Gadamlaryň batly bolsun, Aşgabat!


Gadamlaryň batly bolsun, Aşgabat!



Alym, atşynas Arkadagymyzyň goşgularda «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň» diýlip taryp edilen bedewlerimize nä derejede hormat goýýandygyny diňe bir olara bagyşlanan gymmatly eserleriniň däl, eýsem, «Bedew» atly goşgusynyň mysalynda-da aýdyň görýäris. Bu goşgusynda eziz Arkadagymyz: «Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen, Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen» diýip, behişdi bedewlerimizi bagtymyza, şeýle hem, iň gymmatly zatlara deňeýär. Bu goşgyny okap otyrkaň, dünýäňde bedew atlarymyzyň keşbi janlanyp, olaryň toýnaklarynyň owaza meňzeýän dükürdisini, çarpaýa galyp, kişňeýän sesini eşidýän ýaly duýgulary başdan geçirýärsiň. Ýüregiň joşup:

Göwün üstündedir dagyň,
Ýeller aňk bor çapan çagyň,
Buýsanjy sen Arkadagyň,
Kişňe, bedew atym, kişňe! —
diýýärsiň.

Ine, Gahryman Arkadagymyz bedewlerimizi şeýdip söýýär, olara şeýdip hormat goýýar. Biz muňa ýurdumyzda uly dabaralara beslenip geçirilen baýramçylyk günlerinde ýene bir gezek göz ýetirdik. Çünki ýurt Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bedewler bilen didarlaşmaga gelende ady dünýä dolan Akhan atly bedewiň ilkinji taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habary gelip gowuşdy. Baharyň dünýäňe ýakym paýlaýan şeýle gününde taýçanagyň dogulmagy Milli bahar baýramy bilen birlikde täze günüň, täzeçilligiň baýramyny, ýagny Halkara Nowruz gününi belleýän halkymyzda iň bir ýagşy umytdyr arzuwlary oýardy. Hut şeýle bolansoň, mähriban Arkadagymyz däp-dessurlarymyza eýerip, taýçanagyň boýnuna Käbesiniň işen nepis alajasyny dakdy. Onuň hereketlerini, dowamata dowam bolan keşbini guwanmak bilen synlady.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň belleniljek ýylynda dünýä inen taýçanagyň hem atasy Akhan ýaly gözellikde, ýyndamlykda, ýüwrüklikde iň bir tanymal atlaryň biri bolup ýetişjekdigine ynamymyz uly. Çünki ol saýlama atyň tohumyndan bolup, oňa mähriban Arkadagymyzyň nazary düşdi. Şa nazary düşen zatlar bolsa rowaçlyk tapýar. Şonuň üçinem, şeýle günde dünýä inen taýçanagyň tutuş türkmen halkynyň durmuşyna ýagtylyk, nuranalyk çaýjakdygy gürrüňsizdir.
Bilşimiz ýaly, halkymyzda bedewlere at dakmak meselesinde hem milli ýörelgelere eýerilýär. Täze dünýä inen taýçanaklara at dakylanda-da, ol atasynyň ady bilen utgaşdyrylýar. Şeýle bolansoň, atşynas Arkadagymyz Akhanyň ilkinji harpyna salgylanyp, şeýle-de, 140 ýyllyk toýuna barýan paýtagtymyz Aşgabadyň şanyna bu taýa Aşgabat adyny dakdy. Gör, neneňsi owadan hemem seýrek at! Bu owadan adyň eýesi bolan Aşgabat atly taý gününi sanap öser. Taýçanaklykdan saýlanyp, at çykar. Şonda atasy Akhan ýaly ganat baglap çapmakda, dürli oýunlary etmekde diňe bir halkymyzy däl, bütin dünýäni haýrana goýar.
Hawa, goşgularymyzda:

Tarypyny edeý diýsek, bir owadan ak atgördük,
Arkadagym münen wagty ylahydan hala tgördük,
Çapyşynda, bakyşynda dünýä dolan kamat gördük,
Kamatyňa gurbanam men, gurbanam, bedew atym! —

diýip, tarypyny edýän Akhan atymyzda ylahydan iň bir ýagşy gylyklar we gözellikler bar. Gahryman Arkadagymyz bilen ýollara gelşik berip ýola düşýän Akhanyň hereketlerini synlaýarkaň ynsan bilen bedewiň arasyndaky baglanyşyga şaýat bolýarsyň. Şeýle bedewler dost diýseň, dost, syrdaş diýseň, syrdaş! Akhan hem hut şeýle atlaryň naýbaşysy. Ol bizi şu güne çenli guwandyryp, haýran galdyryp gelýär. Onuň 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndaky, 2018-nji ýyldaky üstünligi we beýleki ýeňişleri halkymyzyň guwanjyna öwrüldi. Şonuň üçinem, Akhanyň adyny tutanymyzda dünýämizi iň ýakymly duýgular gurşap alýar.
Baharyň jana şypa berýän ajaýyp günündäki bu wakalar — Akhanyň dowamat dowam eçilip, täze taýçanagy peşgeş bermegi jogapkärli döwlet işinden daşary kitapdyr goşgy ýazyp, döredijiligiň dünýäsinde ýaşaýan mähriban Arkadagymyzyň ýüregini joşdurdy. Milli Liderimiz täze eserini ýazmagy dowam etdirdi. Eseri täze wakalar bilen baýlaşdyryp, «Ýüregi sen ýurdumyň, Ak şäherim Aşgabat!» diýen çeper setirleri özünde jemleýän goşgusyny hem girizdi.
Elbetde, buýsançly wakalar başyňy Göge ýetirýär. Bu wakalar hem baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Dünýä täzelik, gözellik, rowaçlyk bolup gelen taýçanagyň keşbinde ýagty günlerimiziň ýakymyny duýduk. Bahar güllerinden don geýen gözel ýaýlalarymyzy, bedewlerimizi toýa barýan Aşgabat şäherimizi:

Köňülleriň köşgünde siz,
Pederleriň kesbinde siz,
Arkadagyň waspynda siz,
Çapyň, bedew atlar, çapyň! —

diýen setirler bilen wasp etdik. Çünki Gahryman Arkadagly döwrümizde her birimiziň ýüregimizde, dünýämizde bedewleriň bady bar. Biz şol bat bilen öňe barýarys. Şol bady bolsa Akhan ýaly şeýle atlarymyzdan alýarys. Goý, Aşgabat adyna eýe bolan taýçanak iň bir saýlama atlaryň biri bolup ýetişsin!

Ogultäç ORAZTAGANOWA