Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä ykrarnamasy Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk syýasatynyň dabaralanmasydyr


Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä ykrarnamasy
Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk syýasatynyň dabaralanmasydyr



Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň möçberli işleri dünýä ýaýýar. Bu günki gün ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşindaki deňsiz-taýsyz gazananlary halkymyzda çäksiz buýsanç hem ruhubelentlik döredip, häzirki bagtyýar, bolelin durmuşymyzyň ygtybarly esasyny düzýär. Has belent maksatlara ýetmek üçin «Döwlet adam üçindir!» diyen şygar astynda Watanymyzyň ähli pudaklarynda dowam edýän düýpli özgertmeler barha ýokary depgine eýe bolýandygy bilen tapawutlanýar.

Milli Liderimiziň goldamagy bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi watandaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini giňden ýaýmakda, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmakda, ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan beýik işleri has-da şöhratlandyrmakda, ýurdumyzyň parahatçylygy üpjün etmäge goşýan goşandyny, öňe sürýän başlangyçlaryny dünýä ýaýmakda, giňden wagyz etmekde, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň çuň many-mazmuny özünde jemleýändigini aýratyn nygtamak gerek.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen eziz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy biziň beýik buýsanjymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde eziz Diýarymyz bu gün dünýäde bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dürli halklar we döwletler bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan ýurt bolup durýar. Milli Liderimiziň parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de durnukly ösüş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi bilen, Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen alyp barýan özara bühbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Bu barada şu ýylyň ýanwar aýynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar» diýip belledi.
Ynsanperwer durmuş syýasaty, adam üçin döredilýän oňaýly şertler tutuş halkymyzda mähriban Arkadagymyza, Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan depginli ösdürmek ugrunda toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ilatymyzyň hal-ýagdayyny ýokarlandyrmak maksady bilen gurulýan senagat, durmuş-medeni maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar. Mähriban watandaşlarymyz halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň geriminiň giňeldilmegi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy we ähli döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Eziz Diýarymyz sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Aşgabat şäherinde, şeýle hem welaýatlarymyzda iri senagat desgalary gurulýar. Hemişelik Bitarap ýurdumyzda gurlan we gurluşygy dowam edýän binalar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegine, raýatlarymyzyň girdejileriniň yzygiderli artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda üznüksiz alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Şoňa görä-de, döwletimiziň möhüm halkara ulag merkezi hökmünde orny barha ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tagallalary netijesinde Diýarymyzda demir ýollar, awtomobil ýollary yzygiderli gurulýar hem-de tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyrylýar. Giň gerimli bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň hem-de halkymyzyň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Amatly syýasy-geografik ýagdaýa eýe bolan Türkmenistan mineral serişdelere örän baý ýurtdur. Diýarymyzyň ykdysady binýadyny has-da kuwwatlandyrmakda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda nebitgaz, himiýa pudaklaryna uly orun degişlidir. Dünýäde kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen, Türkmenistan özüniň ägirt uly nebitgaz gorlaryny ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine gönükdirýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem uly özgertmeler geçirilýär. Oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda döredilýän oňaýly şertleriň netijesinde daýhanlarymyz tarapyndan oňat netijeler gazanylýar. Hormatly Arkadagymyzyň oba hojalygyny häzirki döwrüň iň kämil tehnikalary, suw we beýleki zerur bolan serişdeler bilen doly üpjün etmek ugrundaky aladalary pudagyň belent sepgitlere ýetmegine itergi berýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyz halkymyzy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany ykdysady, senagat-innowasiýa taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak baradaky beýik maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak ugrunda mundan beýläk-de netijeli, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bular barada ýurek buýsanjymyzy beýan etmek bilen, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, berk jan saglyk, alyp barýan beýik işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Gurbanmyrat TÖRÄÝEW