Ýazylsa düýe ýüň saçak


Ýazylsa düýe ýüň saçak



Düýe ýüňünden edilen ýorganyň, guşagyň gündelik durmuşymyzda gerek bolşy ýaly, düýe ýüňünden dokalan saçak hem ähli döwürde öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şeýle saçaklar mukaddeslige deňelýär we her bir maşgalada eliňi ýuwman saçagy ellemek, basmak ýa-da geçilýän ýerde -aýak astynda goýmak günä hasaplanylýar.
Pederlerimiz düýe malyna aýratyn göz bilen seredipdirler. Lukman Hekim düýe malynyň süýdüniň müň bir derdiň dermanydygyny aýdyp, onuň önümleri bilen näsaglary bejeripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy gatnaw serişdesi bolan, söwda gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin «çöl gämisi» adyny alan düýeleriň Türkmenistanyň çäklerinde mundan bäş müň ýyl ozal eldekileşdirilendigini tapylan arheologik tapyndylar hem subut edýär.
Düýe ýüňünden dokalýan önümler adam saglygyna peýdalylygy bilen tapawutlanýar. Sergin howada, ürgün çägede gezýändigi üçin düýäniň ýüňi örän arassa bolýar. Beýleki ýüňlerden ýumşak bolýandygy üçin düýe ýüňünden örülen önümlerem jana ýakymlylygy, ýylylygy, ýumşaklygy bilen tapawutlanýar. Düýe maly ýaz paslynyň ahyrlarynda ýüňüni täzeläp başlaýar. Irki döwürlerde ýaz paslynyň soňky günlerinde örä gidýän düýeleriň garnynyň aşagyna halta daňyp goýberer ekenler. Bu iş düýe ýüňüniň ýeke tüýdümini-de zaýa etmezlik bilen baglanyşykly edilipdir.
Şeýlelikde, düýäniň dökülýän ýüňi şol haltanyň içine ýygnanypdyr. Düýe ýüňünden ýorgan, guşak, saçak, çäkmen ýaly durmuş hajatlary üçin ulanylýan zatlary taýýarlapdyrlar. Düýe ýüňünden edilen ýorganyň, guşagyň gündelik durmuşymyzda gerek bolşy ýaly, düýe ýüňünden dokalan saçak hem ähli döwürde öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şeýle saçaklar mukaddeslige deňelýär we her bir maşgalada eliňi ýuwman saçagy ellemek, basmak ýa-da geçilýän ýerde -aýak astynda goýmak günä hasaplanylýar. Ene-mamalarymyz düýäniň gudratly ýüňüni boýamandyrlar, çünki düýe ýüňi reňki kabul etmeýär, öz reňkini hem ýitirmeýär. Saçagy dokamak üçin guşaga gerek bolýan möçberde ýüň taýýarlanyp, ýöne onuň dokmasy inlirak görnüşinde ýüwürdilip dokalýar. Saçaga gök-ýaşyl reňkde dikligine «tagta» nagşy salynýar. Onuň ýüplügini inçeräk, towlurak egrip, «gylyjyny-da» berkräk kakypdyrlar. Şeýtmek bilen, dokmanyň syk, saçagyň berk bolmagyny gazanypdyrlar. Saçak taýýar bolandan soňra, onuň içine suw guýup, «önümiň» hilini barlapdyrlar: suw süzülip geçmese, şol saçak edilen zähmetiň ýerine düşdügi hasaplanypdyr. Düýe ýüň ýorganynyň ýylylygynyň, bedene ýakymlylygynyň beýleki ýorganlardan has tapawutlydygy aýratyn bellarliklidir.
Düýe ýüň ýorgany käwagt çykaryp, Güne serseň, ýüňleri howalanyp, çişip, täze tikilen ýaly bolýar.
Ýorgan ediljek ýüňi örän göwnejaý arassalamaly. Düýäniň ýüňünden ýassyk etmek hem amatly. Ol ýelek ýaly dürtülip, matanyň daşyna çykmaýar, wagtyň geçmegi bilen owranyp kiçelmeýär.
Ýeke örküçli düýeler iki örküçlilere garanyňda, yssa has çydamlydyr. Iki örküçli düýeler bolsa salkyn howany gowy görýärler. Şu ýagdaý hem olaryň Orta Aziýada azalmagyna, demirgazyk tarapa çekilmegine sebäp bolandyr diýlip hasaplanylýar.
Milli mirasymyza döwlet derejesinde üns berilmegi halkymyzy buýsandyrýar. Dünýä medeniýetiniň bir bölegi bolan türkmen medeniýeti hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ösýär, dünýä çykýar.

Gülnar AÝTKULIÝEWA