Türkmen keçesi


Türkmen keçesi



Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ýörelgämiziň täzeden dikeldilmegi bilen türkmen halkynyň baý mirasy täze öwüşgine eýe boldy. Şeýlelikde taryhyň sahypalarynda hemişelik yz goýan pederlerimiziň şöhratly ýoly milli mirasymyzda öz beýanyny tapyp, bu günki günde älem-jahana ýaýrady.
Türkmen halkymyzyň öz taryhy diýseň baýdyr. Biziň dana ata-babalarymyz taryhy-medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, mizemez derejä ýetirilipdir. Şolaryň biride türkmen öýleriniň törüni bezeýän ululy-kiçili, dürli reňkdäki nepis keçelerdir. Keçeler özüniň döreýiş taryhy boýunça türki halklaryň, esasanda çarwalaryň arasynda ýaşaýyş durmuş şertlerine laýyklykda has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Alymlaryň tassyklamalaryna görä irki çarwa gurnama öýleri ilki Merkezi Aziýada döräpdir. Şol öýlere degişli ýazgylara miladydan öň V-asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Gerodotyň işlerinde duş gelýär. Keçeleriň döreýiş taryhynyň çuňlugy ýaly onuň taýýarlanyş usuly-da diýseň çylşyrymlydyr.
Her keçe özüniň aýratyn bir özboluşlylygy, möçberi, hili we nagyşlary arkaly tapawutlanýar. Olary taýýarlamak üçin ussatlyk, ezberlik, irginsiz zähmet zerurdyr. Keçe diňe goýun ýüňünden edilýär. Goýunlaryň ýazda gyrkylan ýüňleri ilki ýuwulýar, soňra guradylyp saýylýar, soňra ýüň darakda daralýar. Güýzde gyrkylan goýun ýüňi özüniň süýmüniň gysgalygy bilen ýaz ýüňünden tapawutlanýar. Ýüňler aýyl-saýyl edileninden soň boýalýar. Boýalan ýüňler dury suwda ýuwulyp, gowy guradylanyndan soňra ýüňler täze darakda daralyp, darak dişi hem-de pişge çykarylýar. Pişge keçäniň nagyşlaryny etmek üçin ýogyn we inçe görnüşde süýülýär. Tekiz ýere ýazylan örme gamyşyň üstüne inçe ýüň bilen nagyşlaryň keşbi çekilýär. Alajalar gülýakalar bilen keçäniň nagyşy doly bezelenden soň, ak ýüňler arkaly doly ýapylýar. Gara ýüňler bilen nagyşlaryň töwerekdäki boş goýulan gyra ýerleri doldurylýar.
Çaga wagtymyzda ejem bilen enemiň keçe basanlarynda biri – birine garaşyp deňlikde keçe basýanlary, arasynda durup keçäniň arka tarapyna egin-eşik ýuwulýan sabyn çalyp, ýene-de basyp başlaýardylar, bu bolsa keçäniň syk bolmagyna hem-de öwüşgünli bolmagyna täsir edýär. Keçäniň ähli işleri boldum edileninden soň, gamyşyň iki tarapyny deň edilip, düýrläp berk daňylýar. Soňra ony dikligine goýup, gapdalyndan gaýnan suw guýulýar. Gowy ezileninden soň iki taraplaýyn çekmäge başlaýarlar. 1,5-2 sagatlap çekilen keçe ýuwaşlyk bilen çözülip, gamyşyň üstünde basmaga taýýarlanylýar. Diwarjyklara sürtülip 5-6 sagat basylýar. Gyralary sürtülen keçe, onuň basymynyň ýetendigini aňladýar. Elleri işli zenanlarymyzyň irginsiz zähmeti bilen gül keşplerine meňzäp duran keçeler, türkmeniň agzybir ojaklarynyň törüni bezeýär.
Mundan başga-da keçäniň adam saglygyna peýdalydygy nerwi kesellerini köşeşdiriji, guragyry keseliniň hem dermanydyr. Keçe sap ýüňden, arassa ýüňden taýýarlananlygy üçin ol çyglylygy özünde saklaýar. Bu bolsa, adamyň saglygy üçin peýdalydyr.
Biziň medeniýetimiziň sungatymyzyň hak howandary Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, başy dik bolsun! Gadymdan gelýän keçe – haly sungatymyzyň bady egsilmesin.

Jahan Allaberdiýewa