Bedewlerimiz şöhratymyz-şanymyz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýeti, sungaty, edebiýaty hem bagtyýar döwrümize laýyk ajaýyp eserler bilen baýlaşýar. Eziz Watanymyzda milli toý-baýramlarymyz, şanly senelerimiz şatlyk-şowhuna, ýokary guramaçylyga eýe bolýar. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge, türkmen bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny belende götermäge uly üns berilýär. Milli toý-baýramlarymyzda ýörite at çapyşyk dabaralary guralyp, ýeňiş gazanan bedewlere serpaýlar ýapylýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän bedew ýadygärlikleriniň öňünde “Bedewlerimiz şöhratymyz-şanymyz” ady bilen geçirilen baýramçylyk çäreleri egsilmez ruhy joşguna, täsirli çykyşlara beslendi.
Behişdi bedewlerimiziň ajaýyp heýkelleriniň öňünde ýazyjy-şahyrlarymyz, sungat ussatlarymyz eziz Watanymyzyň, ýelden ýüwrük bedewlerimiziň, bahar paslynyň gözelliklerini ajaýyp şygyrlary, şirin owazly aýdym-sazlary bilen belent wasp etdiler.
Behişdi bedewlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda merdana halkymyzyň durmuşynda hemişe uly orun eýeläp gelipdir. Seýkin basyşly, ýelden ýüwrük bedewler türkmeniň wepadar dosty hem syrdaşy bolupdyr. Il içinde dana pederlerimiziň paýhasyndan dörän “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “At agynan ýerde toý bolar”, “At -myrat” ýaly pähim-paýhasa ýugrulan nakyllaryň bagtyýar ilimiziň durmuşynda giňden ulanylmagy hem halkymyzyň ykbalynyň bedewler bilen berk baglanyşyklydygynyň subutnamasydyr.
Döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda bedewlerimize bagyşlanyp geçirilýän döredijilik hem gözellik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, ýurdumyzda bedew heýkelleriniň ençemesiniň bina edilmegi, döwletimizde bedew sarpasynyň belent tutulýandygyndan nyşandyr.
Dabaraly çärede medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, çeper okaýyşlarynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine çuňňur many-mazmunly, kämil, döwrebap eserleri döretmäge giň mümkinçilikleri, ajaýyp şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar beýan edildi. Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan sagbolsunlar hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag. belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegi dileg edildi.
Ogulgurban Gaşlakowa