«Änew medeniýetine» degişli bezeg nusgalary rejelenilýär
«Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyň hasabynda durýan Altyndepe, Namazga depe, Ýylgynly, Ulug depe, Gara depe ýaly döwlet ähmiýetli ýadygärliklerden «Änew medeniýetine» degişli döwürdeş artefaktlaryň ýüze çykýandygy Günorta Türkmenistanyň çäklerine şu gadymy medeniýetiň giňden ýaýrandygynyň we ösüşlere eýe bolandygyň subutnamasydyr.
Altyn depe ýadygärligi
Altyn depe ýadygärligi
Ýylgynly depe ýadygärligi
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli Müdirliginiň ýolbaşçylygynda Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde türkmen-fransuz arheologiýa ekspedisiýasynyň bazasynda 2004-nji ýylda ylmy rejeleýiş ussahanasy döredildi. Geçen ýigrimi ýylyň dowamynda ussahanada özüniň ikinji ömrüne gaýdyp gelen-rejelenen ýüzlerçe arheologiýa tapyndylary Türkmenistanyň Döwlet muzeýlerine tabşyryldy.
Ýylgynly depe ýadygärligi
Namazga depe ýadygärligi