Garagumuň täsin dünýäsi
Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi dünýä ýüzünde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere ägirt uly goşant bolup durýar. Ilatly ýerleriň töwereginde, ulag we demir ýollarynyň ýakalarynda emele gelýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny üpjün edýär. Tokaý zolaklarynyň döremegi ata Watanymyzda bioköpdürlülige, guşlaryň we haýwanlaryň görnüşleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji martynda amala aşyran iş saparynda Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmagy, täsin sähra ösümliklerine ünsi çekmegi ekologiýa meselesine döwlet derejesinde yzygiderli we uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy kitaplarynda ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk ähmiýetleri barada ylmy maglumatlar berilýär.
Ýurdumyzyň çäginiň 80 göterimini tutýan Garagum sährasyna milli ekologiýa ulgamynda uly orun degişlidir. Garaşsyzlyk döwründe, esasan hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garagum sährasy has gözel görnüşe eýe boldy. Ahal welaýatynyň çäginde hem Garagum sährasy ümmülmez giňişlige uzap gidýär. Hormatly Prezidentimiz ägirt uly bu ummasyz we özboluşly sähra täzeçe garaýyş döretdi. Garagum sährasy özüniň geologik gurluşy, relýefiniň ösüş taryhy-geomorfologik we landşaft aýratynlyklary boýunça üç bölege bölünýär: Merkezi ýa-da Peslik Garagum, Üňüz aňyrsyndaky ýa-da Demirgazyk Garagum we Günorta Garagum. Garagum esasan, dördülenji geologik döwrüň toýun gatlakly allýuwial çägeli çökündilerden, Üňüz aňyrsyndaky Garagum bolsa, has gadymy üçülenji geologik döwrüň kontinental çökündilerinden ybaratdyr. Bu günki gün Garagum sährasyny ojardyr sazakly, gandymdyr çerkezli, sözenli tokaýlar bezeýär.
Milli Liderimiz täsin ösümlikleriň 757 görnüşini gujagynda saklaýan Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak, onuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikdäki ylmy işleri dowam etdirmek wezipelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiz sazak, dagdan agaçlary bilen bagly aýratynlyklar hakda gyzykly maglumatlar getirip, sähra ýerlerinde tokaý zolaklaryny döretmegiň, sazak ekilýän meýdanlary giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Lukmançylyk ugrundan bilim alýan talyplaryň çöl ösümliklerini ylmy esasda öwrenmekleriniň maksadalaýyk boljakdygy barada hem belläp geçdi.
Bahar aýlary bu sähranyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça ajaýyp möwsüm bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň yzygiderli dowam etdirilmelidigini bellän milli Liderimiz bu işleriň Garagum sährasynyň biosfera goraghanalarynyň halkara ulgama, şeýle-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini şertlendirjekdigini hem nygtap belledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurtda ekologiýa meselelerine ýokary derejede üns berilýändigine şaýatlyk edýän şeýle iş saparlary ekologlary örän guwandyrýar.
Milli ekologiýa ulgamyny gorap saklamakda döwlet goraghanalaryna möhüm orun degişlidir. Olar barada bilmek, olaryň baýlaşmagyna goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Tebigy baýlyklaryň, biologik köpdürlüligiň we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň goraglylygyny üpjün etmek işinde döwlet goraghanalary möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda döwlet tebigy goraghanalarynyň 8-si — Hazar, Bathyz, Köpetdag, Sünt-Hasardag, Amyderýa, Gaplaňgyr, Köýtendag, Repetek goraghanalary döredilip, şol ýerlerde seýrek duşýan, san taýdan azalýan ösümliklerdir haýwanat dünýäsi gorag astynda saklanýar hem-de olar köpeldilýär.
Tebigy goraghanalar, Garagum sährasynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi eziz Diýarymyzyň baýlygydyr. Bu ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy, öňküleriniň goralyp saklanmagy örän ähmiýetli işlerdir. Jemgyýetiň ösüşiniň daş-töweregiň ýagdaýy bilen sazlaşykly bolmagy, şeýle hem ekologiýa taýdan amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi netijesinde daşky gurşawy, täsin tebigatly künjekleri we biologik dürlüligi goramak boýunça bellenen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Goý, ekologiýa abadançylygy ugrunda ägirt uly tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Arzuwgeldi Kulyýew