MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI – TERBIÝE MEKDEBI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
—Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlygynyň netijesinde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna, onuň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy.
Türkmen halky dünýä medeniýetini baýlaşdyran, bütinadamzat hazynasynda mäkäm orun eýeleýän gymmatlyklary, taryhda yz goýan beýik şahsyýetleri bilen meşhurdyr. Dünýä edebiýatynyň ruhy çeşmesine öwrülen şygyrlaryň eýesi Magtymguly Pyragy şol şahsyýetleriň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Akyldar şahyr türkmen poeziýa äleminiň soltany.
Şahyryň döredijiligi köptaraply, umumadamzat ähmiýetli. Onuň şygyrlary çuň mazmuny, ýokary çeperligi, halkylygy, durmuşy we taryhy gymmaty bilen adamzat gymmatlygyna öwrüldi. Magtymgulynyň şahyrana poeziýasynyň ruhy özeni ynsan durmuşy, adamzat ýaşaýşynyň gymmatlyklaryndan ybarat. Şahyryň türkmen durmuşy, ýaşaýyş medeniýeti barada söhbet açýan şygyrlarynda halkymyzyň edep kadalary, ruhy-ahlak häsiýetleri, edim-gylymlary, däp-dessury türkmeniň döreden nusgalyk terbiýe mekdebiniň milli ýörelgeleri hökmünde çuňňur beýan edilýär.
Halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerinde gyz edebine, gelin haýalylygyna, zenan goýazylygyna, ene mährine we hamraklygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Agraslyk, asyllylyk, edalylyk bolsa türkmeni türkmen edýän häsiýetlerdir. Terbiýeçilik hem ýyllaryň tejribesini özünde jemleýän mekdep. Onuň halk tarapyndan ykrar edilen kadalary, düzgünleri bar. Magtymguly türkmeniň şol dünýä nusgalyk terbiýe mekdebiniň başynda duran tejribeli tälimçi deýin öz döredijiliginde gelin-gyz edebini aýratyn syntgylaýar. Ol gözellik diýen düşünjäniň many-mazmun tarapyna has agram berýär. Şonuň üçin şahyr hakyky gözelligi ynsanyň keşbinde däl-de häsiýetinde açyp görkezýär. Şahyryň garaýşynda türkmen gözeli oturşy-turşy edaly, uz ýörüşli, ynsanperwerlik ruhy siňen ýüzi nurana häsiýetde suratlandyrylýar.
Özüne hormat getiren,
Ärniň hyzmatyn bitiren,
Gaş-gabak çytman oturan,
Maňlaýy gülen islärin.
Magtymguly syn gerekdir gözele,
Herne kysmat bolsa, tartar ezele,
Dünýe malyn harç et ýagşy gözele,
Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.
Magtymgulynyň şygyrlarynda milli, edep-kada mekdebiniň kämil terbiýesini alan gelin-gyzlar her bir türkmen maşgalasynyň ýüzüniň tuwagy, öýüniň bezegi, törüniň ýaraşygy, ene-atasynyň iň ýakyn hemrasy, köňül guwanjy. Beýle gözeli şahyr: «Bilen ýanda meňzär gymmat düre sen» diýip, taryplaýar.
Biz Magtymgulynyň döredijiliginiň ynsan häsiýetine bagyşlanan şygyrlarynda halkymyzyň irki döwürlerden bäri dowam edip gelen terbiýeçilik mekdebiniň edep-kadalary bilen ýakyndan tanyş bolýarys. Ýönekeý bir ardynjyramak bilen özüniň barlygyny, talapkärligini duýduran atalarymyz, eline iňňe tutmagy başarandan gyzjagazlary tikin-çatyn we biş-düş işlerine ugrukdyryp zähmet terbiýesiniň esasyny goýan enelerimiz şol mekdebiň ussat tälimçileridir.
Oturşy-turşy edaly,
Gaşlary galam islärin.
Zergärçiligiň gaýtalanmajak we mizemez nusgalary bilen gelin-gyzlary bezemekligiň medeniýeti hem zergärleriň döredijilikli zähmetiniň netijesinde barha kämilleşipdir. Gelin-gyzlara niýetlenilip ýasalan şaý-sepler olaryň syrdam synasyna aýratyn bezeg berýär. Magtymguly hem söz sungatynyň kämil zergäri, hem şaý-sepleri ýasamagyň ussady bolupdyr. Onuň zergärçilik ussahanasyndan söz açýan «Söwüş bile» goşgusynda:
Meňli gyzyň ýüzügine,
Gaşlar goýsam kümüş bile -
diýen setirler şahyryň kämil sungatyň kämil halypasydygyny tassyklaýar.
Türkmeniň akyldar ogly Magtymguly bütinadamzat ähmiýetli şygyrlary bilen meşhurlyga eýe bolan, dünýäniň ençeme haklarynyň durmuş hakykatyny çeper beýan edýän ajaýyp mirasy bize ýadygär goýan şahyrdyr. Magtymgulysyz halkymyzyň medeni hem edebi ösüşini asla göz öňüne getirip bolmaz.
Bu günki gün türkmeniň dana şahyry Magtymguly dünýä derejesinde sarpalanýar. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine döwlet hem dünýä derejesinde goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Şahyryň bütin döredijiliginde ynsanperwerlik we ynsançylyk gatnaşyklary çuňňur beýan edilýär. Magtymgulynyň agzybirlige, jebislige, asuda durmuşa çagyran şygyrlary bütinadamzat gymmatlygydyr. Ol gymmatlyk halk hazynasynyň we hakydasynyň altyn täjidir.
Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň,
Bendesi men söze hyrydar guluň —
diýýän Pyragynyň göwün küýsegi hasyl boldy. Bu gün bütin dünýä Magtymgulynyň öwüt-ündewe, nesihata ýugrulan şygyrlarynyň aşygy. Dürdänesi ýaly sözüniň hyrydary. Goý, Magtymguly ýaly beýik söz ussatlarymyzyň, taryhy şahsyýetlerimiziň adynyň we umumadamzat ähmiýetli döredijiliginiň dünýä derejesinde dabaralanmagynyň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri baky dowam bolsun!