“Görogly” şadessany türkmen aýdym-saz sungatynyň gymmatly çeşmesi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini sarpalap, milli mirasymyzy dikeltmek, ösdürmek we dünýä ýüzünde wagyz etmekde döwletli işleri durmuşa geçirýär.
Aýratyn hem hormatly Prezidentimiziň ýazan çuňňur filosofiki mazmunly kitaplarynyň rus, iňlis dilinde neşir edilmegi türkmen medeniýetiniň dünýä ýüzündäki mertebesiniň hasam ýokary göterilmegine getirdi.
Türkmen medeniýeti öz ösüşinde iň ýokary basgançaklara göterildi. Medeniýet bu gün halklary, ýurtlary we milletleri ýakynlaşdyrýan, olary dostlaşdyrýan esasy ýol-ýörelgeleriniň birine öwrüldi.
Medeni mirasymyzy ylmy esasda düýpli öwrenmäge badalga beren hormatly Prezidentimiz gadymy taryhy-medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, rejelemek we olary ýaşlarymyza wagyz-nesihat, öwüt-ündew etmek boýunça aýgytly çäreler şu günki gün ýokary derejede badalga berildi.
Türkmenistanyň gadymy medeniýeti bilen bagly geçirilýän we geçiriljek halkara ylmy maslahatlar muňa şaýatlyk edýär. Olaryň ählisiniň içinde gadymy ýazuw ýadygärliklerimiz bilen bagly düýpli ylmy işler eriş-argaç bolup geçýär.
Türkmen halkynyň jöwher yhlasyndan dörän milli gahrymany biziň halkymyzyň döreden ajaýyp nusgawy eseri bolup, ol bagşy sazandalaryň dilleriniň senasy boldy.
Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynda “Görogly” şadessany bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmedir. Türkmen halkyny belentliklere galdyran bu dessan dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bilen öwrenilýär we okalýar.
Medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgasy bolan bu kitap Göroglynyň ölmez-ýitmez çeper keşbiniň täzeden janlanmasydyr. “Görogly” eposy biziň ýaş nesillerimiz üçin terbiýeçilik ähmiýetli uly mekdep bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ürç edip okaýan gymmatly medeni-mirasyna degişli kitaplary täzeden çap etmek işine badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiz söz sungatynyň täji bolan “Görogly” şadessanyna ýokary baha berip: “Asyrlaryň dowamynda ussat bagşylaryň, ozanlaryň ýiti zehini, ylhamy hem-de pähimi siňen “Görogly” eposy şu günki jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şamçyragydyr, iň kämil medeni baýlyklarynyň biridir” diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa...”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplary türkmen aýdym-saz sungatynyň gymmatly çeşmesiniň has çuňňur öwrenilmeginde nusgalyk eserleriniň birine öwrüldi. Bu kitaplarda aýdym-saz we türkmen sazandalary hakynda döredilen sungat eserleri barada düýpli ylmy maglumatlar berlipdir. Hormatly Prezidentimiziň ýazýan gymmatly kitaplary türkmen halky üçin ajaýyp serpaýdyr. Bu kitaplar dünýä dürdäneleriniň genji-hazynasynyň üstüni doldurýar.
Türkmen halkynyň akyl-paýhas, gahrymançylyk, edep-ekram hem-de merdanalyk ruhunyň genji-hazynasy bolan “Görogly” şadessany türkmen aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleriniň biri hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Asyrlaryň dowamynda timarlanyp, syntgylanyp ýokary kämillige ýeten “Görogly” şadessany ilkinji gezek Daşoguzly Pälwan bagşynyň dilinden ýazylyp alnyp, alymlar tarapyndan neşire taýýarlanylypdyr.
Diýarymyzyň döwrebap kitaphanalarynda “Görogly” dessanyň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary bolup, olar okyjylaryň iň islegli kitaplarynyň biridir. Dessan dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilipdir.
Şeýle kitaplaryň dünýäniň dürli ýurtly alymlary tarapyndan ýazylyp, rus, azerbeýjan, türk dillerinde bolmagy aýratyn hem ähmiýetlidir. Bu kitaplar ençeme ýyllardan bäri türkmen alymlary we daşary ýurtly alymlary tarapyndan gymmatly çeşme hökmünde peýdalanylyp gelinýär.
Altyn Saparbaýewa