Eli hünärli , göwni gülzarly milletiň Käbesi


Eli hünärli , göwni gülzarly milletiň Käbesi



Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda türkmen zenanlarynyň her biriniň ýüregini joşduran ajaýyp waka bolup geçdi, ýagny Hormatly Prezidentimiziň mähriban ejesi, külli türkmeniň käbesi Ogulabat eje öz eli bilen sünnäläp bejeren kürtesini we ören gülli jorabyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurdy. Bu waka biziň her birimiziň ýüregimizde buýsanç, guwanç duýgusyny döretdi.
Ogulabat eje külli türkmeniň ykbalynda baky bagt çyragyny ýakan Gahryman Arkadagymyzy dünýä beren ene. Ol biziň her birimiz üçin çaga terbiýelemekde, edep-ekram meselesinde, şonuň ýaly-da el işlerini taýýarlamakda nusgalyk mekdep.
Mähriban Käbämiziň sünnäläp tiken kürtesi, ören gülli joraby türkmen zenanynyň ukyp-başarnygynyň, zehininiň, çeper döredijiliginiň näderejede beýikdigini, türkmen zenanlarynyň dörediji zenanlardygyny ýene bir gezek tassyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasyny bezeýän, türkmen milli lybaslarynyň naýbaşy nusgasy bolan gyzyl kürte we gülli jorap, muzeýi görmäge gelenlere türkmen zenanynyň eliniň çeperligi, kalbynyň gözelligi, älemi haýrana goýýan tebigy zehini barada gürrüň berer.
Türkmeniň terbiýe mekdebine nazar aýlanymyzda her bir maşgalada eneleriň gyzlaryna ýaşlykdan zähmet terbiýesini berendiginiň şaýady bolýarys. Eneler öz gyzlaryna öýüň biş-düş, öý süpürmek ýaly işlerinden daşary tikin-çatyn etmek işlerini hem öwredipdirler. Şonuň üçin:

Kümüş oýmak elinde, Tarypy älem gezer,
Tirme guşak bilinde, Köl içinde guw ýüzer.
Meniň balam Akmaýa Dokan haly-palasy,
Uly iliň dilinde. Nusga bolup il gezer

-ýaly hüwdi setirlerinde eneler gyzlaryň çeper eliniň hünäri bilen nusgalyk gymmatlygy döretmegini, inçe we nepis, waspy dillerde boljak ajaýyp halylary dokamagyny arzuwlapdyrlar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan geçirilen “Eli hünärli, göwni gülzarly milletiň käbesi” atly dabaraly maslahatda çykyş edenler hem Ogulabat ejäniň nepislik bilen bejeren kürtesi, ören gülli joraby, bu mähribän enäniň el işlerini taýýarlamakdaky ussatlygy dogrusynda gürrüň berdiler.
Bizem durmuşyň islendik pursadynda, her bir işde biz zenanlara nusga bolýan Ogulabat ejemiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwlaýarys. Eneler mukaddes Käbä deňelýär. Bizem mähriban käbämiz Ogulabat ejemize müň kerem alkyş aýdýarys. Goý, mähriban käbämiziň nusgalyk el işleri asyrlara ýörelge–nesillere görelde bolup muzeýimizi bezesin. Goý, mähriban Diýarymyzy eneleri hormatlamagyň, olaryň çekýän zähmetine bimöçber sarpa goýmagyň nusgalyk ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň il-halky üçin durmuşa geçirýän beýik maksatnamalary baky rowaç bolsun.

Ogultäç Hojanazarowa