Müň derdiň dermany


Müň derdiň dermany



Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp kitapdan ybarat ylmy-ensiklopediki eserinde milli däp-dessurlarymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan üzärligiň bejerijilik häsiýetiniň bardygyny hem-de onuň adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigini belläp geçýär.

Ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak we bejermek adamzadyň asyrlar boýy arzuwlap gelen iň ýokary derejeli islegidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki işiniň kitaplary ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmagyň ugurlaryny salgy bermek bilen, keselleri bejermekde, öňüni almakda bar bolan mümkinçilikleri çuňňur açyp görkezýär. Bahar aýynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly üzärligiň gögerip oturanyna duş gelmek bolýar. Lukmançylyk maksatlary üçin üzärligiň oty, seýrek ýagdaýlarda tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär.

Bu ösümligiň tohumynda, otunda alkoloidler saklanýar. Şeýle-de tohumynda boýag maddalary hem-de ýag bardyr. Halkymyz üzärligi gadym zamanlardan bäri hojalykda, halyçylykda hem-de lukmançylykda ulanyp gelipdir. Onuň ynsan saglygyny gorap saklamakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň bardygy hakynda Ibn Sinanyň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Jürjanynyň eserlerinde, şeýle-de türkmen halk döredijiliginde köpsanly maglumatlar berilýär. Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda saglygy goramagyň düzgünleri barada anyk ylmy maglumatlar berilýär. Muhammet Hüseýin Gündogar halk lukmançylygynda bu ösümligiň ulanylyşy barada: «Üzärlik — näzik serişde, çyglylygyň netijesinde dörän kükrek kesellerini bejerýär, ysy hem içegedäki ýeli aýyrýar: aşgazandaky we içegelerdäki ereýän hem-de goýy, iriňli döremeleri aýyrýar» diýip belläp geçýär.

Ýokanç keselli hassanyň ýatan jaýynda we otagynda howany arassalamak hem-de zyýanly mikroblary ýok etmek üçin arçadyr kerkawa üzärligiň guradylan dänelerini goşup tüsseledipdirler. Bu şypaly otuň tüssesi näsagyň ysgynsyzlygyny, ýadawlygyny aýryp, oňa ynjalyk beripdir. Abu Reýhan Biruny öz ylmy eserinde derman ösümlikleriň ýaýran ýerleri bilen bagly anyk mysallary getiripdir. Merwiň selmelek, çomujyň köki, Nusaýyň erik, garaly we şetdaly şänikleri önümleri barada, şeýle-de Günorta-Günbatar Köpetdagda ösýän, gadymy döwürlerden bäri derman ösümlikler hökmünde belli bolan üzärlik barada giň beýanlary beripdir.

Adam öz ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Dem almak üçin arassa howa, suw, ýagtylyk, iýmit adamyň we beýleki janly-jandarlaryň tebigat tarapyndan berlen peşgeşidir. Şu nukdaýnazardan çemeleşeniňde, türkmen tebigaty dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Halk lukmançylygynda we hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde, şeýle-de häzirki zaman fitoterapiýasynda Türkmenistanda bitýän dermanlyk ösümlikleriň biodürlüligi, şol sanda peýdaly otlaryň bejerijilik ukyby, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Üzärlik halk lukmançylygynda ýüzlerçe keseli bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir.

Halkymyz üzärligi dermanlyk we boýag ösümligi hökmünde peýdalanyp gelipdir. Şol döwürlerde üzärligiň tohumyny göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň garşysyna, şeýle-de içiň ýellenmesinde, damar çekmede hem ulanypdyrlar. Üzärlikden we onuň tohumyndan taýýarlanan melhemi demgysmada we böwrek kesellerinde ulanypdyrlar. Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma kesellerinde ulanylypdyr. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär.

Halkymyzda üzärlik «ýüzärlik», «üsbent», «yzbent» ýaly dürli görnüşde atlandyrylýar. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz üzärligi çogdamlap, öýleriniň gapysynyň daş tarapynda ýaman gözden we beýleki howp-hatarlardan gorasyn diýip asypdyrlar. Häzirki döwrümizde-de adamlar bolelinligiň, agzybirligiň, bereketliligiň alamaty hökmünde hem-de öýüni, maşgala agzalaryny dürli täsirlerden goramak maksady bilen, öýleriniň daşky gapysynda üzärligiň alajaly ýüp bilen daňlan dessesini asyp goýýarlar.

Ildeşlerimiz milli däp-dessurlarymyza eýerip, ýaş çatynjalaryň durmuş toýlary tutulanda, täze gelin öýe girmänkä, üzärligi ýakyp, üç sapar daşyndan aýlaýarlar. Üzärligiň goýy ak tüssesi ýaş çatynjalary her hili ýaramaz hadysalardan, şowsuzlyklardan, göz-dilden gorap saklaýar diýip ynanýarlar. Halkymyzda täze doglan çagany 40 günden soň çileden çykarmak dessury bar. Şunda çileden çykarmak üçin taýýarlanýan suwa kümüş we gyzyl şaý-seplerden başga-da üzärligiň guradylan ýapraklary atylýar. Şondan soňra dogan-garyndaşlar, goňşy-golamlar täze doglan çagany gutlamaga gelýärler.

Halkymyz üzärligi müň derdiň dermany diýip hasap edýär. Ýaş çagaly öýe myhman gelse ýa-da çaga myhmançylykdan gelenden soň, ynjalman aglap başlasa, ene-mamalarymyz gelnine: «Bar, bir gysym üzärligi oda at-da, çaganyň daşyndan aýla, şondan soň çaga köşeşer» diýip tabşyrýarlar. Üzärligiň ak tüssesinden çykýan ýakymly ys adama sagdynlyk, rahatlyk, göwnügiňlik berýär. Wagtal-wagtal öý içinde tütedip durmak ýokanç keselleriň birnäçe görnüşiniň öňüni almaga we ýaýramazlygyna ýardam edýär. Üzärligiň otundaky we tohumyndaky alkoloidleriň örän güýçli täsiri netijesinde, bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň onuň ysyndan gaçýandygy ylmy lukmançylykda subut edilendir.

Üzärligiň tüssesi ýylyň belli bir wagtynda döreýän ýokanç keselleriň birnäçe görnüşiniň öňüni alýar, adamlaryň bedeninde kesele durumlylygyň berkidilmegini üpjün edýär. Üzärlik dürli kesellerde melhemdigi üçin onuň bir dessesini gaýnadyp, sowadyp, mylaýym suwa düşmek arkaly deri kesellerinden saplanypdyrlar. Häzirki döwürde şeýle lukmançylyk hyzmat Diýarymyzdaky ähli şypahanalarymyzda bedeni rahatlandyryjy, keselden goraýjylyk ulgamyny berkidiji hökmünde giňden ulanylýar. Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanyna üzärligiň ýerleşdirilmegi hem tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almak we bejermek babatda giňden ulanylýar. Derman öndürýän kärhanalar birleşiklerinde işleriň köpüsi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki işine esaslanyp alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bitýän dermanlyk otlaryň, olardan taýýarlanýan toplumlaryň birnäçe görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygyny buýsanç bilen aýdyp bolar.

Abadan BERDIÝEWA