Baýzy ýüň keçe


Baýzy ýüň keçe



Arkadag Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň köklerini öwrenmek babatda berýan taýsyz godaw-hemaýaty netijesinde häzirki wagtda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» esasynda ylmy-barlag işlerini alyp barylýar. Netijede ençeme milli gymmatlyklarymyzy ylmy derňewe çekilýä, olaryň esasynda henize çenli taryhymyzyň belli bolmadyk şöhratly sahypalary dikeldilýär. Ylmy barlaga çekilen etnografiýa gymmatlyklaryň arasynda baýzy ýüň keçe baradaky maglumatlar ylmy taýdan aýratyn gyzyklanma döredýär.
Mälim bolşy ýaly, baýzy ýüň adatça, 5-7 aýlyk tokludan gyrkylyp alynýar. Goýnuň ýüňi bilen deňeşdirilende gysga bolýandygy sebäpli, ol gyrkylanda bütewi bir düwrüm ýüňi emele getirmeýär. Şoňa görä-de, baýzy ýüň beýleki ýüňlere garyşman, dessançynyň selle telpeginiň buýralary ýaly seçelenip, saýlanyp durýar. Baýzy ýüň goýunlaryň beýleki görnüşlerinden gyrkylyp alynýan ýüňlere görä has ýumşak we ýüpeksow bolýar.
Baýzy ýüňüň önümçilik ähmiýetini we tehniki aýratynlyklaryny içgin öwrenen tejribeli alym Ş.Herremowyň «Dowardarçylyk» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Baýzy ýüňüň süýümlerinde özen gatlagy ýok diýen ýalydyr, muny olaryň inçe we ýetişen mallaryň ýüňüne görä uzynlygy we ýogynlygy boýunça has birsyhly bolmagy bilen düşündirmek bolar. Olaryň düzümindäki süýümleriniň biri-biri bilen arabaglanyşygy gowşakdyr, şoňa görä-de, biri-birinden aňsat bölünip aýrylyp bilýändir». Mundan başga-da, baýzy ýüňde malyň derisinden bölünip çykyp, ýüňe siňýän ýagyň mukdarynyň az bolmagy onuň ýüňüniň seçelenip, gulpaklarynyň towlanyp owadan öwüşgin bermegine şert döredýär. Ýokary hilli baýzy ýüňi almak üçin ýylyň başynda doglan toklulary tomsuň ahyrlarynda, ýagny awgustyň 20-sinden soň gyrkýarlar. Keçe senetçiliginde baýzy ýüňi ulanmak aýratyn ussatlygy talap edýär. Sebäbi ýokarda belleýşimiz ýaly, ol beýleki ýüňler bilen gowy garyşmaýar, bu bolsa onuň wagtyň geçmegi bilen gopmagyna getirýär. Şoňa görä-de, adatça güýz gyrkylan toklynyň baýzy ýüňi aýratynlykda saýylýar. Onuň üçin, gaty hem döwülmezek ýylgyn çybyklaryny öňünden arassalanyp, guradýarlar. Gollary el işlerine werziş zenanlar baýzy ýüňi beýleki ýüňlere sereden-de, iki esse köp zähmet sarp edip saýýarlar. Asyrlaryň jümmüşinde türkmen durmuşynyň-ýaşaýşynyň özenini düzýän öý goşuna öwrülen bu täsin keçäniň gyra jähegine geçiniň çöpri hem goşulyp taýýarlanýan halaty bolýar. Bu gyra ýüňleriň syk oturmagyna täsir edýär.
Käbir senetçiler saglyk üçin örän ähmiýetlidigini nazara alyp, baýzy ýüňi beýleki keçe önümlerini taýýarlanda hem ulanýarlar. Adatça ol keçäniň arka ýüzüne – gülsüz tarapyna salynýar. Ýöne ony keçäniň gyragarasy tutulanda ulanylmaýar. Sebäbi baýzy ýüň gysga hem-de buýralary towlanyp durýar. Eger-de baýzy ýüňi saý-sebäp bilen keçäniň gyra jähegine goşulan bolsa, ol beýleki ýüňleriň arasyna siňmän, mese-mälim bildirip durýar. Wagtyň geçmegi bilen gopmak bilen bolýar.
Baýzy ýüň keçäniň taýýarlanyş aýratynlygy barada rowaýatda onuň taýýarlanyşy we durmuşdaky, ruhy dünýämizdäki ähmiýeti barada gyzykly maglumatlar berilýär. Aýdyşlaryna görä, ir zamanda ýaýla seýrana çykan şa zenany çopan goşundaky owlajyklardyr guzylaryň arkasyny sypalanda, onuň gollaryna baýzy guzynyň buýruja tüýi hoş ýakýar. Şazenany köşgüne dolanansoň, kenizlerine ýüzlenip: «Toklynyň ýumşajyk tüýüni gyrkyp getiriñ» diýip buýurýar. Kenizlerem tabşyrygy birkemsiz berjaý edýärler. Şazenany «Ilki ony arassalaň hem-de çybyk bilen saýyñ!» diýýär. Kenizler guzynyň ýüňüni aşgarly suwa ýuwup-guradýarlar, ýöne ony çybyk bilen saýyldygy-ça owadanlanyp, ýazylyp, uçlary towlanyp köpelip barýarmyş. Bu ahwala haýran galan kenizler: «Hanym, toklynyň ýüňi saýyldygyça göwrümi ulalyp, gözel görke gelýär, ýalpyldap, has ýumşap barýar» – diýip, habar ýetirýärler. Muňa şazenany hoş bolup, «Onuň üstüne mylaýym suw sepiň» diýip buýurýar. Kenizler tabşyrygy dessin berjaý edýärler. Şazenany «Indi bolsa, onuň üstünde tans ediň, raks oýnaň» diýýär. Mylaýym suw seçelenip, perisypat gyzlaryň uz aýaklarynyň astyna düşelen baýzy ýüň depelendigiçe, biri-birine ulaşyp, birleşip-berkeşip, buýralarynyň gulpaklary täsin gülleri ýada salýan görnüşde peýda bolup, owadan keçä öwrülýär. Şazenany bu ajaýyp gülli keçäniň gözelligine, mahmal mata ýaly ýakymyna maýyl bolýar hem-de kenizlerine ondan hökümdar üçin düşekçe taýýarlamagy buýurýar. Rowaýatda beýan edilişine görä, şol wakadan soňra, baýzy ýüň keçäniň dabarasy daglar aşyp, nesilme-nesil arzylanyp gelinýär. Ol şalaryň altynbaş ak öýleriniň törüniň bezegi, hökümdarlaryň hem şazenanlarynyň namaz düşekçesi, çuňňur hormatyň nyşany hasaplanyp täze düşen gelne, gadyrly myhmana düşelýän körpeçe hökmünde ulanylyp gelinýän gymmatly mirasymyz hasaplanylýar. Halk arasynda ak reňkli toklynyň ýüňünden taýýarlanyp, daşyna gyra jäheklenýän keçe «Pygamber keçe» diýlip hem atlandyrylýar.

Orta asyrlarda ýaşap geçen nusaýly etnograf alym-ýazyjy Reşideddin Salar Babanyň taryhy eserindäki «Bir ýakuty-abdar baýza çelli alyga baglab...» diýen şygyr setirinde «baýzy» sözüniň manysynyň «ýakuty-abdar – gymmat bahaly, ýokary hilli göwher-abdar» bilen barabar gymmatly baýlygy aňladýandygyny ýazypdyr. Senetçi hojalyklarda baýzy ýüň keçäni basmagyň özboluşly ruhy ýörelgeleri hem nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Munuň üçin, adatça ussat senetçi eneler kömege çagyrylýar. Ynanja görä, baýzy ýüň keçe basylanda onuň el degmän galan ýeri bolmaly däl. Eger keçäniň bir ýerine el az degen bolsa, şol ýeri girmän beýleki ýerlerinden telkerip, salparyp aýratyn bildirip durýar. Bu bolsa keçäniň tekizden owadan bolmagyna täsir edýär. Şoňa görä-de onuň hemme ýerini endigan, birsydyrgyn basmaga ähmiýet berilýär. Keçäniň gyrasynyň göni çykmagyna aýratyn yhlas siňdirilýär. Şeýle jogapkärligi talap edýän iş bolansoň, baýzy keçe basylanda zenanlar ussat senetçileri, goňşy-golam zenanlary çagyryp ümä üýşmek dessuryny berjaý edýärler. Keçe basylanda el köp bolsa iş basym bitýär hem-de onuň hili ýokary bolýar. Ümä üýşülende, zenanlaryň biri ýüňi arassalaýar, ýene-de bir ýüňi daraýar, başga biri sümegi süýýär, oral eneler onuň çyzgysyny çyzýar, ezber elli gelinler bolsa gamyşyny çykarýar. Şeýle arzylanýan keçeler sähetli gün basylýar. Ýyldyzyň ýerleşişinden ugur alnyp sähet çykarylýar. Keçe basylanda çagyrlanlaryň arasynda gelmedik bar bolsa, keçe basýan öýüň eýesi ondan göwün edýär.
Keçe çekmek üçin esasan gollary gujurly erkek kişiler kömege çagyrylýar. Mahlasy, goňşy-golamlar, garyndaşlar, şeýle hem öýüň oglanlary, erkek kişileri gatnaşýan bu iş mukaddes türkmen ojagynyň agzybirligini barha berkleşdirip, döwletlilik ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar.
Güýz gyrkylan baýzy ýüňüň käbir görnüşi reňk almazak bolýar. Şeýle ýüň tebigy reňkli mata önümlerini dokamakda örän amatly bolýar. Ýeri gelende aýtsak, baýzy ýüňüň tebigy aýratynlygy uly düýeleriň boýnundan ýa-da örküjinden gyrkylyp alynýan sütüklerine we köşekleriň ýüpek ýaly ýumşajyk we ynsan saglygyna ýakymly ýokary hilli ýüňüne deňelip, ondan zenanlar üçin mawut, begres toý donlarynyň, erkek kişiler üçin toý çäkmenleriniň matasy örän nepislik bilen dokalýar. Halkymyz tarapyndan eziz görülýän toý çäkmenine köplenç «ýüzükden geçme agar çäkmen» hem diýilýär.
Görnüşi ýaly, milli mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan baýzy ýüň keçe parasatly oguz nesilleriniň müňýyllyklaryň jümmüşinde baý tejribeler bilen kämilleşdirilipdir, ol keçe senetçiliginiň özboluşly tehnologiýa syrlaryny, asylly ruhy ýörelgelerimizi, çuňňur mazmunly halk döredijilik eserlerimizi özünde jemleýär. Milli medeniýetimiziň şeýle köpöwüşginliligi bolsa biziň egsilmez baýlygymyz hem dünýä giňden ýaýmaly gymmatlygymyzdyr.

Agamyrat BALTAÝEW