Göz öňümde bahar...
Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýiş döwrüni başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Ol taryh gatlaryna tebigat gözelliklerinden ruhlanan raýatlaryň ýagşy amallary, eden sogap işleri, birek-birege bolan söýgüsi bahar bägülleri bilen ýazylýar. Baharyň gelmegi bilen giň ýazylyp ýatan sähralar, gür baglar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, üstünde keşde çekilen mysaly açylan güller gözleri gamaşdyrar.
Pasyllaryň soltany bahar pasly belent ruh hem tolkun atyp duran ylham bilen gadam basýar. Mylaýym howasy, gülleriň heniz şineden ýaňy pyntyk ýaryşy we owadan gülleýşi, gülleriniň mylaýym ysy bilen her bir jana tenekar. Şu ýerde Annamuhammet Kirşenowyň ýandepderçäme belläp goýan, bahary suratlandyrýan goşgy setirleri köňlüme doldy.
Baglara seýl edýär bahar,
Tenekar ýazyň howasy.
Bir ýerlerde mahal-mahal,
Gelip dur bagşyň owazy...
Ol owaz bagşynyň owazy däl, tebigatyň şatlygynyň, täzeden döreýiş döwrüniň ýakymly owazy. Bahar gelende daş-töwerek tebigatyň simfoniýasyna maýyl bolýar.
Bahar edil gelin mysaly. Özi bilen rysgal-döwleti, bagty, agzybirligi we şatlyk-şowhuny alyp gelýär. Gelin deýin dünýe ýagşy-niýet arzuwlary alyp gelýär, gülleýär, miwe berýär. Ýene--de bir meňzeşligi gelin gelende ähli ýerler tämizlenýär, öýler dürli bezegler bilen bezelýär. Bahar gelende ynsanlar daş-töwerekleri arassalaýarlar, bag nahallaryny oturdýarlar, ýerler sürülip, ekin ekýärler. Arassaçylygyň, päkizeligiň bar ýerinde bagt bar.
Baglarda guşlaryň mahmal owazy, hoşboý ysyny dünýä ýaýýan älemgoşar mysaly gülleriň üstüne kebelekleriňdir bal arylarynyň gonmagy, säheriň mymyk howasy bahar buşlukçylary. Bahar pasly kebeleklere meňzeş. Kebelegiň bir özünde barlygyň ýedi reňki janlanan. Baharyň älemgoşarynda hem hut şu reňkler jemlenen. Ol reňkler üýtgeşik sazlaşygy we täsirliligi bilen ynsanda ýaşaýşa bolan mukaddes söýgini döredýär. Bu söýgini joşduryp, öz yşkynda däli-diwana öwürýär. Kebelek ýagyş-ýagmyrlardan soň peýda bolýar. Bahar hem ýagyşdan soň öz görküni açýar. Her ýyl baharyň gelşi ýaly kebelegiň döremegi hem tebigatyň bir kanuny ahyry.
Baharda erikleriň, şetdalydyr almalaryň owadan reňbe-reň gülleri, ýaşyl maýsalaryň jana şypaly ysy bark urýar. Şol pursat bolsa ýüreklerimiz joşgundan, ylhamdan, hyjuwdan püre-pürlenýär. Baharda ýazlaga çykmak, hiňňildikde göwün solpuňy çykaryp uçmak, owlak-guzularyň arasynda şolar bilen deň bökjekleşýän körpejeleriň şat owazlaryny diňlemek, säher-sabada semeniniň ýüzündäki Äşe bilen Patmanyň el yzlaryny görüp arzuw etmek, läle kakmak, küşt depmek uly bagt. Bularyň ählisi bahar paslynyň ynsana bagyş edýän şatlyklary.
Şahyr aýtmyşlaýyn:
Baharda gamlanmak gerek däl bize,
Dostum, bahar nirde,
gam-gussa nirde!
Bahar täzelenişiň, arzuw-maksatlara ýetmegiň pasly. Arly gyşyň sowugyndan soň, gülüp bakan Gün nuruna diňe bir bedenimiz däl, eýsem, ýüregimiz hem joşýar. Hiç bir ynsanyň hereketsiz oturasy gelmeýär. Köňül tebigaty küýseýär. Säher dogan Güne salam berip gördüňizmi? Halkymyzda «säher salamy» diýen söz bar. Her gün älemi ýagtyldyp duran Güne seredip, Säher salamy ynsan bilen tebigaty has hem jebisleşdirýär. Tebigat ynsana ajaýyplyklary bagyş edýär. Täze pikirler, täzeçe meýilnamalar döwri, jemgyýeti ösdürmäge ruhlandyrýar.
Bahar pasly bize şeýle duýgulary eçilýär. Şonuň üçin hem bahar janlanyşyň, täzelenişiň pasly.
Gülälek GELDIÝEWA