, onuň ady Myra Aziz Nikolas bolupdyr. Ol Demirgazykda ýaşapdyr. Aziz Nikolas çagalar üçin her dürli oýunjaklar ýasamak bilen meşgullanypdyr we olary Täze ýyl baýramçylygynda paýlapdyr. Çagalar hem hat ýazyp, ondan haýsy sowgada garaşýandyklaryny aýdypdyrlar. Aýazbaba sugunlaryň yzyna tirkelen arabasyny sowgatlardan dolduryp, öýlere aýlanyp, sowgatlary öýüň üçeginden berýän eken. Çagalar hem Aýazbaba we onuň sugunlaryna niýetläp süýji, köke, käşir ýaly iýmitleri we dürli miweleri goýupdyrlar. Aýazbabanyň dokuz sany suguny bar eken. Olaryň atlary Daşer, Danker, Pranker, Wiksen, Komet, Kupid, Donder, Blitzen we gyzyl burunly Rudolfdyr.
Finlýandiýanyň Lapland diýen ýerinde «Santa Klaus Willage», ýagny Aýazbabanyň obasy bardyr. Her Täze ýyl baýramy bu oba müňlerçe adam syýahata gelýär. Çagalar Aýazbabadan garaşýan sowgatlaryny ýazyp, hat ugradýarlar. 2017-nji ýylda Aýazbabanyň obasyna 160 müň adam syýahata gelipdir.
Santa Klausyň keşbini ilkinji gezek suratkeş Thomas Nast çekipdir. 1863-nji ýylda Harper is Weekly sergisinde görkezilen şekiller her kimiň göwnüne ýarap, onuň Täze ýyl baýramynda çagalara sowgat paýlaýan şadyýan Aýazbaba bolmagyna getiripdir.
Çagalar tarapyndan uly höwes bilen garaşylýan Aýazbaba Täze ýyl baýramynyň şowhunly we gyzykly geçmegine täsir edýär. Täze ýyl baýramy golaýlanda çagalar bu baýramçylygy wasp edýän goşgulary, aýdymlary ýat tutup, surat çekip taýýarlanýarlar we Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Täze ýylyň esasy gahrymany bolan Aýazbaba bolsa her ýyl sowgat paýlap, hemmeleri begendirýär.
Taýýarlan Maýsa KYÝASOWA