Öwrenmek, okamak baradaky dürdäne setirler


Öwrenmek, okamak baradaky dürdäne setirler



Bilimli adam äleme rehmetdir.
Möwlana Jelaleddin Rumy.

***
Öwrenmeseň sungata-da, paýhasa-da ýetip bolmaýar.
Demokrit.

***
Bilmeýän zatlaryňyzyň üstüni dolmak, şeýle-de bilýänleriňizi unutmazlyk üçin hemişe ürç edip öwreniň!
Konfusiý.

***
Öwrenmekde çäk ýok, şonuň üçin hem okamagyňyzy bes etmäň!
Sýun-szy.

***
Höwessiz okaýan okuwçy, ganatsyz guş mysalydyr.
Saady.

***
Az bilýänligiňe göz ýetirmek üçin, köp okamaly.
Mişel de Monten.

***
Tejribe geçmezden, alan bilimiňi özleşdirmek mümkin däldir.
Ýan Amos Komeskiý.

***
Ylym öwrenmek ruhubelent adamlarda ýagşylygy ýaýbaňlandyrmak häsiýetini ösdürýär.
Jon Lokk.

***
Meniň işim näçe köp boldugyça, şonça-da kän okaýaryn.
Maýkl Faradeý.

***
Pikiriňi aýtmak islegi bir zady öwrenmek isleginden mydama-da güýçlüdir.
Dmitriý Iwanowiç Pisarew.

***
Öwretmek — iki esse artyk öwrenmek diýmekdir.
Jozef Juber.

***
Okuwçylar has-da kämilleşmek üçin, yzda galanlara garaşmaly däl¬-de, eýýäm özünden öňe düşenleriň yzyndan ýetmeli.
Aristotel.

***
Tertiplilik ylmy özleşdirmekde esasy düzgündir.
Siseron Mark Tulliý.

***
Ilki, halal bolmagy öwren, soňra paýhaslylygy. Çünki halallygy öwrenmezden paýhasly bolup bolmaz.
Seneka Lusiý Anneý.

Toplan Aýna Öräýewa