Halypa gyjakçy
Meşhur gyjakçynyň ady onuň ýaşap geçen döwründe türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ägrtleri bolan Aly Seýit, Hanmämmet Allanur ogly, Hemra Şyh, Hanjan gyjakçy, Janmämmet gyjakçy, Gurbanbaý gyjakçy ýaly halypa, ussat gyjakçylar bilen deň hatarda tutulypdyr. Sapar Bekiniň şeýle at-abraýa eýe bolmagyna ussat-halypalaryň gyjakda çalan sazlaryny kän diňläp, özüniň ussatlygyny kämilleşdirmegi sebäp bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda Türkmenistanyň halk bagşysy, ussat gyjakçy Sapar Bekiýew barada: «Daşoguz mekdebiniň bagşylary däp boýunça öz aýdymlaryny gyjak sazynyň ýanynda aýdypdyrlar. Dessançylyk sungatynda gyjakçynyň orny aýratyndyr... Adatça, her bir bagşynyň ýerine ýetirýän aýdymlaryny kemsiz bilýän we baýramçylykdyr toýlarda hemişe öz ýanyndan aýyrmaýan gyjakçysy bolupdyr. Magtymguly Garlyýew bilen Sapar Bekiýewiň köp ýyllyk döredijilik gatnaşygyny ýada salalyň» diýip belläp geçýär.
Tanymal türkmen gyjakçysy Sapar Bekiýew 1896-njy ýylda Daşoguz welaýatynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Sapar ýaşlykdan sazy gowy görýän eken. Ol nirede aýdym-saz bolsa, ýaltanman şol ýerde tapylypdyr, aýdym-sazy höwes hem nebsewürlik bilen diňlär eken. Ylaýta-da ol wagtlar ýaňy türkmen sazynda orun alyp başlan gyjagyň mylaýym, şirin owazly sesi Sapary bendi edýär. Gyjagy öwrenmekligiň çylşyrymlylygy, özüne güýçli halypalaryň ýoklugy Sapary gorkuzmaýar. Ol beslän arzuwlaryny amal etmäge yhlas bilen ýapyşýar.
Saparyň örän ýiti zehini bolansoň, oňa gyjak tiz boýun egip başlaýar. Onuň sag eli gyjagyň peýkamyny oýnatsa, çep eliniň barmaklary aňynyň diýenini etmäge başlaýar. Bir gün Saparyň daşkyrak garyndaşy Töremyrat bagşy toý tutýar. Töremyrat bagşy oňat aýdymçy hem sazanda bolupdyr. Emma gyjakçysy ýok eken. Sapar bir gyrada oturyp, uly höwes bilen aýdym diňleýär, aýdym-sazyň çylşyrymly tärlerini ýatdan bellejek bolup bar ünsüni gönükdirýär. Töremyradyň Sapara gözi düşüp: «Sapar, eşidişime görä, sen gyjak ýasanypsyň, çalýarmyşyňam, kowmag-a hyýalyňda ýokdur» diýip, oňa ýüzlenýär. Birbada aljyran Sapar: «Men entek gowy çalyp bilmeýärin, sizi kowup bilmerin» diýse-de, onuň gyjagyny getirip berýärler. Saparyň bagşyň garşysynda oturyşy ilkinji gezekdi. Şonuň üçin onuň ýagdaýy onçakly öwerlik däldi. Ol entek gyjagyny oňat düzmäni hem başarmaýardy, dutaryň perdelerine-de belet däldi, bagşynyň aýdym usullaryny oňat bilmeýärdi. Şeýle-de bolsa, ol bagşyny sypdyrmajak bolup elinden gelenini edýärdi. Töremyrat bagşy oglanda zehiniň bardygyny aňypdy. Şoňa görä-de Sapary utandyrmajak bolup, «Kowuber, aljyrama» diýip, göwünlik berýärdi.
Sapar Töremyrat bagşy bilen tirkeşip, halk mukamlarynyň, aýdymlaynyň köpüsini öwrenýär, gyjaga türgenleşýär. Indi ol ökde bagşylar bilen çalmany hyýalyna getirip başlaýar. Şoňa görä-de bir ýerde «Magtymguly Garly ýa-da Nazar bagşy aýdym aýtjakmyş» diýip eşitse, uzak diýmän şol ýere diňlemäge giderdi.
Saparyň gyjak çalşy baradaky gürrüň Magtymguly Garlyýewe-de ýetýär. Ol günleriň birinde Sapar bilen duşuşýar, aýdym aýdyp, Saparyň hem gyjak çalşyny synlaýar. Magtymguly baý Saparyň gyjak çalşyna syny oturyp, ony özüne sazanda edinýär. Sapar Magtymguly bagşynyň aýdyşyna şeýle bir endik edýär welin, edil bir ten-de, bir jan ýaly bolýar.
1936-njy ýylda, beýleki birnäçe tükmen bagşylary bilen birlikde, Magytmguly Garlyýew hem grammofona ýazdyrmak üçin Moskwa çagyrylýar. Sapar hem onuň ýany bilen gyjakçy bolup gidýär. Bularyň 13 aýdymy ýazga geçirilýär. Ol ýazgy Türkmenistana ýaýrap, Saparyň adyny hem halk meşhurlandyrýar. Magtymguly bagşy bilen Sapar gyjakçynyň aýdym-sazda köpçüligiň göwnüni awlaýan özboluşly ýollary bar. Ine, şoňa görä-de Magtymguly bagşa Sapar sazandalyk edäýmese, beýleki gyjakçylara ol kynçylyk döredýärdi.
Otuzynjy ýyllaryň başlarynda ol Ahalyň, Balkanyň meşhur bagşydyr sazandalary bilen tanyşýar. Hanmämmet gyjakçy, Pürli Sary dagy Sapar Bekiniň bagşynyň aýdymlaryny yzarlaýşyny görüp, haýran galýarlar. Gyjagyň özboluşly çalnyş nusgasy olara diýseň ýaraýar. Şondan soňra ol Aşgabada ýygy-ýygydan gelip durýar.
Sapar Bekiýew 1938-nji ýylda Daşoguzda açylan sazly drama teatrda ilki gyjakçy, soňra türkmen halk saz gurallary ansamblynyň çeper ýolbaşçysy bolup işleýär. Sapar öz ansambly bilen Daşoguza topar bolup etraplaryň we obalaryň hemmesinde diýen ýaly çykyş edýär. Sapar ýerlerde bolanda talantly ýaşlary toplamagy hem ýadyndan çykarmaýar. Häzirki wagtda sazandalardan Pirjan Gutlyýew, Oraz Gurbannyýazow, Bekim Haljanow dagy gyjak çalmany Sapardan öwrenipdirler. Saparyň özi aýdym aýtmasa-da, aýdymyň aýdylyş ýoluny gowy bilýärdi. Şoňa görä-de onuň ýetişdiren şägirtlerinden Ilaman Annaýewiň, Gurban Seýitmämmedowyň, Sülgün Meretgeldiýewanyň, Täjigül Jumaýewanyň atlary halkymyza bellidir.
Sapar Bekiýew Moskwada açylan oba hojalyk sergisine, Daşkent şäherinde geçirilen Türkmen sungatynyň ongünlügine hem birnäçe gezek gatnaşdy.
Oraz Gurbannyýaz, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, gyjakçy Begjan Haljan dagy meşhur Sapar Bekiden nusga alypdyrlar. Tüýli Otuzyň, Ilaman Annanyň we başgalaryň bagşy bolup ýetişmeklerinde-de Sapar Bekiniň halypalyk hyzmatlary uludyr.
Sapar Bekiýewiň belent sungatyna uly sarpa goýlup, «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at dakyldy. Oňa bagyşlanyp, toý dabarasy geçirildi. Magtymguly Garlynyň öý muzeýinde Sapar Bekiýewiň heýkeli we oňa degişli eksponatlar goýuldy. Sapar Bekiýewiň sungatyny şägirtleri we kowumlary dowam edýärler.
Ol Magtymguly Garly bilen otuz ýyl töweregi bile tirkeşýär. Onuň ýanynda gyjakçysy bolup gezýär. Dürli ýyllarda dürli şäherlerde geçirilen aýdym-saz ýazgylaryna bile gatnaşýar. Magtymguly Garlynyň deňi-taýy bolmadyk hoş owazly aýdymlaryny bezäp, Sapar Bekiniň gyjagynyň ajaýyp sesi eşidilipdir.
Çynar GURBANOW