Mary welaýatynyň Baýramaly şäheri


GÖWÜNLERI GALKYNDYRÝAN ŞÄHER



Mary welaýatynyň Baýramaly şäheri diňe bir özüniň kuwwatly senagat kärhanalary, gadymy ýadygärlikleri bilen däl-de, eýsem, çawy alyslara ýaýran adybir «Baýramaly» şypahanasy bilen hem bellidir. Şypahana, aslynda, ýürek, gan-damar, böwrek kesellerinden ejir çekýänleriň saglygyny berkitmek maksady bilen açylan bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2010-njy ýylda onuň örüsi giňäp, dünýä halklarynyň arasyndaky at-owazasy has-da ýokary göterildi. Bu ýere Ýewropa döwletlerinden, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlaryndan, şonuň ýaly-da, Diýarymyzyň çar künjeginden dynç almaga, saglygyny berkitmäge gelýänleriň sany artdy.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, şypahananyň durky düýpgöter täzelenip, döwrebap ýagdaýa getirildi. Bu ýerde öňden bar bolan sagaldyş merkezlerinde, wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynda we gaýry binalarynda düýpli abatlaýyş, bejergi işleri geçirilip, her biri 250 orunlyk iki sany döwrebap wagtlaýyn ýaşaýyş jaý toplumy guruldy. Bu hem şypahana gelýän müşderileriň sanynyň 800 adama çenli artmagyna we onda berilýän bejergileriň görnüşleriniň 60-dan aşmagyna ýol açdy. Şu günki gün bu şypahanada 800 töweregi adam dynç almak bilen, öz saglygyny berkidýär. Müşderilere lukmanlar döwrebap derejedäki lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler. «Lukmanyň diňe eli däl, dili hem melhem bolmalydyr» diýip belleýişleri ýaly, olar her bir raýat bilen sypaýy gürleşip, dogry bejergi almagy maslahat berýärler. Bu bolsa, adamlaryň saglyklaryny berkidip, göwnühoş bolup gitmegine ýardam edýär.

Biz şypahanada bolanymyzda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen bagtyýar raýatlar, ýagny Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndan mugallym Zakir Sabyrow, Aşgabat şäherinden telekeçi Täçmyrat Amanow, Mary şäherinden Nar Orazmyradowa we beýleki ildeşlerimiz bu ýerde dynç alyp, saglyklaryny berkidýän ekeni. Olar özlerine edilýän hyzmatlardan hoşal bolup, il saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar hem-de dili süýji, eli ýeňil lukmanlara hoşallyk bildirdiler.

— Şu şypahana indi üçünji sapar gelşim. Bu ýerde berilýän lukmançylyk kömeklerinden, saglygyňy berkitmäge niýetlenen melhemlerden janyma şypa tapýaryn. «Edileni em bolsun!» diýişleri ýaly, alýan kömeklerimizden, ulanýan wannalarymyzdan, derman palçyklaryndan haýyr tapýarys. Şepagat uýalary-da, lukmanlar hem ýokary derejede hyzmat edýärler. Biz olaryň hyzmatyndan hoşal. Ýurdumyzda döwrebap derejede dynç alyp, saglygyňy berkitmäge ýokary hilli şypahana hyzmatlarynyň ýola goýlandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! — diýip, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndan gelen bilim işgäri Zakir Sabyrow öz ýürek buýsanjyny beýan etse, Aşgabat şäherinden gelen telekeçi Täçmyrat Amanow şatlygyny biziň bilen paýlaşyp, şeýle diýdi:

— Meniň bu şypahana birinji gezek gelşim. Şypahananyň uzak ýaşly çynar agaçlaryny, köp dürli baglaryny, gadymy hem-de döwrebap binalaryny görüp, haýran galdym we özümi jenneti mekana düşen ýaly duýdum. Bu ýerde ynsan saglygyny berkitmek maksady bilen berilýän emler, lukmanlaryň maslahatlary we bejergileri biziň ömrümize ömür goşýar. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmäge, sport bilen meşgullanmaga döredilen şertler hem ýokary derejede. Sport, lukmançylyk enjamlary-da daşary ýurtlarda öndürilen kämil enjamlar. Fitobaryň hödürleýän melhem çaýlary bize şypa berýär. Her bir raýatyň medeniýetli dynç alyp, saglygyny berkitmegi üçin bimöçber aladalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt, döwlet bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

Başda belleýşimiz ýaly, şypahanada diňe bir wagtlaýyn ýaşamak, dynç almak üçin döredilen şertler däl, eýsem, saglygyňy berkitmek üçin hem oňaýly mümkinçilikler bar. Sagaldyş merkezinde dürli lukmançylyk otaglary bolup, olarda dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen lukmançylyk enjamlary, ynsan saglygyny berkitmäge niýetlenilen dürli serişdeler oturdylypdyr. UZI, elektroforez ýaly döwrebap lukmançylyk enjamlaryndan başarjaňlyk bilen peýdalanýan ýerli hünärmenler dynç alýan raýatlara ýokary derejede hyzmat edýärler. Dürli melhem suwly wannalaryň, melhem palçyklaryň ýerlikli peýdalanylmagy-da ynsanlaryň ömrüne ömür goşýar. Bu ýerdäki fitobarda bolýan adamlara Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby esasynda taýýarlanylan melhem çaýlar hödür edilýär. Dynç alýanlar şol melhem çaýlary içip, öz teşneligini gandyrýarlar. Şypahananyň çäginde açyk meýdanda iki sany bejeriş bölümi, suw howzy bar. 840 metr ýerasty çuňlukdan alynýan hlorid sulfaty bejeriji suwundan hem adamlar ýerlikli peýdalanýarlar. Elektroforez, lazer boýunça aýratyn otagda daş üýşmeklerinde nerw ulgamlaryna oňaýly täsir berilýär. Ultrases (UZI) enjamyndan gowy baş çykarýan lukman Çarymyrat Jumadurdyýew müşderilere göwnejaý hyzmat edip, köpüň alkyşyny alýar. Şypahananyň naharhanasynda, esasan, berhiz naharlary taýýarlanylýar. Şonuň ýaly-da, gök-bakja önümleri bilen gündelik üpjün edilýär. Birbada 800 adama hyzmat edýän naharhananyň hyzmatlaryndan dynç alýan ildeşlerimiz hoşal bolýarlar.

Dynç alyş wagtyňy gyzykly geçirmek üçin şypahanada köpçülikleýin medeni çäreleri guramak, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna zyýarata, Mary, Baýramaly şäherlerine we beýleki ýerlere gezelençlere gitmek babatda hem oňaýly hyzmatlar ýola goýlupdyr. Munuň üçin şypahananyň öz awtobusy müşderilere göwnejaý hyzmat edýär. Bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler hem bu ýerde medeniýetli dynç alyp, saglyklaryny berkidýän bagtyýar adamlaryň ömürlerine ömür goşýar. Baş baýlygymyz hasaplanýan ynsan saglygyny gorap saklamaga uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna şypahananyň agzybir işgärleri-de, bu ýerde dynç alýan ildeşlerimiz-de tükeniksiz alkyş aýdýarlar.