Ak öýleriň ýaraşygy
Halkymyzyň gadymdan gelýän milli gymmatlyklary: haly we haly önümleri, şaý-sepleri, egin-eşikleri hem-de beýleki el işleri wagtyň synagyndan geçip, häzirki günlere has kämil görnüşde gelip ýetipdir. Geçmişiň milli gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly aýap saklan halkymyz olara täze öwüşgin çaýyp, toý-baýramlarda ulanypdyrlar. Al-ýaşyl güllere beslenen türkmen sährasyny ýadyňa salýan gözellikler nepis halylarymyzyň, palaslarymyzyň, keçelerimiziň süňňüne siňipdir. Şeýle gözelliklere baý türkmen haly-palasynyň esasy gymmatlygy tebigylygyndadyr. Olaryň erşem, argajam, çitimem sap ýüňden, reňki tebigy boýaglardan. Ýüwürdilende, ak ýollary ýadyňa salýan, dokalyp taýýar edilende, bahar paslynda türkmen sährasynyň läle-reýhan keşbine meňzeýän nepis gölli haly we haly önümlerini dokaýan gelin-gyzlarymyz diňe bir kalbyňy nurlandyrýan ajaýyplyklary döretmek bilen çäklenmän, eýsem, halyçylyk kesbi bilen bagly bolan nakyllary, gazallary, rowaýatlary, tymsallary we beýleki aýtgylary nesilme-nesil dowam etdirip gelýärler.
Gelin-gyzlar ýüňi arassalap, darap, egrip, gerek bolan reňkleride tebigatymyzyň ot-çöplerinden alyp, şol bir durkuny saklaýan haly we haly önümlerine çäksiz yhlas siňdiripdirler. Ot-çöplerden reňkleriň taýýarlanylyşy barada hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplarynda örän çeperçilik bilen giňişleýin beýan edilýär.
Hawa, nepis gölli halylarymyzy dokap, nusgalyk yz galdyran çeper elli zenanlarymyz, ene-mamalarymyz öz zehinleri, yhlaslary bilen sungatyň gaýtalanmajak gözelligini döredipdirler. Şeýle gözellikler dünýä medeniýetiniň, sungatynyň has-da baýlaşmagyna mynasyp goşant goşupdyr. Dünýäniň çar künjüne ýaýran halylarymyz milletimiziň, on barmagy hünärli zenanlarymyzyň abraý-mertebesini älem-jahana doldurypdyr. Şol şan-şöhrat mähriban Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze üstünlikler bilen dowamat-dowam bolýar. Ähli zerurlyklar bilen üpjün edilen çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän halyçylarymyz tehnikanyň ösen häzirki döwründe hem el hünärini ýitirmän, ony has-da kämilleşdirip, milliligimize täze öwüşgin çaýyp, el işlerine barha kämilleşýärler.
Zenanlary eli işsiz göz öňüne-de getirmeýän ene-mamalarymyz gyz maşgala ýaňy aga-gara düşünip ugranyndan, oňa hünär öwretmäge başlapdyrlar. Olar «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýip, gadymy nusgalaryň dowam etdirilmegini gazanypdyrlar. Şeýle bolansoň, gadymy senedimize täze öwüşgin berýän çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan döreýän, gözüňi gamaşdyryjy öwüşgin bilen lowurdap duran nepis halylarymyzy we haly önümlerimizi görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Şeýle näzikligi, nepisligi döredýän çeper elli zenanlaryň elinden çykýan inçe senedimizi synlanyňda, kalbyňy ajaýyp duýgular gurşap alýar.
Haly we haly önümleriniň hersiniň özboluşly aýratynlygy, gözelligi, keşbi bar. Şeýle önümleriň biri-de ak öýüň içinden hem daşyndan aýlanýan öý ýüpüdir. Dokalyş aýratynlygy bilen tapawutlanýan öý ýüpleri dürli-dürli bolup, ene-mamalarymyz olara «Eginýüp», «Akýüp», «Güllüýüp» hem diýipdirler. Halkymyz ak öýleriň esbaplarynyň arasynda kilim önümlerine aýratyn üns beripdir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen medeniýeti» atly kitabyň «Kilim — täsin göllere beslenen sungat» atly bölüminde şeýle bellenilýär: «Türkmeniň ak öýüniň esasy bezegi-ýaraşygy hökmünde «eňsi», «gapylyk», «ojakbaşy düşek», «çemçetorba», «duztorba», «golaň», «akýüp», «gyzyldüzi», «aladüzi», «gönjükýüp», «artmak» ýaly kilim önümleri häzirki günlere çenli giňden ulanylyp gelinýär». Türkmen öýüni hiç wagt öý ýüpsüz göz öňüne getirmedik zenanlar «Gyzym sepsiz bolsa bolsun, öýüm ýüpsüz bolmasyn» diýip, öý ýüpüniň ak öýler üçin ähmiýetiniň örän ýokarydygyny nygtapdyrlar. Ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, öý ýüpüniň, ýagny gülli ýüpüň dürli görnüşleri bolupdyr. Oňa «akýüp», «durlukkaka» hem diýilýär. Her bir işe ugurtapyjylyk bilen oýlanyşykly çemeleşen ene-mamalarymyz ak öýe niýetlenip dokalýan durlukkakany ir döwürlerde gylyç bilen dokapdyrlar diýen maglumatlar bar. Uzynlygy dört, alty, kähalatlarda bolsa on metre barabar bolan gülli ýüpüň goýnuň uzyn başly ýüňünden, şeýle-de geçiniň çöpürinden ýüwürdimi taýynlanypdyr.
Haly-palas ýaly ýüwürdilip, ak toprakdan başlanýan gülli ýüpleri dokamakda ulanylýan reňkler tebigy boýaglardan alnypdyr. Munda ene- mamalarymyz «Biz toprakdan döredik, topraga hem öwrülýäris» diýen many bilen ilki topragyny kakyp, soňra owadan, täsin «gaňyrçak», «pişek», «tegbent» ýaly nagyşlar bilen bezäpdirler. Ýöne onuň esasy aýratynlygy, gülli ýüpleriň dokma daragy bilen däl-de, gylyç bilen dokalýanlygydyr. Şonda-da ene-mamalarymyz gülli ýüplere nagyşlar salyp, nagyşlaryňam ýerbe-ýer bolmagyny, öýdümleriň biri-biri bilen sazlaşygyny gazanypdyrlar. Öýdümleri ýerbe-ýer bolan gülli ýüpleriň argajyny siňňitli bermek ýeňil-ýelpaý iş bolmandyr. Ýerligi narynç-gyzyl, ak reňkli gülli ýüpler dokalanda, argajyny sähelçe dartyp berseň, ýaňky öýdümler öz sazlaşygyny ýitirip, salynýan nagşyň görküni gaçyrýar, artygrak berseň, ol kesilenden soň, nagyşlaryň biraz gyşarandygyny, bir tarapynyň ýygrylandygyny görmek bolýar. Edil palas-kilimleriň dokalyşy ýaly, öýdümem, argajam ýerbe-ýer berlen gülli ýüpler ak öýlerimiziň bil- guşagy bolup, uzak ýyllaryň dowamynda ýel-ýagmyrda hem keşbini üýtgetmän saklaýarlar.
Öý ýüpi dokaljak ýüwürdim ýüplügi taýýarlanylanda, geçi çöpürinden ediljek bolsa, onda arassalanan geçi çöpüri egrilip, iki gatlabam towy gowy berlip, mäşirik görnüşde ýumak edilip, birki gün goýulýar. Şeýdilende, iki gatlanan ýüwürdim ýüplügi ondan-oňa oklananda, ýygrylyp çolanmaz ýaly towuny mazaly alýar. Ýene-de bir artykmaçlygy, ol hem geçi çöpürinden ýüwürdilen kilim we kilim önümleriniň, aýratynam gülli ýüpüň nagyşlary we ýüzi has ýylmanak, argajy-da has siňňitli bolýar. Ýüwürdimi-de, argajy-da geçi çöpürinden dokalan öý ýüpleri öwüşginliligi, ýagyş-ýagmyrda ezilende-de reňkleriniň biri-birine ýokuşmaýanlygy bilenem tapawutlydyr. Şonuň üçinem kakylyp, öýdülip dokalýan palas-kilim önümlerinde geçi çöpüri esasy ýüplükleriň biri hasaplanypdyr.
Öý ýüpüni çitme we kakma görnüşlerinde taýynlapdyrlar. Daşarda açyk meýdanda dokalanda irginsiz zähmeti talap edýändigi bilen, türkmen zenanlarynyň näderejede sabyr-kanagatlydygyny aýdyň görkezýän öý ýüpleriniň bir ýüwürdilende, bir ýyllabam dokalmaly halatlary bolupdyr. Tutuş ýyllap ýüwürdilgi durýan gülli ýüpleri goňşy-golamlaram gelip dokaberipdirler.
Hawa, ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan soňra, gadymdan galan şeýle inçe senedimiz has kämilleşdirilip, sungat derejesine ýetirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, zehin-başarnygyňy ýüze çykarmaga ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Döwlet Baştutanymyzyň zenanlara uly ynam bildirmegi olaryň işe bolan höwesini artdyryp, zähmet üstünligine ruhlandyrýar.
Nursoltan DEPBIÝEWA