Şahyr baradaky ýatlamalardan parçalar
Hakydada galan günler
Okuw-ýazuw öwrenip, ilkinji okan kitaplarymyň biri Kerim Gurbannepesowyň «Taýmaz baba» poemasy bolsa gerek.
Aýlansaň-da oba, oba
Taýmaz ýaly bälçik baba,
Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň
Bir otursaň gapdalynda
Aňsat-aňsat gopaýmarsyň
— diýen setirler bilen başlanýan eseri elimden goýman okap çykdym. Okap hem ony beýläk süýşürendir öýtmäň. Ýok, men ol kitaby elimden düşürmedim. Uzak wagt geçmänkä-de, ony tutuşlygyna diýen ýaly ýat tutdum. Onsoň ony synpdaşlaryma, deň-duşlaryma aýdyp berdim. Soňabaka uly adamlar hem maňa şol poemadan aýdyp bermegimi sorap başladylar. Şeýde-şeýde oglanlyk yzda galdy. Poema bolsa meniň hakydamda hemişelik ýer tutdy.
Talyplyk ýyllarymyzyň ahyrlap barýan döwürleri bize Aşgabadyň golaý-goltumyndaky obalarda ýerleşýän mekdeplerde okuw tejribeligini geçmegi tabşyrdylar. Meniň paýyma şol mahalky Garadamak obasyndaky 17-nji orta mekdep düşdi. Maňa 10-njy synpyň okuwçylaryny ynandylar. Ýaş oglan-gyzlar özlerinden sähel tapawutlanýan talyp mugallyma sowal baryny ýagdyryp başladylar. Men olara kem-käsräk, ýöne göwünlerinden turaýjak jogaplary berdim. Okuwçylar biraz köşeşen ýaly boldular welin, men geçilen sapagy soramadym-da, derrew täze temany habar berdim. Ol Kerim aganyň «Taýmaz baba» poemasyndan bir bölegi labyzly okamakdy. Men okuwçylara okuw kitabyndan yzarlamagy tabşyrdym-da, poemanyň şol bölegini ýatdan aýdyp başladym. Hiç kimden ses-seda çykanokdy. Okuwçylaryň bary ýapyrylyşyp, barmaklary bilen kitaby yzarlaýardylar, kämahal bir-birlerine seredip, bir zatlar ümleşýärdiler. Men kitapdaky bölegi durşuna ýatdan aýdyp berdim. Şondan soň şol synpyň okuwçylary edebiýat sapagyna has-da çynlakaý garap başladylar. Sowallaram, jogaplaram, şygyr, şahyr hakynda boldy. Ine, şeýdibem, ussat şahyryň poemasynyň durmuşda maňa bir topar ýaş ynsanyň düşünmegine sebäp boldy. Men bu pursady hiç haçan ýatdan çykaramok. Kerim şahyryň tutuş döredijiligini içgin öwrenip, häli-häzire çenli hem bir ýerde öz goşgyňy oka diýseler hem, ilki bilen, Kerim aganyň şygyrlaryny okaýaryn. Sebäbi Kerim aga meniň üçin iň uly halypa bolup galdy.
Dogan doganyň zary…
Talyplyk ýyllarymdy. Bir gezek ejemiň kyýamatlyk dogany Bibi daýzamlara bardym. Şonda onuň ýanýoldaşy Akmyrat aga meni üýtgeşik habar bilen garşylady.
— Oňat geldiň, häzir öýe Kerim Gurbannepes geljek, birsalym oturarys, hal-ahwal soraşarys. Sen hem goşgy ýazýaň, belki nepi deger.
Akmyrat aganyň habaryna begendim. Aradan uzak wagt geçmänkä-de Kerim aga geldi. Jüýjeli palawyň başynda köp zadyň başy agyrdyldy. Gürrüňiň agramly bölegem Tejen hakynda boldy. Şahyr Tejende ýaşan ýyllaryny höwes bilen ýatlady. Ol sözüniň bir ýerinde: «Eger şonda biz Tejene göçüp gitmedik bolsak, daşgyn garyndaşlygymyza galardyk. Indi bolsa biz ýakyn garyndaş» diýdi. Soňundanam: «Dogana, onda-da aýal dogana geljek taý zat ýokdur» diýip, sözüni jemledi. Seredip otursam, Kerim aganyň aýal dogany Pugta Akmyrat aganyň inileriniň biri Ilmyradyň maşgalasy eken. Şahyr öz gyzy Bahary hem aýal doganynyň ogluna beripdir. Öz ogluna hem şu maşgaladan gyz alypdyr. Şeýdibem bir mahalky garynja gatnawy örňäp, ýakyn garyndaşlyga öwrülipdir.
Şahyryň durmuş hakyndaky gyzykly gürrüňlerini soňam Akmyrat agalarda, Ilmyratlaryň öz öýünde-de iki-üç gezek höwes bilen diňledim. Aýratyn bilesim gelýän zatlarym bolsa köpdi. Soramaga, ulularyň gürrüňini bölmäge ejap etdim. Şeýlelikde, bir topar zat ýitirdim hasap edip ýördüm.
Ýöne şol ýitiren zatlarymy şahyryň eserlerinden tapandygyma bolsa begenýärin.
Ene keramatdyr
Şahyryň döredijiliginde zenanlaryň keşbi aýratyn orun tutýar. Şahyryň eserlerindäki Asman eje, Ogulla, Garagyz, Gülnäz, Bossan eje, Amanbike, Ogulbike, Halbike ýaly giden bir toýy bir özi bezäp ýören, bir seretseň gülüp bakan, bir seretseň gamly gelinler, garaz, ýazmasy agyr düşen goşgudaky ak guş ýaly enä çenli şygyrlarda wasp edilýän zenanlar keramat derejesine göterilendir. Bu şahyr üçin durmuşda-da şeýledi. Ol zenanlara — enelere aýratyn sarpa goýardy. Bu şahyryň täleýine ýazylan belent adamkärçilikden nyşandy.
Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başy bolsa gerek. Men şol mahalky Tejen raýkomynyň ideologiýa bölüminde işleýärdim. Bir gezek gün öýleden agyberende bir ýerden Kerim Gurbannepesow peýda boldy. Ol özüniň gyssagly gadymy Maşatköw obasyna (häzirki Bazar Amanow adyndaky oba) baryp gaýtmaly bolandygyny ýaňzytdy. Haýal etmän ýola düşdük. Şahyr şäherdäki daýhan bazarynyň deňinde maşyny saklamagy haýyş etdi. Aýdylany etdim. Ol maşyndan düşüp, bazara girip gitdi. Aradan kän salym geçmänkä-de eli kişmişdir sary erikli dolanyp geldi.
— Şol obada meniň bir garry enem bar. Wagtal-wagtal şony görüp gitmesem bolanok.
Men şahyry diýen ýerine eltdim. Baran gapymyzdan ýaşy togsana golaýlan nurana ýüzli bir garry ene çykdy. Ol Kerim şahyry mähirli garşylady:
— Jan oglum geläýdiňmi?
— Geldim ene. «Bir gün duza müň gün salam» diýipdirler welin, müň gün duza salam berjek bolsaň hasabyň ýitjek — diýip, şahyr güldi. Soňundanam:
— Saňa bergimiz gutarar ýaly däldir, ene! Al, ujundan şujagazy bir — diýip, hälki bazardan alan sowgadyny uzatdy.
Daşarda üzüm dalbarynyň aşagyndaky sekä gülli keçe ýazylyp, gök çaý getirildi.
Oba ýaşululary ýygnandy. Gysga wagtlygam bolsa duşuşyk juda ýakymly boldy. Şol garry enäniň kimdigini şahyrdan soramagyň alajyny tapmadym. Sebäbi şahyryň ol enä bolan hormaty sowala ýer goýmady. Emma şahyryň enä bolan hormaty şu goşgymyň döremegine sebäp boldy.
Şahyryň ýüregi üýtgeşik ýürek,
Onuň has üýtgeşik urmasy bardyr.
Käte-käte goýun gözlerine derek
Has ajap zatlary görmesi bardyr.
Ýagşyny alkyşdan gandyryp bilýän,
Ýamany ýürekden tändirip bilýän.
Il-güni derdinden dyndyryp bilýän,
Halyňy ýürekden sormasy bardyr.
Söýgüsi hilesiz, ynanjy şeksiz,
Miwesi asally, şänigi paksyz.
Gülküsi aňyrdan, öýkesi köksüz,
Sözlerine edep garmasy bardyr.
Bir elinde goşgy, birinde çemen,
Kalby bu sähranyň ak süýdün emen,
Dil ýetirjek bolup synansa ýaman,
Golda galam otly düýrmesi bardyr.
Beýikligni aňlamaýan beýikdir,
Yhlas bilen bir kämilde eýikdir.
Bütin nesle howandardyr, seýikdir,
Öýlere ot bilen girmesi bardyr.
Sen beýik ussadym, eý, nazarkerde,
Adyň ýüreklerde, dur ornuň törde,
Hiç haçan ölme ýok il söýen merde,
Asyrlardan aşyp ýörmesi bardyr.
Garşylady agras Tejen...
Hemişe Kerim şahyra okyjylary bilen bolýan duşuşyklarynda:
— Kerim aga siz nireli, bir gezek size gökdepeli, bir gezegem tejenli diýýärler welin — diýip sowal berdiler. Şonda şahyr owadan ýylgyryp:
— «Şol-a... pylan ýerden däl» diýmeseler bolýar — diýdi.
Hakykatda Kerim aga Gökdepede doglan. Ýöne onuň ýaşlygy Tejen etrabynda geçen. Çepek geýip ýola çykan şahyr ilki-ilkiler:
Garşylady agras Tejen,
Bugdaýlary goňras Tejen –
— diýip, ýazan bolsa, soň-soňlar ýaşlyk ýyllaryny ýatlap:
Gaňňalyň oýunda Tejende galdy,
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Ok geçmez ýylgynlaň içinde galdy,
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
— diýip, ýazypdy.
Gaňňaly Tejen şäherinden 50 kilometr çemesi günortada ýerleşýän gadymy oba. Geçen asyryň ortalarynda bu ýerde uly suw howdany gurlupdy. Gurluşygy birnäçe ýyla çeken bu desgada işlemek üçin Türkmenistanyň çar künjeginden adamlar gelipdi. Ol ýerde «Tejen gurluşykçysy» atly gazet çykarylyp başlapdy. Goşun gullugyndan gelen Kerim Gurbannepesow şol gazetiň redaksiýasynda işläp başlapdy. Tejende çykýan «Zarpçy» etrap gazetiniň žurnalistleriniň goldawy bilen neşir edilýän kiçi göwrümli gazet elden ele geçýärdi. Onda Kerim şahyryň ýazan goşgulary, zarisowkalary yzygiderli çap edilýärdi. Aman Garahanow, Hummur Aşyrow ýaly ýerli žurnalistler ýaş şahyryň işdeş ýoldaşlary hem halypalary bolup galypdylar. Olaryň dostlugy ömürleriniň ahyryna çenli dowam edipdi.
Köne dostlar duşuşanda
Arada Tejene baranymda köp ýyllap etrabyň «Agalaň» daýhan birleşigine ýolbaşçylyk eden, tejribeli pagtaçy, häzir hormatly dynç alyşdaky Aşyr Çaryýewe gabat geldim. Şonda ol maňa şeýle gürrüň berdi:
— Kerim şahyr biziň obamyza köp gelerdi. Köplenç, Hummur kakamlarda (Aşyr onuň kakasynyň at dakylany) üzüm teläriniň aşagynda çaý süzüp, gyzykly gürrüňler berip oturan pursatlaryna gabat gelerdim. Ýaş hem bolsak, ýaňy meşhurlyk gazanyp başlan şahyryň gürrüňleri bizi özüne çekerdi. Onsoň «Kerim şahyr gelipdir» diýseler, bar işi birýana goýup, ony diňlärdik.
Bir gezek «Taýmaz baba» poemasynyň özbaşdak kitap görnüşinde çap edileniniň yzysüre bolsa gerek, Kerim şahyr Hummur kakamlara gelipdir. Olaryň işigi toý märekesini ýadyňa salýardy. Şahyryň bir gapdalynda Hummur kakam, beýleki tarapynda bolsa kakam onuň bilen dyzlaşyp otyrdylar. Gülüşýärdiler, degişýärdiler. Kimiň aýdany ýadyma düşenok. Ýöne oturanlaryň biri:
— Kerim jan, bi «Taýmaz babada» dostlaryňy hem ýazypsyň welin, bulara geňeşdiňmi? Hummura «kazy» diýipsiň, Çara «çepbe» diýipsiň, garaz, ikisini-de kitaba salaýypsyň — diýip, şahyra ýüzlendi. Şonda şahyr:
— Hummur bilen Çary taryha gaty ýeňil girdiler. Şonuň üçin-dä, bularyň meni goltuklap oturanlary — diýip, çyny bilen güldi. Edil şol mahalam Hummur kakamyň aýaly Sonajemal gelnejem eli goşa çäýnekli geldi. Kerim şahyr degişmesini dowam etdi:
— Gelneje, bularyň (Hummur bilen Çarynyň) atlaryny kitaba salyp, meni goýupdyr diýip kemsinme. Men seniň şeýle çagaçyldygyňy gowy bilýän. Şonuň üçin hem Aşgabada bardygym seniň adyňy tutup bir goşgy ýazaryn. Ony çagalar aýdym edip aýdarlar — diýdi. Perzentsizlik dagyny çekip ýören gelnejem:
— Şeýdeweri, Kerim jan, taňryýalkasyn — diýip, hoşamaýlyk bildirdi. Kerim şahyr aýdyşy ýaly hem etdi. Ine, şu goşgy ilki gazetde çap edildi, soňra bolsa, saza goşulyp, radioda çagalar tarapyndan ýerine ýetirildi.
Ynha, Sonajemalyň
Surat çekýän depderi.
Depderine çekipdir,
Ullakan ak kepderi.
Ganatlarny parladyp,
Asmandan uçup barýar.
Ak pagtaly meýdanyň
Üstünden geçip barýar.
Gürrüňdeşim Aşyr Çaryýew bu goşgyny ýatdan aýtdy.
Hawa, halk şahyry hemişe-de halk bilen ýaşaýar. Onuň döredijiliginiň gadyr-gymmaty-da şonda.
Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy
Ykbal bir öwrümde meni hem gadymy Gaňňalyda işlemek bagtyna eýe etdi. Gaňňaly özgeripdir, ösüpdir. Onda ýaş nesiller kemala gelipdir. Şeýle-de bolsa, bu ýerde Kerim agany gören, ýakyndan tanaýan adamlar bar eken. Belli ekerançy Durdy Nepesow, baýry mugallymlar Daýhan Ternäýew, Güzen Şalarow, Gurtgeldi Ýazmämmedow dagy maňa Gaňňalyň taryhy hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Birmahallar gapdaly äpet suw howdanly, bir gapdalyndan Tejen derýasy akyp ýatan bu toprakda Kerim aganyň synlan äpet toraňňylary, derýanyň üstünden gurlan köpri, ýylgyn—çagşyl tokaýlygy, Mäne-Çäçä tarap uzap gidýän Durnaly düzlügi göreni haýrana goýýar. Kerim şahyryň gözi bilen gören, joşgunly setirlerine sygdyran bu täsinliklerini görüp, synlap heý-de joşman boljakmy. Ine, şol täsirlerden soň dörän setirler:
Durşuna taryhdyr, durşuna şygyr,
Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy.
Bir durky, her niçik bolsa-da döwür,
Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy.
Keramatmy gujak-gujak çagşyly,
Toraňňysy tebigatyň nagşymy,
Käte şahyr, käte-käte bagşymy,
Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy?
Aklyň haýran ok geçmejek ýylgyna,
Boýy syrdam ýapraklary gülgüne,
Dogduk depe towşanlara, sülgüne
Gaňňalyň tokaýy, Gaňňalyň oýy.
Men şu ýatlama ýazgylarymy häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili, uly söz ussady Berdi Kerbabaýewiň mundan 60 ýyl gowrak ozal Kerim şahyra beren bahasy bilen tamamlamagy makul bildim:
«Men Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine aýratyn baha berýärin. Ol goşgy düzmäge ökde. Çeperçilikde Kerimiň göreldesine eýeren ýaş şahyr edebiýat meýdanynda giň ädim ätse gerek. Kerimiň «Taýmaz baba» poemasynyň nähili öwüleni hiç kime gizlin däl. Çeperçiligi barada men hem şol öwgä goşulýaryn. Onuň şygry özünden özi akýar, okanyňda göwnüň göterilýär, dili-de sada».
Nowruz Gurbanmyradow