Bereketli işler


Bereketli işler



Suratkeş ir-iýmişleri, bal ýaly miweleri tebigy görnüşinde suratlandyrýar. Onsoň esere gaýtadan seretseň, peýzaž hem diýdirýär. «Soganyň güli» atly nakgaşlyk eserinde şeýle keşpler aýdyň duýulýar. Eserde soganly meýdanyň bir çeti suratlandyrylyp, soganyň güllän pursady görkezilýär. Inçeden uzyn, gülläp oturan soganlar ritmiki sazlaşygy döredip, şemala assa ýaýnaýan ýaly.

Zehinli suratkeşiň «Burçlar» atly eserini synlanyňda, türkmeniň milli unaşy ýadyňa düşýär. Derledip, derdiňi dep edýän ajy burçlar terkä baldagyndan sapak geçirilip asylypdyr. Asyl-asyl bolup duran, guran gyzyl burçlar sergilenen ýaly. Ýeri gelende aýtsak, suratkeş natýurmortlaryň üsti bilen oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öý şertlerinde gadymdan bäri saklanyş däbiniň aýratynlygyny hem açyp görkezýär. «Kakda» dilimlenip serlen kak, «Gyş gawunynda» gyş üçin daşyna gamyş saralyp, asylyp goýlan gawunlar görkezilýär. Türkmeniň mes topragyny ýatladýan işler gözüňe yssy görünýär.

A.Modyýewiň işleriniň taslamalary sadalaç bolup görünse-de, eseriň mazmunynda onuň özüne ýetesi çuňňurlygy bar. Kädili işinde birgiden kädileriň hiç biri beýlekisine meňzemeýär. Ol natýurmort ýaly bolup görünse-de, durmuşy žanryny hem ýada salaýýar.

Amanmyrat Modyýew Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň monumental nakgaşçylygy hünärini tamamlan. Şonuň üçin onuň işlerinde nakgaşçylygyň sünnäleme usuly däl-de, keşpleriň bitewi monumental (iri göwrümli şekil) häsiýeti görnüp dur. Monumental nakgaşçylyga dizaýn sungatynyň hem ýakynlygy bar. Muny tejribeli suratkeş kompozisiýalarynda dizaýnyň hem täzeçil talaplary bilen şöhlelendirýär. Şeyle alamatlar «Üzärlikli natýurmort» atly eseriň haşam çözgütleriniň utgaşmagynda oňat duýulýar. Üzärlikli küýzäniň gapdalynda mele-myssyk çörek dolanan düýeýüň saçagyň ýerleşdirilmegi natýurmortuň milli öwüşginini baýlaşdyrýar.

Ýaşlykda topragyň yşkynda bolan Amanmyrat Modyýew ekin ekip, hem zähmet, hem surat çeken. Ol meýdan işlerinde-de surat çeken kimin ezberlik görkezipdir. Hawa, göwnaçyk suratkeşiň özem toprak ýaly pespäl. Onuň ýanynda ekin, meýdan işlerini ýatlasaň, ýylgyryp, «Sen aýtmagyn!» diýip, hyjuwdan doly kalby bilen gürrüňi meýdan işlerine ýazdyrýar. Nakgaş döredijilik meýdanynda önjeýli işleýär. Onuň ussahanasyna barsaň, ak bazara baran ýaly bolýarsyň. Onuň döredijilik hasyly — täze işleri eýýäm iki ýyl bäri, çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda guralýan suratkeşleriň «Uçgun — 5» atly toparlaýyn sergisine gatnaşyp, sungaty söýüjilerde ýakymly täsir galdyryp gelýär. Amanmyrat Modyýew häzir baharda bahar ýaly duýga baý eserleri döredýär. Ol şu ýylky «Uçgun — 5-e» romantiki, şahyrana, gözel sýužetli täze tapgyrlaýyn işleri bilen barýar.

Guwanç MÄMIÝEW